“gözleriñi satyp gal!”(kinaýa) geldi şeýle zamana, ýurt ýykylýar – ýykyp gal! umyt goýma amana, omzuñ bilen kakyp gal! mesirgeşip, bökýän kän, senem göge böküp gal! dul gapysyn kakýan kän, kem galaýma – kakyp gal! köpeldi ili çapýan, öz iliñi çapyp gal! namart elini öpýan, senem egil, öpüp gal! boz garybyñ mydaryn, göz ýaşyny döküp gal. eşitseñ ýetim zaryn, gulagyndan çekip gal! dürli nysak tapylýar, senem bir zat tapyp gal. kim ýykylsa, depilýär, rehim etme, depip gal! hiläñ bolmasyn hakda, ýagşy görseñ, çakyp gal! bäsleş ýaranjañlykda, senem orta çykyp gal! geçmişiñi ýumur sen, geljege daş atyp gal! soñra abat il görseñ, gözleriñi satyp gal!
Ak welsapar
-
tusse
14 years ago
- şu günki durmuşda bolyan zatlary goşga geçiripdir. manysy düypli. tazeden oka düşünersin.
-
Laplandiya
14 years ago
geldi şeýle zamana,
ýurt ýykylýar – ýykyp gal
yurdy yykmalymy
namart elini öpýan,
senem egil, öpüp gal
namartlamalymy..
-
tusse
14 years ago
- yoook hoow. barde düşündirjek bolyan zady şeyle adamlaryn bardygyny aytjak bolyar.
namart diyip onjuk musayewi görkezyar.
hiçisinem etmeli daldigini aytjak bolyar. yöne şony edyan adamlaryn utançsyzdygyny görkezyar.
hiläñ bolmasyn hakda,
ýagşy görseñ, çakyp gal!
boz garybyñ mydaryn,
göz ýaşyny döküp gal.
eşitseñ ýetim zaryn,
gulagyndan çekip gal!
-
Laplandiya
14 years ago
- aha dushnukli..kimin goshgusay bu..
-
tusse
14 years ago
- (onjuk musayew we beýleki ýaranjañlara bagyşlanýar)
adama meñzeýäñ,
geýinýäñ eşik.
emma señ ynsabyñ
eleme-deşik!
häkimi öwýärsiñ,
bileñok çakyn.
mugt däl.
iýmek üçin
il-günüñ hakyn.
sende ar-namys ýok,
guwanýañ ada.
janyñ hökümdara
berdiñ öñ wada.
ezraýyl gapyda
tüýdük çalanda,
onjuk, sen nirdediñ
ajal gelende?!
serdar öldi, a sen
ýaşap irmediñ!
nämüçin oñ bilen
gabra girmediñ?
haçana çen beýdip,
ölüm toýlajak?
sen ýene näçeräk
serdar jaýlajak?..
mende bir teklip bar,
il-halk oñlasa,
ýaşuly, ýaşkiçi
sözüm diñlese…
onjugyñ haky ýok
beýdip ýörmäge –
serdaryndan galyp,
döwran sürmäge!
goý, indi ol bu gün
özünden görsün:
hindi zenany dek
sözünde dursun.
hindide är ölse,
serdar mysaly:
bir nöker ýakylýar,
birem – aýaly…
ýöne biz rehimli,
däbe bendi däl:
onjugam hindi däl,
bizem hindi däl!
onjuk musaýeve
”sagbol” aýdalyñ.
biz ony gypjakda
gömüp gaýdalyñ!
-
tusse
14 years ago
- Ak Welsaparyn goşgulary.
-
tusse
14 years ago
- onjuk musayew önki prizidentin elini öpyan sahnasy.
-
Laplandiya
14 years ago
- ayow bir hili gargayan yalylay,
-
tusse
14 years ago
- onjuk barada anekdot:
bir gun saparmyra niyazow we gapdalyndaky adamlar prezident koshgunden chykyp gelyarler. niyazowyng gapdalyndan onjuk musayew baryan eken, niyazow bir az yza galypjyk, onjuk musayewing syrtyna depip goyberipdir prikol uchin, onjuk kellesini hayaljakdan owurip:
-"bagyshlang meni hormatly beyik gahryman sapar atayewich, duydansyzlykda mening syrtym sizing ayagyngyza degipdir, bagyshlang sapar atayewich"- diyipdir...
-
tusse
14 years ago
- onjuk musa önki prizidente yaranjak bolup diymedigini goymadyk, etmedigini etmedik adam. hakyky yaranjan adam.
Prizidente bir gezek ''sen ölme eziz atamyz, sizin yerinize men öleyin''diyen adam.
yokardaky 2-nji goyan goşgym onjuk musa üçin yazylan goşgy. ak welsapar onjugyn eden işleri üçin onjuga yazypdyr.
-
Laplandiya
14 years ago
- hahahahaha tusse tapyanay senem bir zatlar..onjyky tutdylar damay,mena sheylerak eshitdim,hazir dine myrat garry bar
-
tusse
14 years ago
- tazeki prizident onjugy halanok. dogrusy ony kim halar öydyanay. hemmekişi yigrenyar. şon üçin ony wezipesinden boşadanlaryny bilyan. yöne tutdularmy tutmadylarmy onçasyny bilemok.
-
Laplandiya
14 years ago
- hawa,kursidena yykypdyrlar ony,myrat garryny nira saklayalarkanay
-
tusse
14 years ago
- öwreniji şu temany tutuşlygyna oka. son kellane name pikir gelyar?
-
123456789
14 years ago
- Onjuk Musaýew Baýramalyda.
-
Bahbit
13 years ago
- (onjuk musayew we beýleki
ýaranjañlara bagyşlanýar)
adama meñzeýäñ,
geýinýäñ eşik.
emma señ ynsabyñ
eleme-deşik!
häkimi öwýärsiñ,
bileñok çakyn.
mugt däl.
iýmek üçin
il-günüñ hakyn.
sende ar-namys ýok,
guwanýañ ada.
janyñ hökümdara
berdiñ öñ wada.
ezraýyl gapyda
tüýdük çalanda,
onjuk, sen nirdediñ
ajal gelende?!
serdar öldi, a sen
ýaşap irmediñ!
nämüçin oñ bilen
gabra girmediñ?
haçana çen beýdip,
ölüm toýlajak?
sen ýene näçeräk
serdar jaýlajak?..
mende bir teklip bar,
il-halk oñlasa,
ýaşuly, ýaşkiçi
sözüm diñlese…
onjugyñ haky ýok
beýdip ýörmäge –
serdaryndan galyp,
döwran sürmäge!
goý, indi ol bu gün
özünden görsün:
hindi zenany dek
sözünde dursun.
hindide är ölse,
serdar mysaly:
bir nöker ýakylýar,
birem – aýaly…
ýöne biz rehimli,
däbe bendi däl:
onjugam hindi däl,
bizem hindi däl!
onjuk musaýeve
”sagbol” aýdalyñ.
biz ony gypjakda
gömüp gaýdalyñ!
.geldi şeýle zamana,
ýurt ýykylýar – ýykyp gal!
umyt goýma amana,
omzuñ bilen kakyp gal!
mesirgeşip, bökýän kän,
senem göge böküp gal!
dul gapysyn kakýan kän,
kem galaýma – kakyp gal!
köpeldi ili çapýan,
öz iliñi çapyp gal!
namart elini öpýan,
senem egil, öpüp gal!
boz garybyñ mydaryn,
göz ýaşyny döküp gal.
eşitseñ ýetim zaryn,
gulagyndan çekip gal!
dürli nysak tapylýar,
senem bir zat tapyp gal.
kim ýykylsa, depilýär,
rehim etme, depip gal!
hiläñ bolmasyn hakda,
ýagşy görseñ, çakyp gal!
bäsleş ýaranjañlykda,
senem orta çykyp gal!
geçmişiñi ýumur sen,
geljege daş atyp gal!
soñra abat il görseñ,
gözleriñi satyp gal!
Laplandiya 14 years ago- bah tusse dushunmejek boldumlay,belki biraz manysy bn tanyshdyrarsyn