AÝUW

Aýuw hakyndaky kä gorkunç, kä diýseň gülkünç gürrüňleriň döremegine sebäp bolýanlar esasan “Köwli” obasynyň adamlarydy. “Arada Köwli oba Aýuw gelipdir”, “Hol gün Köwli obadan birini Aýuw alyp gitjek bolupdyr”, “Köwli obadan pylany Mergene awdaka Aýuw duşupdyr” diýen ýaly gürrüňleriň arasy kesilenokdy. Esasanam şol obadan ir döwür Aýuw tarapyndan alnyp gidilen adamlar hakdaky gürrüňler ýörgünlidi. Aýdyjylar hatda şol adamlaryň kim-kimleriň ata-babalarydygyna çenli, wakanyň haçanlar bolup geçendigine çenli jikme-jik gürrüň berýärdiler. Özem Aýuw diýlen zat adamzat bilen çörňeşmese biri-birinden önüp-ösmeýärmişin. Şonuň üçinem olaryň erkegi gyz-gelini, urkaçysy bolsa erkek adamy alyp gidýärmişin.
Mysal üçin bir gezek Köwli obadan Mamuna hala diýen bir aýaly erkek Aýuw alyp gidipdir-de, özüne aýal edinipdir. Ýaşaşyp ugransoňam: “Egerde ogul dogrup berseň öýüňize goýberjek, bolmasada ömürboýy saklajak”, diýipdir. Mamuna hala-da nätsin, allany çagyrypdyr-da, aýynyň-gününiň dolaryna garaşyberipdir. Wagty ýetip çaga dogrupdyram welin, görse gyz diýýä. “Wah, gara bagtym!” diýip, Mamuna hala aýasy bilen maňlaýyna ýelmäpdir. Hern-ä şol wagt Aýuw gowakda ýok ekeni. Il-güne gowuşmak, maşgalasynyň arasyna barmak höwesi Mamuna halany hilegärlige ýüz urmaga mejbur edipdir. Ol: “Aý bu bir sada işigaýdandyr, bilibem durasy ýok-la” diýipdir-de mumyýadan erkek oglanyň jüllügini ýasap gyzyň uýat ýerjagazyna goýupdyr. Eteginden sähelçe ýyrtyp alypdyr-da, biliner-bilinmez daňypdyr. Aýuw gelendenem: “Gözüň aýdyň, ogluň boldy, indi meni öýümize goýberäýseňem bor”, diýipdir. Aýuw diýseň begenipdir. Sözünde durjakdygynam aýdypdyr. Soňundanam: ýöne çaga birneme özüni tutýança gowuja seret, emdir, onsoň gidiber, diýipdir. Mamuna hala-da içinden: “Häý, görýän welin sen gaty bir sada-da däl ýaly-la” diýipdir. Ýöne, onuň aýdanlary bilen ylalaşmaly bolupdyr. Gyzdygyny bildirmejek bolup telim wagtlap çagany Aýuwyň elinede bermändir. Ahyram çaga ony-muny garbanmaga, emedeklemäge ýaransoň, Aýuw Mamuna hala hakykatdanam rugsat beripdir. Aýuw syrymy biler-de yzymdan kowalar diýen gorky bilen Mamuna hala dynman ýol ýöräpdir. Ölümiň öýünde özüni oba atypdyr. Edil göwnüne getirişi ýaly, baran gijesi eýýäm obanyň çetinden Aýuwyň sesi eşidilip ugrapdyr. “Aýu-u-uw-w, Mamuna hal-u-uw-w, oglanyň jüllügi han-u-uw!” Mamuna hala bolsa oba gelşi ýaly erbet syrkawlapdyr-da, o wagt eýýäm ýanar oduň içinde samrap ýatan ekeni. Aýuwam bir gün gygyrypdyr, iki gün gygyrypdyr, ahyram özünden-özi bizar bolup gidipdir. Ol ýuwaşragy ekeni. Umuman olaryň erkegi ýuwaşrak, urkaçysy şermenderäk bolýarmyşyn.
Ana, şolar ýaly şermende urkaçy Aýuwlar hakdaky gürrüňlerem Köwli obasynda azlyk edenok. Şol gürrüňleriň biri awçy Ýoldaş Hemra bilen baglanyşykly.
Günlerde bir gün Ýoldaş Hemra awdan gelýärkä öňünden urkaçy Aýuw çykypdyr-da, sen-men ýok, ony gowagyna tarap alyp gidiberipdir. Ýoldaş Hemrada oňa aňsat el bererli-hä däl ekeni welin, arman, awda-da bars bilen urşan ekeni-de, bir eli ýaradar ekeni. Üstesine-de ýadaw, näçe günüň ukysyzlygy. Garasaý bolmandyr-da! Ine, onsoň Aýuw Ýoldaş Hemrany gowagyna eltip: “Sen maňa är bol, ýogsam duran ýeriňde öldürin” diýipdir. Bir ýyl geçip-geçmänkä-de ogullary bolupdyr. Şondan soň Aýuwyň ýüregi ýumşapdyrmy ýa Ýoldaş Hemranyň iňirdisine çydamandyrmy, garaz, ony öýüne görme-görşe iberipdir. “Ýöne gelgin, gelmeseň barybir ýene-de baryp alyp gaýdaryn” diýip öwran-öwran sargapdyr. Ýoldaş Hemra-da öýüne baransoň obanyň batyrlaryny ýygnapdyr-da: “Gowusy özüňiz öldüriň, ýöne, meni indi bir şoň eline berip goýbermäň” diýipdir. Özem ömründe etmedigini edip aglapdyr. Batyrlaram: “Bolşuň nähili Ýoldaş, hiý bizem bir seni Aýuwyň eline berip goýbärismi, öňem ät galdyk” diýşip öňe-öňe omzaşypdyrlar.
Ýoldaş Hemra barar wagty barmansoň, Aýuw hakykatdanam dagdan inipdir. Tüm garaňky gijeleriň birinde obanyň çetine gelipdir-de: “Aýuw-u-uw, Ýoldaş-u-uw, ýör-u-u-uw” diýip tä daňdana çenli gygyrypdyr. Obanyň batyrlary, işekçer jahyllary ujuna ýanyp duran ýagly letdeler daňylgy taýaklaryny gollarynda galgadyşyp çar tarapa her näçe ylgaşsalaram Aýuwy ele salyp bilmändirler. Ele salmak däl, asly garasynam görübilmändirler. Jeňňeliň ep-esli ýerini otlabam görüpdirler. Sesiň çykýan ýerine bäş-üç mergen bolup bilelikde atypdyrlaram. Bolanok diýýä. Ind-ä agzy gum garbandyr şuň diýip diňşirgenýäň welin, sesi oslamadyk tarapyňdan çykaýýar diýýä. Soň bir gije gaýtam Aýuw çagasynam alyp geläýipdir. Özem indi: “Aýu-u-u-uw, Ýoldaş-u-u-uw, amanadyňy al-u-u-uw” diýip gygyrýarmyşyn. Çaga-da sesiniň ýetdiginden aglaýarmyşyn. Telim günläp Köwli oba ýatuw bolmandyr. Ahyram bolmajagyny bilensoň, Aýuw Ýoldaş Hemranyň bosagasynda peýda bolupdyr-da: “Haý, Ýoldaş, oňarmadyň, ýüregimde dag goýduň, ýöne saňa gerek-gä bolsa maňa-da gerek-gä, me, paýyňy al ýarysy saňa, ýarysy maňa” diýipdir-de, her eli bilen bir satanyndan tutup, bir çekende çaganyň çatyny aýrypdyr. Dikligine deň ikä bölüpdir. Ýarysyny Ýoldaş Hemranyň gapysyna taşlapdyr, ýarysynam egnine atypdyr-da, dabanlarynyň düňküldisi bilen dünýäni sarsdyryp ötägidipdir. Şondan soň obada onuň sesi eşidilmändir. O hakda: “Bagyr awusyna döz gelibilmän sowuk ýerde syryljyrap ölendir”, “Ýoldaş Hemra gahar edip özüni gaýadan oklandyr” diýen ýaly gürrüňler ýaýrapdyr. “Aýuwyň ähli tohmy tükenen bolaýmasa, diýip çaklanlaram, “Aý bardyr-la, wagty bolanda bir ýerden gara berer-le” diýenlerem bolupdyr. Agyzlyrak heleýleriň arasynda: oýunmy-çyn bilen: “Ýoldaş Hemradan soň obada erkek göbekliniň gutaranyny bilendir olar, şoň üçin gelýän däldirler” diýenlerem tapylypdyr. O sözi obanyň batyrlary ýokuş görüpdirler. “Onda erkegi geläýmeli ekeni-dä diýşip dişlerini gyjaşypdyrlar. Aýuwa sataşmak üçin daga, düze, jeňňele ýörite ýatymlyk gidipdirler. Çünki, Aýuw adamyň ýanyna ýeke bir höwür gözläp däl, jeň gözläbem gelläýýärmişin. Özüniňem gözlegi mergen, awçy, pälwan, batyr adamlarmyşyn. Çölde-gyrda şolar ýalynyň birine duşsa dagy: “Bir güýç synanyşaly-la, halys bagrym gijäp alyp barýa” diýip, tä oba girýänçä gapdalyndan galanokmyşyn. Ýöne, olaryňam gorkagraklary bolýarmyşyn. Şolar ýalysy duşsa welin ýanyňa gelibilmän şo-ol, sesýetim ýerden: “Aýuw-u-uw, pylany-u-uw...” diýip daň atýança adyny tutup ýürege-bagra düşýärmişin. Asyl olara Aýuw adam şondan galanmyşyn.
Howwa, Köwli obanyň Aýuw hakdaky gürrüňlerini sanap tükederden kän, ýöne gözüm bilen gördüm diýýän welin ýok. Onuň näsypatdadygynam takyk aýdybilýän ýok.
Ýogsa-da, Aýuwly gürrüň nämüçin ala-böle Köwli obadan çykýarka?
Bu düşnükli zat. Köwli oba köwüň gyrasynda ýerleşýär. Köwüň içi bolsa oý. Oýuň içi ýylgynlyk, gamyşlyk. Aňryk geçiberseň gür-gümme toraňňylyk. Jeňňel. Ondan aňyrsy derýa. Derýanyň boýuny syryp jeňňeliň içi bilen ýokarlygyna ýöräberseňem göni daga barýaň. Dagam näme, Aýuwyň mekany. Ýeri, onsoň şol Aýuw diýýän belalary aňrujy bar bolsa, özem hökman wagt-wagt adamlaryň arasyna gelip-gitmeli bolsa, onda onuň üçin şondan amatly oba bolup bilermi? Bolup bilmez! Şondan başga oba Aýuw gelipdir diýseň asyl hiç kim ynanmazam. Haku- nähak Aýuwly gürrüňleriň hut, Köwli obadan çykmagam, ana, şol zatlar bilen bagly bolmaly.
Aýuw hakdaky gürrüňleri Köwlilileriň içinde iň köp bilýänem, iň köp aýdýanam Elmaýyş ene. Segsene ser urandygyna, ýaşlykda ýetim galan agtyklary Atamgyzydyr, Jahangiri ýeke özüniň gol zähmeti bilen ekläp-saklandygyna garamazdan garry entegem daýaw. Hamyram ýugryberýär, nanam ýapyberýär, içerini kakyşdyryp, nahar-şoram ediberýär. Agşamlaryna bolsa indi birkemsiz kemala gelen agtyklaryna, henizem şo-ol, çaga döwürlerindäki ýaly, täsin-täsin hekaýatlaryndan aýdyp berýär. Her gezegem Atamgyzy ondan, Aýuwyň haýsy keşpdäki mahlukdygyny soraýar. Olam çalarak eginlerini gysýar-da endigi boýunça “kih-kih” gülüp: “Näbileýin-dä, gyzym. Öz-ä adamdan azanmyşyn olam-a. Keşbem adamyňky ýalymyşyn. Asyl oba gelende-de höwür gözläp, adamzady göwni küýsäp gelýämişin – diýýär. – Ýöne, nätsin-dä, ogurlamasa ýa zor bilen äkitmese, kim oňa eli bilen ogul ýa gyz berip goýberjek...” Atamgyzy ýene-de Aýuwy göz öňüne getirjek bolup dyrjaşýar. Ony durşuna tüý edip göz öňüne getirse-hä adama däl-de maýmyna ýa goňur aýa meňzeýär, tüýsüz, adam sypatynda göz öňüne getirse-de, eşiksiz zatsyz birhili bisyrat bolup dur. Eşik geýdirseňem onda: eşigi nireden alypdyr diýen sorag ýüze çykjak. Onsoňam Aýuw geplemäni nireden öwrendikä? Onda-da hut, türkmençe geplemäni. Ýa her halkyň öz Aýuwy barmyka? Ol äteňenälet ine, birden, köwüň o gyrasynda ýaşaýan Jelil aga ýa-da onuň aýaly Patma daýza duşaýsa dagy haýsy dilde gygyrjakka? Parsyça gygyrjakmyka ýa türkmençe? Atamgyzy enesine ine, şu hili soraglaram berip görýär. Ýöne, belli jogap alyp bilenok.
Görüp otursa asyl enesem öz gezeginde enesiniň enesinden eşidipdirmi, garaz, o gürrüňler ilki kimden çykandygy, haçan dörändigi belli däl. Şu zatlardan çen tutan çagy Atamgyzyň Aýuw diýlen zadyň bardygyna-da ynanasy gelenok. Ýöne, nätjek, gürrüň bir özüne çekiji, süýjüje zat bolýa. Diňläniň bilenem ýitirýän zadyň ýok. Onda-da her gije öz öýüňde, baýaminnet aýdylyp oturylan bolsa. Şonuň üçinem Atamgyzyň berýän soraglarynyň yzy üzülenok.
―Enä-ä...
―Hä-ä?
―Aýuw gije gelýämikä, gündiz?
―Aýduwlaryna görä-hä gije gelýän bolmaly.
―Gyş gijesi gelýämikä ýa ýaz gijesi?
―Ýaz ýa tomus gijeleri gelýän bolaýmasa. Sebäbi gyş gijeleri sowuk bor. Ol gowagyndan çykybilmez.
―Şu günler geläýmegi ahmal-da onda?
―Ahmal. Ýöne soňky döwürler-hä geldi sesi eşidilenik.
―Sen aklyňy bilip gelen gezegi boldumy?
―Gelenin-ä göremok, ýöne diýdurlaryn-ä eşidýän.
―Enä-ä...
―Hä?
―Ol adyny gygyrýan adamsynyň adyny nireden bilýäkä?
―Ony bilmese Aýuw bormy ol, gyzym. Onsoňam ol entek gelmänkä bar zadyň anygyna ýetip onsoň gelýär-ä...
―Oba gelmänkä nädip anygyna ýetýäkä?
Garry “kih-kih” gülýär.
―Onçasyny ine, indiki gezek gelende özünden soraýarys, gyzym...
Atamgyzyň dodajyklary titreýär. Enesiniň jogaplaryndan kanagatlanmadygy bildirýär. Ýöne, sesini çykaranok.
...Elmaýyş ene ine, bu gije-de “döw çykan” agtyklaryna erteki otaryp berip otyr. Ortarada ullakan ojak gübürdäp dur. Oduň gyrasynda mis kündük, “lykyr-lykyr” gaýnap dur. Ojaga golaý ýazylan ojakbaşynyň üstünde Jahangir çaý içip otyr. Ol käte bir ojaga odunjagaz oklap goýberýär. Gapdalynda tikilip gutarylmadyk ak telpek ýatyr. Çaýdan boldugy ol şony eline almaly. Şu gije tikip gutarmaly. Çünki, ertir ol şony geýip daga, duz getirmäne gitmeli. Umuman ol hünärli, edenli ýigit. Çokaý, ädik, telpek tikmekden başga atşynaslykdanam başy çykýar. Pälwançylygam ediberýär. Sypyndygam deň-duşlary bilen daga gidip duz getirýär. Küren obany duz bilen üpjün edýär. Häsiýeti boýunça ýagşy ýigit hökmünde tanalýar. Hut şonuň üçinem Elmaýyş ene söz aýdyp baran ilkinji gapysyndan “gurt” bolup gaýtdy. Toýuň sähedinem belledi. Ondan soň gezek Atamgyza ýetýär. O-da indi obanyň göze görnen gyzlarynyň biri. Ýaňy on alty ýaşynyň dolandygyna, göwresiniň çepiksijedigine garamazdan, dokan halylarynyň, matalarynyň, ýaka salan nagyşlarynyň dabarasy dag aşdy. Ýüň boýap keçe güllemekde-de, bilegini çyzgap basmakda-da gelin-gyzlaryň hiç birinden pes oturanok. Hut şu wagtam enesiniň birsydyrgan çykýan güňleç “gümürdisine” gulak asyp oturşyna tahýa biçip otyr. Biçip bolansoň ony oduň ýagtysyna köklär-de, gündizlikde-de keşdelär. Onam...Ýeri, bolýa-da, - dile geldi, bile geldi – diýipdirler, onam Jahangiriň dosty, gurban baýram günleri hiňňillik uçulanda, gadyr gijeleri gyzlar bilen toplum bolup gezilende, özünden gözüni aýryp bilmeýän Gerçek atly ýigide berer. Ol ikisiniň arasyndaky pynhan syry Gerçegiň jigisi Hasperiden başga bilýän ýok. Asyl, Gerçekden ilki “salam” getirenem şol. Hasperi. Hasperiniň birden-kä Atamgyzy bilen jora bolup oturyberşinden Elmaýyş eneniň bir zatlar aňan bolmagy mümkin, ýöne syr bildirenok. Sesini çykaranok. Ýogsa-da nämüçin çykarsyn? Haýsy ene öz oglunyň ýa gyzynyň bagtly bolmagyny islemeýär? Gerçeklerem gowy ýer. Atasy, enesem ili-güni agyzlaryna bakdyrybilýän abraýly adamlar. Jahangir üçin baran ýerem şolar ýaly. Gyzyň atasyna Atakişi diýerdiler. Ony Elmaýyş ene gowy tanaýardy. Diýseň dogumly adamdy. Elmaýyş enäniň adamsy Zamanyň iň ýakyn dostudy. Hut şonuň üçinem onuň ruhy şat bolan bolsa gerek, guda bolup gelen gününiň agşamsy Elmaýyş enäniň düýşüne girip: “Şun-a oňardyň, Elmaýyş. Garyndaşlygy täzelediň. Zaman ikimiziň ýürek bagymyzy üzmediň. Gaýtam öňküdenem berkitdiň. Bizem ine, bu ýerde bolan işe begenip otyrys, oň bol-a...” diýdi. Elmaýyş ene siňe seretse onuň gapdalynda Zamanam barmyşyn. Ikisiniňem egninde ak don. Şemalyň ugruna galgap duran donlaryň syýy birdenem ganata öwrülýärmişin-de olaryň ikisem edil, ak kepderiler kimin asmana göterilip gidiberýärlermişin. Şondan soň Elmaýyş enäniň öz eden işinden göwni hoş boldy.
Elmaýyş enäniň öýjagazy edil köwüň gyrasynda seleňläp otyr. Garaňky gijeler daş çykaga-da gapdalyndan syn etseň öý kert gaýanyň ýüzünde ýerleşen höwürtgä meňzeýär. Şonuň üçin oba adamlary oňa: Elmaýyş enäniň höwürtgesi, diýýärler. Ol öý bir seretseň dagyň depesine gonup, indem sähelçe gondalaw tapsa uçjak bolup oturan bürgüde-de meňzäp dur.
... Jahangir tikip oturan telpegini boldum edip gap böwre geçdi. Gyşardy.
―Ene, ertir meni irräk turuz, biz ir gitmeli edişdik – diýip, eşidiler-eşidilmez hüňürdedi. Derrewwem uka gitdi.
Atamgyzyň ondan: nirä gidýäňiz , diýip sorasy geldi. Birdenem öten agşam Gerçegiň: Birigün agaň bilen daga, duz getirmäge gidýäs, diýeni ýadyna düşdi-de, “...wiý..hä şeýledirow”, diýip, içini gepletdi. Dodagyny dişläp süýjümtik ýylgyrdy.
Jahangiriň ýatmazdan öň ojaga oklan odunlary henizem ýanyp dur.
Ondan-mundan itleriň sesi eşidilýär.
Ahyrsoňy Atamgyzyňam ukusy tutup başlady. Muny duýan garry edip oturan gürrüňini goýdy-da, gyzynyň süzgekläp duran gözlerine seredip:
―Uky gelýä hatar-hatar, nirde bigaýraty tapar, - diýdi. Özem agzyny giňden açyp pallady. – Dogrudanam ýataly, gyzym. Gije bir çene barandyr.
Enesi düşek ýazýança Atangyzy daş çykdy. Çykyşy ýalam köw tarapdan iniňi düýrükdiriji edrenç bir gorkunç ses eşidildi.
―Aýu-u-u-uw-w!!!..
Atamgyzy: “wä-ä-ä!!!” diýdi-de, kürsäp öýe girdi. Bir bökende özüni enesiniň gujagyna oklady. Elmaýyş ene gyzyny bagryna basyp durşuna daşaryk diň saldy.
―Näm boldy, gyzym? Nämeden gorkduň?
Atangyzyň dişleri şakyrdady.
―Aý...Aý...Aýuw gygyrdy...
―Aýuw?
―H..How...Howwa...
―Goýsana , gyz!...
―Çynym, ene. Hut öz gulagym bilen eşitdim.
―Men-ä hiç zat eşidemok.
―Sen eşitmeseňem men eşitdim. Hakyt gygyrdy.
―Näme diýip gygyrdy?
―Aýuw, diýip gygyrdy.
―Adyňam tutdumy?
―Ýok, adym-a tutmady. Ýöne, “Aýuw” diýip gygyrdy.
Elmaýyş ene ýakasyna tüýkürdi.
―Estagpuralla, estagpuralla... Oýun-oýun bilen çyna ýazyp barýar-ow büý-ä...
Oňa çenli Jahnagirem oýandy. Tirsegine galdy. Töweregine garanjaklady.
―Näm boldy-aý?..
Henizem enesiniň goltugyna gysylyp oturan Atangyzy gözlerini tegeläp elini daşaryk uzatdy.
―Aýuw gygyrdy.
―Ýak, sizem-ä! – diýdi-de, Jahangir silkinip ýerinden galdy. Donuny ýelbegeý atynyp gapa tarap ýöneldi. Çykjak wagty gaňrylyp enesine seretdi. – Şo gürrüňiňi goý, gorkuzarsyň sen şuny diýip men saňa näçe gezek aýtdym.
Şondan soň ol öýden çykdy, gerinjiredi. Gara mahmal deý ýumşak asmanyň ýüzündäki lowurdaşýan ýyldyzlary synlady. Çukur-çukur dem alyp öýkenini arassalady. Soň ýapyrylyp, köwüň üstiaşyry alysdaky jeňňele ser saldy. Derýanyň “güwwüldisini” diňledi. Bir ýerden topar-topar bolup uruşýan itleriň sesi geldi. Sesleriň kä daşlaşyp, kä golaýlaşýandygyndan çen tutup, Jahangir olaryň özara gaça uruş edýändiklerini çaklady. Soň ýene-de aňry ýöredi. Özüne tarap “horguryp” duran atynyň ýanyna bardy. Arkasyny sypalady. Boýnuna kakdy. Otuny täzeledi. Ýalyna çolaşan çöp-çalamlary aýryşdyrybam köwden aşak indi. Uçguryny çözläp barşyna bir küde ýandagyň aňyrsyna duwlandy. Uzak eglenmänem çykdy. Ýyrmaşyp gelşine uçguryny daňdy. Gapynyň agzynda garalyp duran ommuk kündükden suw akydyp elini ýuwdy. Ýene-de itleriň sesine diň saldy. Öz iti Akbaýy gözledi. Adyny tutubam gygyrdy. Emma Akbaý görünmedi.
Şondan soň ol öýe girdi. Aýagyna gowallaň sokan çokaýyny çykaryp durşuna öz-özi hüňňürdedi.
―Hiç zat ýok ýerden başga düşüp oturmaňda ýatyň indi sizem. – Ol telpegini başyndan aýryp, tärime berkidilgi şahadan asdy. Ýerine geçdi. Ýatdy. Donuny üstüne atyp, syýnyny ýüzüne ýapdy. Aňyrsyna öwrüldi. – Aýuw, Aýuw diýselerem henize çenli gören-ä ýok şony. Sizem zordan görjek bolup oturmaň...
―Waý-e-eý, çagadyr-da, jan oglum, itiň sesinden dagy gorkandyr-da... – diýip, Elmaýyş ene ogluna nägilelik bildirdi. – Itiňem päliazany uwlaýar-a käte, şolar ýaly. Kim bilýä, ýa köwüň içindäki şagallaryň sesimi ol...
Gorkany çyn bolsa gerek, ýorgana girensoňlar Atangyzy enesine hasam gysmyljyrady. Onuň ýumşak göwüslerine maňlaýyny goýup gözlerini ýumdy. Elmaýyş ene welin ömür boýy werziş eden endiginden şu iki arada hem el çekip bilmedi. Eýýäm haçan hor çekip ugran ogluna degişli edip:
―Aýuw hakda gürlemese Köwliniň güni geçýämi, - diýdi. Yzyndanam ýuwaşja güldi. Kükregine gysylyp “hys-ys” edip ýatan gyzynyň entek uklamandygyny bilibem: - Çynam bolsa, ýalanam bolsa şo gürrüňleriň içinde şu gezip ýören adamlara sapak borlygam ýok däl, - diýdi-de, Aýuw hakdaky başga bir hekaýata başlady...
Ýap-ýaňyja erbet gorkandygyna, öňem telim gezek eşidendigine garamazdan Atamgyzy enesiniň ol hekaýatynam üns berip diňledi. Bar zat edil gündizlikdäki ýaly göz öňünde janlandy. Hatda Aýuwyň aýak sesem eşidilen ýaly boldy. Şonuň üçinem ol ýorganyny ýokarrak çekip iki gözünden galan ýerini örtdi. Hamala Aýuw şol ýerden böküp giräýjek ýaly tüýnüge, birem şemalyň badyna zülpesi “şykyrt-şykyrt” edip duran gapa gyýa-gyýa seretdi. Enesiniň birsydyrgyn çykýan güňleç sesiniň arasy bilen gijäniň ümsümligine diň saldy. Soňabaka uky basmarlap ugrady. Bir ymyzgandy, bir oýandy, wakalaryň arasy bir üzüldi, bir sepleşdi. Birdenem uzakly gijäniň şirin ukusy goýazy, süýjümtik humara öwrüldi-de, bir bölek duman dek sozulyp tüýnükden girdi, tärimiň ýüzüni sypalap öýüň içinde iküç ýola öwrüm etdi. Göz açyp ýumasy salym Atamgyzyň üstünde pel-pelläp durdy-da, maňlaýynyň üstündäki buldurapjyk duran derlere siňdi. Şol derleriň çykan deşijekleriniň arasy bilenem kelleçanagyň içine girdi we heniz doly bekäp ýetişmedik ýaş beýniniň daşyna çal perde bolup çolandy.
...Ertesi Atangyzy giç oýandy. Gün guşluk boluberende gözüni açalak-ýumalak edip daş çykdy. Ýüzüni gamaşdyryp güne seretdi. Günüň ýylymsy şöhlesi tenine hoş ýakdy. Dünýe gözüne öňkülerindenem has owadan göründi. Ol assa ýöräp işikdäki ýylgyn öwürtmegiň içinde hamyr ýugrup oturan enesiniň ýanyna bardy. Çommaldy. Elmaýyş ene gyzynyň ýüzüne çiňňerildi.
―Turduňmy, gyzym?
―Hm-m..Jahangir gitdimi?
―Ýok. Enteg-ä gidenok. Ýatakda atyny eýerläp dur.
Atamgyzy gapdalda duran ommuk kündügi alyp gitdi-de, aňyrrak baryp elini-ýüzüni ýuwdy. Agzyny çaýkady. Aýajyklaryna suw akytdy. Tä, guraýança ýüzüni şemala tutup oturdy. Soň kündügi getirip öňki ýerinde goýdy. Elmaýyş ene öwütrmegiň kölegesinde basyrylgy duran çäýnege, saçaga tarap ümledi. Atamgyzy içerden köneräk kilim alyp çykdy-da, enesiniň görkezen ýerine ýazdy. Ornaşdy. Çäýnegi özüne çekip käsesine çaý guýdy. Içine saryýag atdy. Nan dogrady. Işdä bilen iýdi. Oňa çenli enesem hamyryny ýugrup boldy. Kersene gapgardy. Dolady. Üstüni basyrdy. Boldum edibem gyzyndan bir käse çaý diledi. Hemişe ýumuş buýurjak wagty edişi ýaly:
―Mähek gyzym, mähejik gyzym, işe ýaran gyzym... – diýip söýündi. Elini uzadyp, usullyk bilen arkasyna kakdy. Başyny sypalady. – Çaýyňy içip bolansoň tamdyr towulyk çöplemejik çöpläp gel, gyzym.
Atamgyzy:
―Hoş, - diýdi-de, häliden bäri özüne seredip ýatan Akbaýa bakyp ýylgyrdy. Akabaý ýerinden turup gerindi. Atamgyzyň gapdalyna gelip temegi bilen ýüzüni ysgady. Süýkendi. Guýrugyny bulaýlady. Gyz itiň arka boýnuny sypalady.
Şol wagt Jahangir atýatakdan atyny idip çykdy. Çykyşy ýalam atlandy. Bakyda duran mes at dogumyna bäs gelibilmän, duran ýerinde telim gezek aýlandy. Çarpaýa galdy. Kişňedi. Aýaklary bilen ýer gazady. Burnuny parryldatdy.
Jahangir atyny debsiläp gapynyň agzyna geldi.
―Bolýa onda sag oturyň!
Elmaýyş ene allaniçiksi boldy.
―Hä! Näme nan bişere durjak dälmi? Çaý –suw içjek dälmi?
―Ýok ene, men eglenmäýin. Onsuzam gijä galypdyryn. Oglanlar garaşyp durandyrlar.
Horjunyňa iýer-içer ýaly zatlara salyşdyrdym.
―Bilýän.
―Onda daşragam bolsa geçen gezekki getiren duzuňyzdan getirjek boluň. Öňküleriňizden şol gowy ekeni. Iri. Arassa.
―Bor, Ene...
Elmaýyş ene ellerini ýere diräp ýerinden galdy.
―Sag aman bar onda, oglum!
―Sag bol, ene...
Atangyzyň gözleri çygjardy. Bokurdagy doldy.
―Sag bol, dogan!
―Sag bol, jigim!
Her gezek aýdyp-aýdyp endik eden sargydyny aýtmaklygy Elmaýyş ene bu gezegem ýadyndan çykarmady.
―Gidişin-u-gaýdyşyn “şor kölüň” üstünden geçäýmäň! Bomy?
Jahangir ýene bir gezek:
―Bor ene! – diýdi-de, atynyň başyny daga tarap öwürdi.
Atamgyzy agasy gözden ýitýänçä yzyndan seredip oturdy. Obadan çykyberende Jahangiriň ýanyna ýene-de iki atly goşuldy. Olaryň biriniň Gerçekdigini Atamgyzy atyndan tanady. Üçünjini tanap bilmedi. Şondan soň uludan demini aldy-da, enesine ýüzlendi.
―”Şor kölde” nähili bela bar-a ene?
―”Şor köl” eýelimişin gyzym. Duşundan geçseňem kakaýýamyşyn.
―Aky dälinem şol kakypmy?
―Howwa.
―Haçanrak kakypdyr?
―Ir döwür.
―Daşmy ol?
―Şor kölmi?
―Howwa.
―Diýdurlaryna görä iki ýatymlyk dagy bamyşyn.
―Jahangir dagyň ýoly näçe ýatymlyk?
―Bulaňkam şonçarak bardyr.
―Onda bular bir şol ýerden geçmäbilse ýagşydyr.
―Geçesleri ýok. ―Elmaýyş ene azajyk böwrüni diňläp oturdy. Birdenem kesgitli gürledi. – Aý, ýok, geçmezler! Geçme diýlensoň geçibilmezler.
Atamgyzy çaýyny içip bolandan soň ýeňillik bilen ýerinden turdy. Içeri girip gopuzyny alyp çykdy. Boýnundan asdy. Öwürtmek ýylgynyň üstüne serilgi şal çuwaly egnine atdy-da, aýagyna köwüşem geýmän, obanyň gündogaryna tarap tutdurdy. Obadan çykyberende güzeri çakyrtikenden doly köneje salma gabat geldi. Haýsy aýagyny bassa ýiti tikeniň awusy ýüregine batdy durdy. Şonuň üçinem ol güzere çuwalyny ýazdy-da, üstünden basyp geçdi. Aňyrsyna ötübem çekip aldy. Edil şol wagtam “has-has” edip Akbaý ýetip geldi. Atamgyzy ony güzerden geçirmän yzyna kowdy.
―Gal, ýogsam ýene-de höwünki ýaly obaň itleri dalar!
It galdy. Ýöne nadyl bolup galdy. Her ädimden soň aýak çekip, eýesiniň yzyndan garady durdy.
Öňünden çykýan çöp-çöňürleri, kökjagazlary, töňňejikleri çuwalynyň düýbüne oklap barşyna, Atamgyzy obadan mazaly daşlaşanynam duýmady.
Ýarty boluberende çuwalyny bir ýerde goýdy-da, etegine çöpläp başlady. Her gezek etegi dolandan soň eltip çuwala gapgardy. Kem-kemdenem örüsi giňedi. Soňky gezek etegi dolanda şyr-ak takyr meýdanyň o çetinde duran şal çuwal garalyp çalaja göründi.
Birdenem bir ýerden torgaý peýda boldy-da, Atamgyzyyň dik depesinde saýrap başlady. “Jüýpüldik-jüýpül, jüýpüldik-jüýpül”. Atamgyzy boýnundan asylgy gopuzyny garbap aldy. Sülgüniň jüýjesi ýaly şyr-ak takyr ýere pasyrdap çökende, etegindäki çöplemeler dyr-pytrak bolup ýere döküldi. Daş-töweregine pytrady. Gopuz sesine maýyl bolup, kem-kemden pessaýlap gelýän mollatargaý ahyrsoňy emaý bilen gyzyň çat maňlaýynda gondy. Ýalt-ýult edip ýüzüne seretdi. Men-ä ýadadym, diýýän ýaly, çürnüjigini açyp diljagazyny görkezdi. Atamgyzy çalmasyny goýdy. Mollatorgaýa bakyp ýylgyrdy. Birdenem ýeňse tarapdan “hassyldy” eşidildi. Ýaňagyna biriniň ýyly demem uran ýaly boldy. Ol tisginip beýlesine bakdy.
―Akbaý?...
Akbaý çalaja çyňsap kellesini gyzyň goltugyna sokdy. Gyz itiň boýnundan gujaklady. Torgaý bir düýrükdi-de, pasyrdap asmana göterildi.
Birdenem ýoňsuzja şemal öwüsdi. Gyzyň örülgi saçlaryny boýnuna orady. Zülplerini derläp duran ýaňaklaryna, maňlaýyna ýelmeşdirdi. Ýerinden turanda etegini galdyrdy. Töwerekde Akbaýdan başga erkek göbekliniň ýokdugyna garamazdan Atamgyzy hasyr-husur çökdi-de etegini aşak çekdi. Gözýetimden garalyp gelýän apy-tupana gözi düşendenem, pytraşyp ýatan çöplemelerini çöpläp etegine atdy. Akbaýa bakyp bir zat diýjek boldy. Akbaý gulagyny ýapyryp çuwala tarap ýöneldi. Gyzam onuň gapdaly bilen ylgady. Çuwala ýetýänçäler ýel mazaly güýjedi. Etegindäkileri howul-hara içine atdy-da, Atamgyzy çuwaly arkasyna aldy. Emma ýel çat maňlaýyndan bolansoň, ýöremek gitdigiçe kynlaşdy. Ýeliň güýjerlemegi bilen gyz bütünleý ysgyndan gaçdy. Üstesine ugur-utga-da saýgartmady. Sag tarapda henize çenli görlüp-eşidilmedik bäş-üç sany harabanyň sudury salgym atdy. Gyz şol tarapa sowuldy. Azaşyp başga ýerlere gelendirin öýtdi. Şonuň üçinem, ýel köşeşýänçä şol harabanyň içinde garaşmagy ýüregine döwdi. Süýrene-süýrene içine girdi. Çuwaly burça söýäp özüni ýere goýberdi. Ýaplandy. Gözüni ýumdy. Eli bilen ýüzüni ýapdy. Düýrükdi. Şeýdibem uka gitdi. Akbaýam kellesini diwar bilen çuwalyň arasyna sokup eýesiniň gapdalynda süýndi.
Ýel birazajyk pesendelän ýaly etdi-de, soň ýene-de güýjerledi. Zaryn-zaryn iňledi. Köne harabanyň içinde terslin-oňlyn kowsarlady. Ýatanlaryň üstüni tot-tozan basdy. Gün gijikdi.
Atamgyzy Akbaýyň howsalaly sesine oýandy.
Görse, ýel mazaly köşeşipdir. Harabanyň agzynda bolsa, adam diýseň adam däl, haýwan diýseň haýwan däl, çuw-ýalaňaç, mähnet bir bela germelip dur. Tenem durşuna tüý. Ullakan gözleri içiňden geçip barýar. Burny maşşyk. Gulaklary gaba. Egri aýaklarynyň üstünde duruşy tagaşyksyz. Elleri uzyn. Penjeleri uly. Dyrnaklary aýpalta ýaly. Syrtarylanda gülýämi ýa gahar edýämi, biler ýaly däl.
Atamgyzy eli bilen başyny penjeläp çirkin gygyrdy. Mähnet gara zadam onuň bilen deňine gygyrdy.
―Aýu-u-u-uw-w!!!..
Bu ses Atamgyzyň galanja deramatynam aldy. Ol bir düýrmek boldy-da, gözüni berk ýumdy. Agşamky sesiň gulagyna eşidilmendigine şu duranyň şoldugyna, Aýuwdygyna ynandy. Akbaýyň bolsa şol, ýabjynyň durşy. Çalarak götinjekleýär-de ýene-de topulýar. Emma batyrnyp bilenok.
Aýuw içerik ätledi-de, Akbaýy aýagy bilen kakyp goýberdi. Egilip gyzyň iki bykynyndan tutdy. Emgenmän egnine atdy. Harabadan ýegdekläp çykdy we agşamyň ümüş-tamyşlygynda alyslardan garalyp görünýän, gatbar-gatbar gaýaly, gojaman daglara tarap rowana boldy.
Adam-gara duşman, sag-salamat daga aşmak üçin, ol özüni jeňňele urmalydy. Jeňňel bolsa obanyň gaýra tarapynda. Oňa barmak üçin obanyň üstünden geçmeli. Şonuň üçinem ol esli ýere barýança garaňka duwlanyp gyr bilen gitdi-de, obanyň deňinden geçensoň jeňňele tarap sowuldy.
Käte bir Atamgyzyň “gyk-bagyna” ses goşup, gapdaldan galman gelýän Akbaýam iň soňky pursadyň golaýlanyny aňan ýaly, böküp baryp Aýuwyň budundan agyz urdy. Aýuw silkinibräge-de bir öwrüm etdi, welin, Akbaý togalanyp beýläk düşdi. Jabjynyp ýerinden turdy-da, ýaňadan baryp ýagynyň injiginden aslyşdy. Silkindi. Yza dartdy. Onuň bilenem kär edibilmänsoň öňüne geçip üstüne bökdi. Öň aýaklaryny egnine goýup çigninden agyz urdy. Birdenem bokurdagyndan ýapyşdy.
Aýuw gyzy ýanbaşyna aldy-da, penjesi bilen itiň art aýagyndan tutdy. Aýlap-aýlabam takyr ýeriň ýüzüne ras, ýelmedi. It janawer “wa-a-aňk-wa-aňk...” etdi-de, gözüni agdardy ýatyberdi. Kakyndy.Esli mahaldan soň buruljyrap galjak boldy. Emma bolmady. Şonda-da özünden barha arany açyp barýan Aýuwa tarap temegini uzadyp ysgynsyz çyňsady. Şeýdibem ýanyny ýere berdi. Kellesini topraga goýdy.
Aýuw şol haýdap barşyna özüni köwe urdy. Soň gür gamyşlyklardan, ýlgynlykdan geçdi. Derýa boýuna golaýlandanam toraňňylaryň arasy bilen daga tarap gönüledi.
Atamgyzy urundy, gygyrdy, Aýuwyň çem gelen ýerinden dişledi, dyrnaçaklady, ýyrtdy, tüýlerinden penje-penje gopardy, ahyram özi ýadap özi goýdy. Süňňi gyzyp barýan Aýuw o zatlary çybyn çakança-da görmedi.
Ol diňe daglaryň eteginden aslyşyp ýatan baýyrlyklara maňlaýyny diränden soň aýak çekdi. Gyzy egninden düşürdi. Birmeýdan dilini sallap, “has-has” edip oturdy-da, birdenem özüni mejalsyz ýatan gyzyň üstüne oklady. Birnäçe wagt bäri özüni erkine goýman ýören ýabany hyjuwyny köşeşdirmek üçin tagaşyksyz hereketler etdi. Gyzyň eşiklerini ýyrtdy. Sermendi. Gözleýän zadynyň üstünden barandanam, ilk-ä bir küýkerildi , soňam gözlerini petreýdip diň-gögüne garady-da, bat bilen öňe omzady. Gyz gözlerini petretdi-de: “Hi-ýh!” edip içini çekdi. Birdenem: “Waý!” diýip, çirkin gygyrdy. Aýuwam gygyrdy. Ýöne onuň gykylygyň soňy süýjümtik iňňildä ýazdy.
...Aýuw howry öçüşen mähnet göwresini bir tarapa taşlady, gyzyň kiçijik döşlerine kellesini goýup çalaja ymyzganan ýaly etdi-de, birdenem böküp ýerinden turdy. Gymyldamaga rowgaty ýetmän ýatan gyzy egnine aldy-da, şol bir başky bady bilen höküdikläp ugrady. Şol gidişine ýene-de bir gije-gündiz ýol ýöräp, daglara ýetişdi. Garagyýçak, äpet-äpet daşlardan-daşlara, kertlerden-kertlere böküp, dar-dar jülgeleri söküp, ene saýlaryň içi bilen, belent gaýalaryň gerşi bilen ýol aşyp, Atamgyzyny kä arkasyna hopba edip, kä egnine alyp, käte goltugynda göterip özüniň arzyly mekanyna aralaşdy. Dagyň buky ýerinde, iňňän belent ýerde ýerleşen ullakan gowagyň agzyna bardy. Atamgyzyny ýerde goýup, äpet, gara daşy bir gyra süýşürdi. Içine sümüldi. Gyzy gowagyň ortarasynda ýatyryp, ölüdigini, diridigini anyklamakçy bolýan ýaly, esli mahal ýüzüne seredip durdy. Soň daş çykdy. Daşy öňküsi ýaly edip gowagyň agzynda goýdy-da, özem şoňa arkasyny berdi oturyberdi. Hä diýmänem irkiljiräp başlady. Gözleri ymykly ýumlandanam boýny bir gapdala gyşardy.
Atamgyzy bolsa bu wagt dünýeden bihabar. Ýatyr. Gygyranogam, yňrananogam. Ýerinden turjak bolup hereketem edenok. Hereket edere rowgatam ýok. Onuň üçin indi bar zat öz manysyny ýitirdi. Çünki, ol ýeke bir il-gününden, obasyndan, dogan-garyndaşyndan däl, eýsem iň eziz zadyndan – gyzlyk buýsanjyndanam aýryldy. Indi onuň oňa-muňa görünere, oba baryp Gerçek bilen gepleşere süýji-süýji arzuwlar edişere ýagdaýy ýok. Şonuň üçinem ol şu wagt ýerinden turmagyň däl-de, galan ömrüne ukudan oýanmazlygyň, arzuwyny edýär. Gaflatyň hiç haçan gutarmazlygyny, başyndan sowulmazlygyny isleýär. Ol häzir özüniň nirede ýatanynam, ýanynda kimiň baryny-ýogunam bilenok. Ol hatda özüniň diridigini ýa ölüdiginiem bilenok.
...Günüň ýiti şöhlesi Aýuwyň edil, ýazzy maňlaýyndan sanjyldy. Ol hasyrdap ýerinden turdy. Daşy aýryp gowagyň içine girdi. Oňa gözi düşenden Atamgyzy düýnküsindenem çirkin gygyrdy. Oturan ýerinde däbşenekläp yza tesdi. Diwara gysyldy. “Has-has” edip dem alanda ýumryja döşleri eňegine degip-degip gaýtdy. Üstüne abanyp duran nägehandan goranmak üçin ellerini daldalatdy. Degerli zat gözläp töweregini garanjaklady.
Oňa çenlem Aýuwyň agyr göwresi üstüne howala boldy. Şondan soň Atamgyza dişlerini berk gysmakdan, Aýuwyň uly hyruç bilen, dyzap-dyzap urýan “urgularyna” döz gelmekden başga alaç galmady.
Aýuw bu gezegem ysgyndan gaçan göwresini bir gyra taşlap süýjümtik iňledi. Ýatan ýerinden gyzyň ap-ak bedenini, buýr-bulaşyk bolan saçlaryny synlady. Göreçleriniň gyralaryndan syzyp, al-ýaňak üzre syrylyp ýere düşýän, monjuk deý nepis gözýaşlaryna geň galyp seretdi. Eli bilen göwüslerini, boýnundaky gopuzyny elläp gördi. Soň ýerinden turdy. Daş çykdy. Daşy ýerinde goýdy-da, aşaklygyna tarap abşanaklap ugrady.
Atamgyzy bolsa, agyr ruhy ten yzasy astynda ýene-de gaflata giriftar boldy.
Şol ýatyşyna agşamaralar özüne geldi. Gözüni açyşy ýalam töweregini synlady. Gowagyň agzy ýapyk. Içeri garaňky. Ýöne, näme bar, näme ýok, saýgaryp bolýar. Asyl-ha ol ýerde saýgarar ýaly zadam ýok. Boş. Dört tarapyň buz ýaly sowuk daş. Aşagyňam daş, üstüňem daş. Zeý. Içi demiňi tutup barýan dymyljak ys. Diwarlaryň ýüzi damja-damja der. Megerem Aýuwyň aw “gurallary” bolsa gerek, bir böwürde bir giden egrili-dogruly agaç, gujak-gujak çygar çybyklar üýşürilgi.
Atamgyzy süýrenjiräp gowagyň agzyna bardy. Daşy süýşürjek boldy. Emma gozgabam bilmedi. Azajyk demini dürsänsoň ýene-de synanyşyp gördi. Bu gezegem bolmady. Eli bilen daşyň düýbüni köwjek boldy, ol-a hijem başa barmady. Daşa arkasyny berip, aýaklarynam kerte berk diräp iküç ýola dyzady. Ondanam netije bolmady. Şondan soň Atamgyzy gowagyň başga bir ahmalyrak ýerlerini gözledi.
Gowak – öz boluşly, üç otagly jaýa meňzeýär. Esasy, uly “otag” Atamgyzyň ýatan ýeri bolup, soňky iki otag bilen ony, ini bir adam sygarlyk, boýy üç-dört metre barabar bolan uzyn, dilkaw geçelgejik birleşdirýär. Ol iki otagam öz gezeginde uly, gyýçak daş bilen deň ikä bölünýär. Ýöne, şol daş petige direlmeýär. Üsti açyk galýar. Şol üst bilenem ondan-oňa dyrmaşyp geçmek bolýar.
Atamgyzy dilkaw öýjükden geçip, gyýçak daşa maňlaýyny diränden, “goşa otagyň” sag taradakysyndan “şirrildi”, çep tarapdakysyndan bolsa “şaggyldy” eşidildi. Ol usullyk bilen gyýçak, çyg, ýylçyr daşa dyrmaşdy. Orta biline barandanam aýagy taýyp ýykyldy. Güpürdäp ýere düşdi. Esli wagt seňseläp ýatdy. Özüni dürsänsoňam kellesini tutup oturdy. Soň ýene-de ýerinden galdy. Täzeden dyrmaşdy. Bu gezek sag-aman çykdy. Görse, sag tarapdaky “şirrildi” gowaga girýän çeşmejik ekeni. Onuň hatda ýokardan syzyp gelýän ýerem görnüp dur. Siňe syn etse suw esasy “otaga” hem geçýär-de, şol ýerde sesisz-üýnsiz ýeriň göwsüne siňip gidýär. Ony Atamgyzy birbada aňşyrmandyr. Şonuň üçin ol gerişden düşüp uly “otaga” geçdi-de, suwdan tä ganýança içdi. Gerşe täzeden dyrmaşyp, indi çep tarapky “şaggylda” diň saldy. Düşüp diwara gulagyny goýdy. Ahyram ol: diwaryň aňyrsyndan güýçli, dag çeşmesi ýa-da derýa akyp ýatyr, diýen netijä geldi. Diwaram gaty galyň bolmaly däl. Ýogsam suwuň sesi beýle aýyl-saýyl eşidilmezdi.
Atamgyzy ujy ýiti gyýçagrak daşlar bilen diwary urup ugrady. Derrewem ýadady. Maňlaýyny sowuk diwara ýaplap demini dürsedi-de, soň ýene-de uly hyruç bilen haýdap başlady.
Gowagyň agzyndaky daş alaşarykdy bolup ugrandanam, ylgap ortaky otaga geçdi.
Aýuw içeri girensoň, daşy çygyla-çygyla ýerinde goýdy-da, kellesi çym-pytrak bolan çal towşany ortara oklap goýberdi. Atamgyzyň oňa tarap nazarynam aýlamandygyny görübem, edil Ýoldaş Hemranyň äkiden aýal Aýuwynyň edişi ýaly, her eli bilen bir aýagyndan tutup bir silkende towşany ikä böldi. Bir satanyny silkip aldy-da, Atamgyza uzatdy. Öz elinde galan satanyň dersini selteräge-de, işdämenlik bilen agyz urdy. Bol, senem şeýt, diýýän ýaly Atamgyzyň ýüzüne jiňkerildi. Birdenem bokurdagyndan birhili pişigiň “myrryldysyna” meňzeş ses çykardy. Arasynda içikýän ýaly “hyk-hyk” etdi. Gözlerini süzdi. Elindäki doly gemrilip gutarylmadyk süňki bir ýana zyňyp ileri süýşdi. Onuň nähyýala münenini aňan Atamgyzy böküp ýerinden turdy-da, özüni törki otaga atmak üçin, ötüge tarap topuldy.
Emma, täzeje, ganly etiň ysyna hyjuwy täzeden joşup, gasygy gaýnap ugran Aýuw eýýäm onuň öňünde germelip durdy.
Ertesi, Aýuw çykyp gidenden soň, Atamgyzy ýene-de öz “işini” dowam etdirdi. Açlykdan ýüregi akyberende gan-gabarçak bolan ellerine seredip aglady. Ortaky “otaga” geçip suw içdi. Sergi bolup ýatan towşan etine bakyp ýuwdundy. Meýil etdi. Emma batyrynybilmedi. Soň ýene-de törki jaýa dolanyp bardy. Ujy çüňkli daşy eline alyp ep-esli ýeri oýulyp ugran diwary täze güýç bilen urmaga başlady. Diwar az-kem ýuwşady. Oýuk çuňaldy. Atamgyzy durup diň saldy. Şaggyldy golaýlaşdy. Kem-kemdenem güýçlendi. Bu – diwaryň ýukalandygynyň alamatydy. Azat bolmak, ýagty howa çykmak umydy gyzyň ýadawlygyny aýryp, göwresine gurp berdi. Ilkibaşda dörän terkidünýälik howpundan aýňalyp, her niçik hem bolsa oba dolanyp barmaly diýen düşünjäni kalbyna guýdy. Göz öňüne enesi, agasy, Gerçek geldi. Şonda onuň eljagazlary daş köwýäne däl-de, dokma ýüwürdip, darak kakýana meňzedi. Gara der bolup oturşyna oba dolanyp barşyny, dogan-garyndaşlarynyň, obadaşlarynyň özüni uly şowhun bilen garşy alyşlaryny göz öňüne getirip ýylgyrdy. Şol şowhunly märekäniň içindäki ýaňy murty taban, her çigninde bir adam aýbogdaşyny gurup oturybermeli uzynak ýigidiň soragly nazary göz öňüne gelende bolsa aşak bakyp ýüzüni iki ýana sypjaklatdy. Eginlerini gysyp ýygryldy. Şondan soň ol ýene-de esli mahal işläp bilmän oturdy. Daşyny ýere taşlap ýüzüni tutdy. Aglady. Henizem göz öňünde direnip duran Gerçege bir zatlar diýjek boldy. Emma ýigit oňa gulagam asmady. Gaty-gaýrymam diýmedi-de, nämeüçindir daglara tarap ýumrugyny bulady, bir zatlar diýip haýbat atdy. Elmäýyş ene bolsa “höwürtgesinden” çykdy-da, gyzyna tarap ganatlaryny gerip gaýtdy. Gelşi ýalam gujaklap bagryna basdy, ýüz-gözünden ogşady. Begenjinden gözüniň ýaşyny süpürdi. Bir görse Jahangirem at üstünde özüne seredip otyr. Gözleri ýanyp dur. Aşagyndaky atam şo-ol, bir duran ýerinde pyrlanyp du-ur, pyrlanyp du-ur...
...Atamgyzy agyr oýlardan aýňaldy-da, ýene-de diwary ýenjip başlady.
Adam sümäýmeli giňişlikdäki deşigiň uzynlygam adamboýuna barabar boluberende, “şaggyldy” has golaýlaşdy. Şol wagt Aýuw içki “jaýa” kellesini sokup seredäýende hem Atamgyzyny görjek däldi. Çünki, ol indi deşigiň içine sümülip, ho-ol, aňyrda alahasyrdy bolup ýör. Deşigiň agzyna baryp siňe seredäýmeseň içinde kim bar, kim ýok, biler ýaly däl. Garaňky.
Şu ýagdaý birnäçe gün dowam etdi.
Bir günem... birdenkä gowagyň içi ýagtylyp gitdi-de, Atamgyzyň ýüzüne arassa howa urdy. Aşakda “şaglap” ýatan çeşme, gabat garşyda serini duman basan howaly daglar, ýokarda gök asman göründi.
Atamgyzy deşigi mazaly giňeltdi. Höwürtgesinden ilkiji gezek uçmakçy bolýan guş ýaly deşikden ýarpy göwresini çykaryp aşak seretdi. Çeşmä çenli bolan ýigrimi-otuz gulaç aralygyň uçut gaýadygyny görüp bar umydy puç boldy. Birdenem: “Belki bu çeşme meni derýa elter, derýa bolsa oba elter. Oba adamlary meniň jesedimi suwdan çykararlar, tanarlar, başyma nägünleriň düşendigini bilerler. Aýuwyň elinde diri galandan jesedimiň oba barany gowudyr” diýen oý peýda boldy. Şonuň üçinem ol kükregini arassa howadan doldurdy-da, jümle-jahanyň göz ýeterdäki ýerini iň soňky gezek synlady. Oba tarap uçup barýan guşlardan enesine, agasyna, Gerçege hoşlaşyk salamyny iberdi. Hamala olar aşakdan özüne syn edip duran ýaly: “Ine onda, hoş galyň!..” diýdi-de, gözjagazlaryny ýumdy. Birki ýola ganatjagazlaryny galkyjaklatdy-da, özüni dik aşak goýberdi. Kelemenläp gelýän ejizje göwräniň, içi ownuk daşlardan doly telperje çeşmä gülçüldäp düşmegi üçin göz açyp-ýumasy pursat galdy. Şol pursat tamam bolmanka, Atamgyzy eýýämhaçan buýr-bulaşyga öwrülen dünýäni ýene bir gezek synlamaga ýetişdi. Şonda onuň gözüne kert gaýanyň düýbi bilen iki elinem asmana serip, bir düýrmek tüweleý ýaly ýeldirilip gelýän Aýuwyň keşbi kaklyşdy. Ýöne, onuň hakykatdanam şoldugy ýa däldigi barada pikir edere maý ýokdy. Düýbi ýylçyr daşlardan doly çeşme golaýlapdy.
...Emma ol “güžžüldäp” suwa gaçmady. “Jalkyldap” daşlara urulmady. Howadaka böküp gapdymy ýa ýere düşüp düşmänkä garbap tutdumy ol belli däl, Atamgyzyň düşen ýeri Aýuwyň ýumşak gujagy bolup çykdy. Ýöne, munuň badyna Aýuwyň özem tüwdürilip gitdi-de, togalanyp baryp çeşmäniň içine düşdi. Gyzy gujagyndan sypdyrmajak bolup “pažžyldap” ýörşüne ahyram bir kökden ýapyşyp saklandy. Alaşapyrdy bolup ýerinden galdy. Içine suw gidip garykdy. Hopukdy. “Şalp-şalp” edip suwdan çykdy. Abşanaklap gyra çekildi. Atamgyzyny ýerde goýup özem gapdalyna çökdi. Tüýlerinden suw sarkdyryp “has-has” edip oturşyna nägile äheň bilen birki ýola kelteräk uwlady.
Atamgyzyň gözi öňi bilen dik ýokardan garalyp görünýän deşige, soň daş-töwerekdäki miweli, ýabany agaçlara düşdi. Akar çeşmä bakyp ýuwdundy. Durnagöz, arassa suwdan ine-gana içmek üçin süýrenjiräp çeşmä girdi. Telperräk ýerine baryp dik oturdy-da ilki ýanawuçlap, soň goşawuçlap, tä ganýança içdi. Bal ýaly süýji suw ysgynsyz göwrä gurp berdi. Şondan soň ol çeşmeden böküp çykdy-da, sallanyşyp duran ýabany narlardan, injirdir üzümlerden ýolmaga başlady. Ýetişibildiginden hem agzyna dykdy, hem etegine ýygnady. Agzy açyk pisselerden çakdy. Her biri ýumruk ýaly hozlary döwüp, maňzyny iýdi. Häliden bäri höküdikläp, yzyndan galman ýören Aýuwam onuň ähli hereketlerini birin-birin gaýtalady. Onuň bu “oýna” birkemsiz gyzandygyny duýan Atamgyzy eteginiň ujyny dişledi-de, haýsy tarapadygyny özem bilmezden “ýa Alla” diýip ökjäni göterdi.
Aýuw iki bökende onuň yzyndan ýetdi. Edil başdakysy ýaly iki bykynyndan tutup egnine atdy we ýokarlygyna tarap ýegdekläp ugrady. Emgenmänem çykdy. Gyzy gowagyň içine salyp daşyndan ýapdy. Yzyna gelip onuň ýygnan ir-iýmişleriniň hemmesini ýeke-ýeke çöpledi.
Şondan soň ol gowaga et getirmesini goýdy. Ýetişibildiginden ir-iýmiş daşady. Indi ony islän wagtyň açyp boljakdygyna garamazdan Atamgyzyň deşen deşigini ululy-kiçili daşlar bilen doldurdy. Bärsinden agaç üýşürdi. Şol tarapa geçilýän dilkaw ötügem bekledi. Birazajyk arkaýynlaşdymy ýa säwlik etdimi, bir gün Aýuw gowagyň agzyny gowşagrak ýapyp gitdi. Muny Atamgyzam duýdy. Aýuw ep-esli ara açansoň, ýuwaşlyk bilen gowagyň agzyna bardy. Yşyndan daşaryk seretdi. Daşa çignini diräp dyzady. Emma daş gozganmady. Şondan soň ol ulurak egdileriň birini alyp geldi-de, daş bilen diwar aralykdaky yşa sokdy. Bar güýji bilen ony iki ýana yralady. Daş sähelçe süýşdi. Atamgyzy ýaňky hereketini ýene bir gezek gaýtalady. Yş ulaldy. Atamgyzy ol egdini ýerinde galdyryp başga bir agajy getirdi-de ony diwar bilen egdigiň aralygyna sokdy. Daş ýene-de azajyk süýşdi. Atamgyzy agajy egdiniň üstüne mündürip yralady. Yş has ulaldy. Soň agaçlaryň ikisinem bilelikde gaňyrdy. Şondan soň daş ýeňlän ýaly boldy-da, birdenem öz agramyna bir tarapa agyp gaýtdy. Atangyzy suwulyp daş çykdy. Bir pursatlykça dünýe älemi synlap durdy-da, awuny gören bürgüt çagasy ýaly şaglap aşak iýndi. Şonda onuň abat ýeri az galan eşikleri, çile agaçlaryna gysdyrylan, esgi bölejikleri ýaly şemalyň ugruna howsalaly pasyrdaşdylar. Şar-gara saçlary bolsa höwürtgesini ýitiren garlawajyň ganatlary kimin howanyň ýüzünde çar tarapa galgaşdylar.
Ol aşak düşüşi ýaly, çeşmeden ýüzugra ýanawuçlap suw içdi-de, özüni gür biten böwürslenligiň arasyna urdy. Haýsy tarapa gitjegini bilmän ýaýdandy. Tolgunmakdan ýaňa öýkenine howa ýetmän haşlady. Daljykdy. Birdenem böwürslenlikden dazlap çykdy-da, çen bilen demirgazyk günbatar tarapa tutdurdy. Onuň çaky boýunça, oba şol tarapda bolmalydy. Onsoňam bu wagt onuň üçin esasy zat şu ýerden daşlaşmak, Aýuwyň mähnem penjesinden arany açmak.
Şonuň üçinem ol uzynly gün ýol ýöredi. Ýöredi däl-de ylgady. Agşam düşüberende dagyň iň belent ýerine çykyp daş-töweregine ser saldy. Uzakda, bir ýerde, gök balygyň gerşi ýaly bolup birgiden baýyrlyklar göründi. Atamgyzy ony Köwli obasynyň adamlarynyň “oba görner” diýip atlandyrýan baýyrlygydyr hasap etdi. Çünki, dag tarapdan barýan adam şol baýra ýetende oba görünýärdi.
Atamgyzy ylgap pese indi-de, birazajyk dynç almak üçin, oýtagrak ýerdäki gyrymsy agaçlaryň arasyna sümüldi. Pudaklaryny eýläk-beýläk egişdirip ýatar ýaly ýer edindi. Çöp-çalam, döwük ýenjik şahalar bilen daşyny gabsady. Elini ýaňagyna goýubam gyşardy. Şol ýatyşyna-da uka gitdi. Düýşünde oba bardy. Ençeme wagt bäri kalbynda besläp ýören arzuwlary düýşünde oraşan göründi. Wysalyň süýji lezzetlerinden ýaňa uzynly gijäni ýylgyrjaklap geçirdi. Gün dogup-dogmanka-da oýandy. Bir enaýyja saýraşýan guşlaryň sesi oňa bu ýagty jahany hasam owadan, mähriban edip görkezdi.
Ol usullyk bilen ýerinden galdy-da, assyrynlyk bilen daş-töweregini synlady. Hiç-hili howpuň ýokdugyna göz ýetirenden soň bukudan çykdy. Peslikde ylgaýyp, beýikde ýortup gelşine ak öýlänler boluberende “oba görneriň” gök gerşine mündi. Şonuň bilenem dag gutardy. Baýyrlyk başlandy. Baýyrlykdan soň gyzyň ýoluny gum kesdi. Gün gyzar ikindi boluberende öňünden şyr-takyr çykdy. Şondan soň ol özüniň dogry barýandygyna, oba golaýlandygyna göz ýetirdi. Kimdir biri tamdyra ot goýberen bolsa gerek, allaowarralardan bir ýerde inçejik, gök tüsse göründi.
Atamgyzy şol tarapa elini serdi-de, eliň aýasy ýaly tekiz meýdan bilen, aýakaldygyna ylgap başlady. Şol barşynada bir aglady, bir güldi. Birdenem gözüne bir wagtlar eti çüýräp, tüýleri düýt-müýt bolan hamyndan sähelçe sudur galan Akbaýyň jesedi kaklyşdy. Saklanjak boldam welin, sag aýagynyň başam barmagy gaty düwüre degdide tüwderilip gitdi. Iki elinem öňe ýazyp ýüzün ýykyldy. Maňlaýy gaty çöňüre degip ganjardy. Burny sypjyryldy. Aýagynyň ujunda ýüregiňe batyp barýan ýiti agyry peýda boldy. Şeýle-de bolsa Akbaýyň başujunda oturyp sähelçejigem bolsa jesedine mähir siňdirmegi, soňam bir gün Jahangir bilen geläge-de, jaýlapjyk gitmegi ýüregine düwdi. Şol oý bilenem hasanaklap ýerinden galdy. Görse...
Görse Aýuw üstüne abanyp dur.
Atamgyzy bu gezek gygyrymadam, garşylygam görkezmedi. Hiç kimi kömege-de çagyrmady. Şo-ol Aýuwyň ýüzüne seredip mölerildi durdy. Agzy suwy ýap- ýaňyja ýatan ýapdan tutulan balygyňky ýaly, çalaja açylyp ýumulýar, dodaklary gymyldaýar, endamy titir-titir edýär, oba tarap elini uzadyp bir zatlar diýjek bolýar, emma bolanok. Sesi içinden çykanok. Aýuw bolsa durşy bilen gahar. Gazap. Gözleri ýanyp dur. Dişlerini “şakgyldadyp” biri-birine uranda arasyndan ot çykýar. Iki erninden uçgun syçraýar. Hemişe sallanyşyp ýatan tüýleri häzir edil kirpiniň tikeni ýaly syh-syh. Dem alanda kükregi “gyjyr-gyjyr” edýär...
Atamgyzy gözüni ýumdy-da, iki eli bilenem ýüzüni tutdy. Aran ýaly penjäniň bykynyndan ilenini, aýaklarynyň ýerden üzülenini, howada galgap ugranyny çalaja aňşyrdy. Şondan soň näme bolanyny, näme goýanyny bilenok. Bir görse gowagyň içinde ýatyr.
Atamgyzy indi özüniň bu beladan gaçybam, ölübem gutulyp bilmejekdigine düşündi. Çünki, bu “gara tüweleý” ajaldanam çakgan. Çalasyn. Çalt. Gözleri ýiti. Aýaklary ýüwrek. Güýç kuwwaty ummasyz. Eger-de öljek bolsaňam öňürti şuny öldürip ölmeli, gaçjak bolsaňam, öňürti şuny öldürip onsoň gaçmaly.
...Ol daňdanaralar gowagyň agzyny alyp ýatan Aýuwyň ýanyna süýrenjiräp bardy. Onuň süýji ukyda ýatandygyna gözi ýetensoň pişik basyşyny edip, gitdi-de, gowagyň içindäki daşlaryň gyýçagragyny jaýdarragyny alyp geldi. Başujuna geçdi. Daşy dik depesine göterdi-de, Aýuwyň ýazzy maňlaýyndan inderdi. Aýuw arlap beýlesine öwrüldi. Daş düňküldäp ýere degdi. Gowagyň içi sarsyp gitdi. Atamgyzy ikinji gezek urdy. Aýuw bu gezegem agdaryldy. Näçe gezek ursa olam şonça gezek togalandy ýatdy.
Bu – onuň ukydaka hem bar zady edil oýalykdaky ýaly duýýandygynyň alamatydy.
Şeýlelik-de Atamgyzyň o niýetem başa barmady. Ýöne, umytdanam düşmedi. Başga bir amatly ýagdaýyň ýüze çykjakdygyna arzuwynyň hasyl boljakdygyna ynandy.
...Wagt geçdi. Tomus sowuldy. Güýz düşdi. Agaçlaryň ýapraklary saraldy. Demirgazykdan öwüsýän sörtük şemal gowagyň içini sowatdy. Hä diýmänem daş-töwerek ak gara bürendi. Gowagyň diwarlary gyrawlady. Içinde buz doňdy. Ir-iýmişler sowuldy. Aýuw ýene-de et getirip ugrady. Emma Atamgyzy çig et iýmedi. Arly tomus ýygnan şänikleriniň maňyzyny, guradan kişdelerini, pisselerini iýip oňňut etdi, çöp-çalamlary bir ýere üýşürip özüne ýatar ýaly ýer edindi. Üstündenem Aýuwyň awlap gelen haýwanlaryndan sypyryp alan ululy-kiçili deri böleklerini ýazdy. Emma “düşege” onuň özündenem öňürti Aýuw geçdi. Şonuň üçinem ol özi üçin ýene bir ýerjagaz edinmeli boldy. Şeýdibem bu ejizje, naçar gyz üçin, yns-jynssyz dagyň içinde, il-günden alysda, tükeniksiz öý hysypdylary başlandy.
Dogry, Atamgyzyň öz hasabyna görä ýygnanja hurşy gyşdan çykara arkaýyn ýetmelidi. Emma gapdalyndaky öýkünjeň bela Atamgyzy birini iýse onusyny iýdi, bir gysym iýse on gysym iýdi, şeýdibem onuň ýalagyna suw çaýkady oturyberdi. Telim günläp hiç ýana gitmän, gowagyň ortarasynda çiň arkan düşüp şänik çakyp ýatan gezeklerem boldy.

Edebiýat, yyldyz. tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir