BAŞGA PLANETADA -2
Olaryň ýaşaýan jaýlarynyň depesinde atanak haç görnüşde şekillendirilen simwollar bardy. Men olaryň anten görnüşli aragatnaşyk enjamydygyny pikir edip gelýärkäm ýanymdaky başga planetaly saklandy-da: ''Bu görýän jaýyň depesindäki belgi aragatnaşyk enjamy däldir'' diýip ýene öňüne bakdy-da gidiberdi. Menem onuň yzyna düşdüm. Men içimden: ''Bu meniň hemme pikirlerimi okap gelýär, indi näme bolarka, biz nirä barýarys???'' diýip ýene göwün ýüwürden boldum...
Ýolda barýarkak başga planetaly: ''Gorýäňmi, biziň ýaşaýan dünýämiziň siziň dünýäňiziňkiden üýtgeşik ýeri ýok, bu ýeriniň hem özboluşly geçmişi we gurýan geljegi bar. Geçmişde bize diňe bir sapar howply erbetliklerden düzülen uruş bolup geçipdir. Şol uruş bu dünýäniň öz arasyndaky erbetligi ýok etmek üçin alynyp barylan howply uruş bolupdyr. Öwredişlerine görä şol erbetligi ýok etmek üçin biziň ulylarymyz ellerinde baryny gaýgyrmandyrlar. Birnäçe müň ýyl mundan ozal bu dünýä, ýagny biziň aramyza başga bir dünýäli ynsan gelipdir. Onuň erbet niýeti ýok bolup diňe biziň ulylarymyzyň biri bilen gürrüňdeş boljakdygyny ýaňzydypdyr. Biziňkiler onuň üýtgeşik hem geň şekilledigini görüp geňirgenipdirlerem. Soň bolsa onuň ýanyndan aýrylyp bukyda ýatyp onuň üstüne hüjüme geçipdirler. Bu pahyr biziňkileriň şeýtjegini öňünden bilen ýaly gelen ulagynda oturypdyr. Biziňkiler bolsa onuň üstünden uçýan howa gämisini, ýagny äpet tarelkany iberip ulagy çekip alýarlar. Ulagyň içindäki gaýry dünýäden gelen bilen gysgaça sowal-jogap alyşylýar. Şonda gaýry dünýäden gelen biziň ulylarymyz bilen gürleşip durandygyny aňşyrýar. Biri-birleriniň pikirlerini okap, gürleşmezden düşünişýärler... Ol gaýry dünýäli dogrusy bizden kömege mätäç bolup gelen ekeni. Olaryň dünýäsine başga bir dünýäliler hüjüm edýär eken.
Biziň ulylarymyz basylyp alynjak Dünýäniň, ýagny bu gelen gaýry dünýäliniň Planetasynyň dolandyrmasynyň açaryny getirip bermekligi sargaýar. Şol kiçiräk düşünişmeden soň bu gaýry dünýäli öz planetasyna gyssagly uçup gidýär... Şondan soň birnäçe wagt geçýär, ýaňky gaýry dünýäli ynsan dolanyp gelýär we Planetanyň dolandyrýan açaryny, gutyda getirip berýär ulylarymyzyň birine...
Ulylarymyz gutynyň nädip döredilendigini, nähili zatlaryň ýetmeýändigini şo bada bilýär we dolandyrma açaryny üýtgedip sazlap başlaýar. Bu gaýry dünýälä bolsa şeýle diýýär: ''Bu açary düzgüne salyp sazlamalarda ýetmezçilikler bar, üst-üstesine-de bu ýalňyş bejerilipdir. Muny aslynda gurnan kim?'' diýip soranda gaýry dünýäli ''Biziň ulylarymyzyň biri'' diýip jogap berýär...
Biziň ulymyz oňa şeý diýýär: ''Bu açary sazlamak we düzetmek, hem gurnamak üçin bir az wagt gerek bolar'' diýeninde bu gaýry dünýäli ''Birnäçe wagt diýärsiňizmi? Ýöne biziň dünýämiz, eýýäm ýok boljak bolup dur, gyssanyň ahyry..!'' diýip elini ýüzüne tutýar. Biziň ulymyz açary düzetmäge girişýär. Ýöne eýýäm giçdi. Biziň demirgazyk tarapymyzda gulagyňy deşip, ýüregiňi elendirip gelýän partlama emele gelýär. Hawa, bu partlama Özboluşly planetanyň partlamasy bolupdyr. Şol görgüli gaýry dünýäli başga planetalynyň Dünýäsi ýok bolýar...
Olaryň planetasyny ýok eden erbet niýetli ynsanlar biziňem planetamyza howp salmaga başlapdyrlar. Ýöne biziň ulylarymyz olaryň hemmesini diýen ýaly gyrgyna berip bir az mukdardaky erbetleriň perzentlerini başga bir howpsuz planeta äkidip ýerleşdirip gaýdypdyr. Birnäçe wagtdan soň olar ýene siwilizasiýalaşyp ýanyndaky planetalara uçuş edip howp salmaga başlaýarlar. Aslynda olary, ýagny erbet niýetlileriň perzentlerini howpsuz planeta äkidip biziň ulymyz ýalňyşlyk goýberipdir. Olaryň hemmesini düýp-teýkary bilen ýok etmelidi welin düşen günlerine gynanypdyr we daş planetalaryň birine äkidip gaýdypdyr. Dolandyrmagy hem öz eline alypdyr. Ýöne birnäçe wagtdan ýaňky ulymyzyň ajaly ýetip dünýeden ötüpdir....''
- Şu birnäçe wagt diýýäniň nähili wagt bolýar?
- Birnäçe wagt diýýänim siziň gün ýörediş wagtyňyzdaky 1-2 aý ýa-da 100-200 ýyl aralygyndaky wagt hasaby...
Men onuň bu hasabyna geň galdym. Ol gürrüňini dowam etdirdi:
- Hawa şeýdip dolandyrylmadan galan Erbet niýetli adamlar töweregine howp salyp başlanlarynda siziňem deňäňizden sowulyp geçmändirler. Siziňem Dünýäňize baryp ýetýärler!?''
Men onuň bu gürrüň berip oturan zatlaryny diňlemegimi dowam etdirdim...
Siziň içiňizde ýaşap geçen Epikur şeý diýipdir-ä: ''Taňry ýa-ha etbetlikleri dep etmek isleýär, ýöne güýji ýetenok, ýa-da güýji ýetýär-de emma ol muny beýtmek islänok, ýa-da ol muny ne isleýär, ne-de muňa güýji ýetýär, ýa-da hem-ä isleýär, hemem güýji ýetýär. Eger muny isläp, güýji ýetmeýän bolsa, diýmek ol güýçsiz bolmaly, bu bolsa Taňra mahsus zat däl, eger güýji ýetip, düzetmek islemeýän bolsa, ol erbet niýetlidir, bulam edil ýaňky ýaly Taňra mahsus gylyklar bilen bir ýere sygyşjak zat däl, eger ne isläp, ne-de güýji ýetýän bolsa, ol hem-ä erbet niýetli, hemem güýçsizdir, bu ýagdaýda ol eýýäm Taňry däldir, eger hem isläp hemem güýji ýetýän bolsa bu eýýäm Taňra ýaraşýan häsiýetdir. Şeýle bolýan bolsa erbetlik haýsy (ýerden), nireden gelip çykýar, ýa-da Taňry neçüýn olary başymyzdan sowanok?'' diýip aýylganç soragy keserdip goýupdyr.
Aslynda şular ýaly düşünjeler şol erbet dünýädäki ynsanlaryň Ýere birnäçe müň ýyldan bäri gelip ornaşan wagtlaryndan soň döräp başlaýar...
(dowamy bar)
@Jeksparro
Başga planetada /dowamy-2/
-
Khanture
3 years ago
- aloooo
-
Jeksparro
3 years ago
- Teswir ýazdym pikirimi aýdyp...
-
Khanture
3 years ago
- Menem shol yere teswir yazdym. Okamak isleseng bar.
-
Jeksparro
3 years ago
- Ok
Khanture 3 years ago- http://talyplar.com/posts/69534
@Jeksparro bu blogym barada name aydyp bilersin?