KOKSIDILER
Wekilleri togalak,
ýarym aýlaw şekilli, jynssyz we jynsly köpelýärler. Köpelişiň bu iki
ýoly gezekleşip durýar. Jynssyz bölünmek bilen bolýan köpeliş iki hili bolýar. Birinjisinde osob diňe ikä bölünýär, oňa şizogoniýa diýilýär.
Koksidiýeler eýeleriniň içegeleriniň, bagrynyň, böwrekleriniň we beýleki içki organlarynyň öýjüklerinde ýaşaýarlar. Koksidileriň Eimeri urugynyň wekilleri aşakdaky ýaly köpelýär.
Mugthor eýesiniň-kroligiň bedenine oosista halda düşýär. Oosistadan sporozoit çykýar, içegäniň öýjügine girýär, şu ýerde iýmitlenýär, ösýär we köpelýär. Sporozoidiň köpelişi jynssyzdyr. Şizogoniýa köpeliş boýunça ýadro köp gezek bölünýär., sitoplazma köpelýär we göwrümi boýunça ulalýar. Netijede bir öýjükli mugthor organizm (oňa şizont hem diýilýär) köp ýadroly organizma ösüp geçýär. Şizontyň
bedenindäki köp sanly sitoplazma bilen gabalyp alnan şizontlar umumy öýjük örtüginden çykýarlar hem olaryň her biri özbaşdak organizm bolýar. Bu şizontlara eneden bolanlaryndan soňra merozoitler diýilýär. Indi merozoitler içegeleriň öýjükleriniň içinden çykyp, içegeleriň içindäki boşluklara geçýärler. Şu ýerden bolsa olaryň her biri beýleki organlaryň öýjüklerine girýärler hem-de merozoitler şizontlara öwrülýärler. Bu şizontlar şizogoniýa usuly bilen, ýagny jynssyz köp
gezek bölünýärler we köpelýärler. Netijede mugthor şu eýesiniň bedeninde köp gezek köpelýär. Jynssyz emele gelýän nesilleriň sany 4-5-e ýetýär. Soňra emele gelen täze nesiller jynsly köpelip başlaýarlar. Jynsly köpelişde öýjüklere giren merozoitler gamontlary berýärler. Gamontlardan bolsa gametalar emele gelýärler. Gamontlar makro we mikro gamontlara bölünýärler. Makrogamontlar ösýärler,
ulalýarlar, bölünmeýärler. Bular ýumurtgaly urkaçy jynslar hasaplanýarlar. Mikrogamontlar hem ösýärler, ýöne olaryň her biriniň
ýadrosy bölünip başlaýar. Bulara mikrogamontlar, erkek jynslar diýmek
bolar. Bu erkek jynslaryň her bir spermatozoidiniň iki sany žgutigi
bolýar. Olar žgutikleriň kömegi bilen hereket edýärler we
makrogamontlar bilen duşuşýarlar. Netijede mikrogametalar bilen makrogametalar jübütleşýärler we makrogametalar tohumlanýarlar. Tohumlanan ýumutrga ösýär, zigota öwrülýär. Zigota örtügiň içinde
oosista öwrülýär. Oosistler eýäniň bedeninden onuň ekskrementleri bilen daşky sreda çykarylýarlar. Oosisalaryň indiki ösüş stadiýasy, sporogoniýa prosesi eýäniň bedeninde bolman, daşky sredada bolýar.
Organizmiň ýadrosy (ol ýekejedir) iki gezek bölünip, dört sany ýadrony emele getirýär. Her bir ýadronyň töweregine sitoplazma toplanýar we
olar özbaşdaklanyp başlaýarlar. Umumy örtük we dört sany sporoblastlar (sporolar, sporosistalar) daşa çykýarlar. Her bir
sporosistanyň ýadrosy ikä bölünýär, iki sany sporozoitler emele gelýär.
Bu biröýjükli organizm-sporozoit ýokançly hala öwrülýär. Ol oňurgasyzlara we oňurgalylara geçip mugthorlyk edýär.
Koksidileriň Toxoplasma gondi diýen wekili guşlaryň we
süýdemdirijileriň mugthory. Ol seýrek-de bolsa adamlarda hem duş gelýär. Mugthor eýeleriniň-pişigiň we pişikler maşgalasyna degişli haýwanlaryň bedeninde jynsly ýol bilen köpelýär. Onuň jynssyz köpelişi bolsa aralyk eýelerinde-guşlarda we dürli süýdemdirijilerde
bolýar. Toksoplazma gondiniň döredýän keseline toksoplazmoz diýilýär. Toksoplazma iki ýol bilen ýaýraýar. Birinjiden toksoplazmaly
eneden çaga geçýär, muňa doga-bitdi toksoplazma diýilýär. Ikinjiden toksoplazmaly haýwan “arassa” haýwan tarapyndan iýlende ol ikinjä geçýär, bu alnan toksoplazma adyny alan.
Adama toksoplazma pişigiň üsti bilen geçýär. Keselli adamyň limfatiki we nerw sistemalarynyň işleri bozulýar, görüjiligi peselýär, ol gyzdyrýar, ysgyndan gaçýar.
Koksidileriň başga bir görnüşi Sarcocystis cruzi iri şahly mallaryň, goýunlaryň, doňuzlaryň hem-de ýabany haýwanlaryň
myşsasynda mugthorlyk edýär. Sarkosporodiýanyň eýesi it, aralyk eýesi
bolsa goýun, sygyr, doňuz. Muguthoryň jynsly köpelişi itiň bedeninde bolýar, jynssyz köpelişi, ýagny endodiogeniýa ýoly bilen köpelişi bolsa
aralyk eýesiniň bedeninde bolýar.
Sarkosporidiýalaryň döredýän kesellerine sarkodosporidozlar
diýilýär. Muguthor örän köp sanly bolanynda hem-de ýürek myşsalarynda muguthorlyk edende eýesini heläk edýär.
Gurbanmuhammet KAKALYÝEW
Koksidiler
-
Paris
3 years ago
- Parazitlere gyzygyp baslapsynmy
-
Jeksparro
3 years ago
- :-) 😊
Hercai 3 years ago- |-_-|