Bir oglanjyk şaýat boldy şu waka,
Dünýäde söýgüniň beýik güýjüne.
Bir gezek huşunda gürrüň beripdi,
Aslynda ol waka girdi düýşüne.

Gezip ýörkä seýilgähiň içinde,
Gördi juwanlary el-ele duran.
Süýjilikden doly olaň sözleri,
Söýgiden püre-pür gara gözleri,
Soň bir günem gabat geldi olara,
Eýýäm söýgi bilen bagtlaryn guran.

Ýene bir gün duşup ýaňky oglanjyk,
Agzybir maşgala, bir eje-kaka.
Gülüşip, şatlanyp ýöremekligi
öwredýärdi olar körpeje çaga.

Bagtlydylar olar agzybirligne,
Gujaklap kiçijek perzentlerini.
Oglanjygam dileg etdi şol ýerde:
"Allam gowluk etgin geljeklerini!"

Soň bir günem geçip barýarka irden,
Bir akja, owadan jaýyň deňinden.
Açyk penjireden gelýärdi sesi,
Bir garryja gojaň aýdýan sözleri,
Tutup keýwansynyň mährem elinden.

"Seniň söýgiň bilen geldim şu ýaşa,
Seniň mähriň bilen geldim şu ýaşa,
Men bolýaryn senden müň kerem razy,
Sen keýwanym menden has uzak ýaşa!"

Şol wagt oglanjyk bakyp asmana,
Allah-a müňdebir şükür edipdi.
Diýdi:
"Eý, Allam sen nähili gözel
duýgy edip ýaradypsyň söýgüni.
Men indi görýärin, açyk görýärin,
Dünýäde söýgüniň beýik güýjüni!"

Rahymberdi
Suhanow
"Çyn söýgüniň şaýadydyr şu goşgy"
14.02.21 21:21

Edebiýat, Durmus_Myradow tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir