Ýaňy dälmi?!
Elim gülli mekdebe.
Käbämiň elinden tutup gelenim.
Bu gün bolsa şol mähriban mekdepden,
Duýmak agyr deger baky gidenim.

Mugallymlar—ene-ata,
Synpdaşlar—dogan.
Bolup, öwrenişip gitdik 11-ýyl.
Durmuşyň ajysy-süýjisin deňje,
Paýlaşypdyk şonda biziň barymyz.

Bu gün bolsa şol mähirli ynsanlaň,
Gözlerinden akýar aýralyk ýaşy.
Mugallymlarym, synpdaşlam men size,
Taňrydan dileýän ýene müň ýaşy.

Men siz bilen sowdum gyşyň aňzagyn,
Men siz bilen geçdim tomsuň yssysyn.
Şu geçenje pursatlarmyz ömürlik,
Her demimde geler aglap ýatlasym.

Synpdaş oglanlar gulluk ýyllarňyz,
Sagamanja sowup geliň öýňize.
Aý kimin owadan synpdaş gyzlarmyz,
Sizem bezeg boluň her bir öýlere.

Ýokary okuwa girmek islegli,
Synpdaşlam nesip etsin arzuwňyz.
Sizem sagamanja 5 ýyly okap,
Alyň eliňize talyp diplomňyz.

Ýene-de ýazsam kän, yzy gutarmaz,
Ýöne ýazjaklaryma ýürek götermez.

Rahymberdi
Suhanow
24.05.21 15:20

Edebiýat, Durmus_Myradow tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir