Men saňa neneňsi garaşanlygmy,
Bilsediň gözleriň dolardy ýaşa.
Alys ýollar geçip, daglara baryp,
Bilsediň söýgümi ýazanmy da:şa.

Bu gysga wagt däl, bir gün, hepde däl,
Garaşdym men saňa şol ýyllar boýy.
Kemsinip, ymsynyp galdym şu çaka,
Eýýäm dostlarymam tapyndy taýy.

Bilýän-le wah!
Bir gün-ä sen gelersiň.
Ýaraly kalbyma derman bolarsyň.
Sowukdan saralyp, guran ellerim,
Gyzgyn mähriň bilen gurşap alarsyň.

Mende bir umyt bar.
Ýeketäk umyt.
Ol hem seniň bir gün gaýdyp geljegiň.
Bilýärin!
Duýýaryn!
Diňeje şuny.
Garaşýan ýerimden uzaga bakyp,
(Seniň şo-ol alysdan gelýäniň görüp),
Gözlerim begençden ýaşly güljegin.

Şonuň üçin ýene-de men garaşjak,
Elimde sowgatlyk bägülim bilen.
Ýürek syzýar, sen iru-giç gelersiň,
Biz hökman ýaşarys beýik bagt bilen.

Rahymberdi
Suhanow

12.12.20 23:06

Edebiýat, Durmus_Myradow tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir