Ýadymda süýji günlem, elimde harplygym,
Ýadymda ilki söýgim, ýazanja hatlarym
Indi bu zatlaryň barsy, bolar ýatlama
Garaşyp ýetilende, güneşli ak daňa

Bagyşlaň mugallymlar garagoldyk, biz çagadyk
Bilemzok beýle tiz geçjegin, wagty sagadyň
Diýýädiňiz geler bir gün, jüýje sanalşyk
Ine bu sanalşyk, gidýäris sag bolşup

Klasdaş oglan gyzlar, doganlam meniň
Mekdebim başkaça bilseň, ýürekde ýeriň
Mugallymlar sag boluň, berdiňiz bilim
Dünýäň syrly ylmyna, uzatmak üçin elim

Herimiz kär okuw diýip, uzakda bolsakda
Çagalyk edip birek biregi, dost ursakda
Size bolan söýgim biliň, ýaşar bu gursakda
Doganlam ganaýyn ýene, bu ajap pursatdan

Sag bol mekdebim hoşgal
Senli geçdi günlem hoşşal
Galar sensiz ýürek boşşap
Ýaşlyk hoş gal, Mekdep hoş gal!

Sende tapdym aglamany, sende gülmäni
Sende tapdym başgaça, görmegi bu dünýäni
Soňky jaň, soňky gün, okuwçy wagtymyz
Kepderler uçursun, al asmana bagtymyz

Dostlarym gider gider, ählisi öýlenip
Gyzlarmyz törde otyrar, bezenip öýmeli
Ütgäris bilmedim, boýumyz syratdan
Ýatlarys birek biregi, uçurum suratdan

Döneýin mekdebim, soňkyja sapagyma
Miýesser etsin girmek, Talyplyk hataryna
Bolaryn wepaly, Oguz kowmy akymyna
Bolaryn wepaly, Arkadagly Watanyma!!!

Döneýin mekdebim, soňkyja sapagyma
Miýesser etsin girmek, Talyplyk hataryna
Bolaryn wepaly, Ejem hem-de Kakama
Bolaryn wepaly, Arkadagly Watanyma!!!

Sag bol mekdebim hoşgal
Senli geçdi günlem hoşşal
Galar sensiz ýürek boşşap
Ýaşlyk hoş gal, Mekdep hoş gal!

Awtor: Pälwan Akmyradow(ZET-PRO2003)

Aýdymy ýüklemek üçin ssylka: https://betinden.com/musics/ZET-PRO2003_-_Hosh_gal_Mekdep

Edebiýat, ZET-PRO2003 tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir