Iň köp elektrigi özünde jemleýän tokly ýylan balygy Braziliýanyň we Gaýananyň derýalarynda ýaşaýar. Uzynlygy 1,8 metre ýetýän bu balyk ýyrtyjy balyklaryň maşgalasyna degişlidir. Ýylan balygynyň bedeniniň tok çykarýan bölegi jübüt synadan ybaratdyr. Tokly ýylan balygy öz awyny awlan wagty 650 wolta çenli elektrik toguny çykaryp bilýär. *** Awtoulagymyzda “ýangyç gutardy” ýa-da “ýangyç gutaryp gelýär” diýen duýduryş çyrajygy (bu çyrajygy köplenç gyzyl we goýy sary reňkde bolýar) ýananda özümize golaý bolan ýangyç bekediniň nirede ýerleşýändigi barasynda pikirlenip başlaýarys. Muňa garamazdan, duýduryş çyrajygy ýanan wagty awtoulagyň ýangyç pompasy bilen ýangyç gabynyň arasyndaky turbalarda 2-3 litre çenli benzin galýar. Az mukdardaky ýangyç bilen 40-60 kilometre çenli ýol geçmek mümkin. Ýöreljek ýol awtoulagyň kysymyna we ýangyjy ýakyşyna görä üýtgäp bilýär. *** Bananyň düzüminde ýokary derejede aşgar kislotasy (tannic acid) bar. Bişen banandaky aşgar kislotasy onuň beýleki düzüm böleklerini hem öz içine alýar. Heniz bişmedik, reňki ýaşyl bolan bananda aşgar kislotasy bolmaýar. Şol sebäpdenem dilimizi ýylmanak hala getirýän glikozaminoglikan (bu adalganyň başga ady mukopolisakarid) atly maddanyň bolmagyna-da päsgelçilik döreýär. Şeýlelikde, dilimiz gurap, agzymyzda turşumtyk, gamaşdyryjy tagam döreýär. Şol bir wagtyň özünde bişmedik bananda örän ýokary derejede krahmal bar.
Size mälimmi?
-
Farida
14 years ago
- laplandiya gowy mozwuk sag bol,yone name ucindir bu tayda banany gok wagty cala bisen wagty iyyaler
-
sukomoto
14 years ago
- banandaky tannik asid peýdalymy ýa zyýanly?
-
nashyja
14 years ago
- Banan iyip oljek bolyanam bar barde saytda
-
cool88
14 years ago
- Banany iyip oldurjek bolyan sozun bamy?
-
nashyja
14 years ago
- sozum yok,ilki ozun diri gal son olduray vaska
Laplandiya 14 years ago- Haýwanat dünýäsindäki janly-jandarlaryň durmuşy, iýmitlenişi, aýratynlyklary hakynda bilýän zatlarymyzdan bilmeýän zatlarymyz köp bolsa gerek.
Muňa garamazdan, tebigat hakynda bilmeýän zatlarymyzyň sany ýyl-ýyldan azalýar. Mysal üçin, sanlyja ýylyň içinde geçirilen barlaglaryň netijesinde Aziýanyň günorta-gündogarynda ösümlikleriň we haýwanlaryň 163 görnüşi tapyldy. Bu barada Tebigaty goramagyň halkara gaznasy (World Wildlife Fund - WWF) habar berýär. Tapylan janly-jandarlaryň arasynda ösümlikleriň ýüzüsi, balyklaryň 28-isi, süýrenijileriň 18-isi, ýerde we suwda ýaşaýan haýwanlaryň 14-üsi, süýdemdirijileriň ikisi, guşlaryň bolsa bir görnüşi bar.
Geliň, indi bolsa käbir haýwanlara, olaryň aýratynlyklaryna seredip geçeliň.
Atlar
Atlar täsin we duýgur haýwanlaryň hataryna girýär. Atlaryň aýratynlyklarynyň biri, olaryň gözleriniň biri-birine garaşsyz ýagdaýda görýänligidir. Ýagny, atyň her gözi aýratyn bir zady görüp bilýär. Şeýle-de, atlar şol bir wagtyň özünde öňüni, iki gapdalyny we yzyny görüp bilýär.
Balary
Balarylarynyň özboluşly täsin dünýäsi bar. Olaryň ynsanlaryň saglygy üçin zerur bolan iýmitleriň möhümini - baly berýändigi bolsa her birimize mälim bolsa gerek. Balarylary örän işeňňir jandarlardyr. Balarylarynyň bäş gözi bar. Olaryň üçüsi kellesiniň ýokarky böleginde, ikisi öňünde ýerleşýär. Balarylarynyň geň galaýmaly aýratynlyklarynyň biri, öz bellän iýmitiniň ýanyna dört minutyň dowamynda baryp ýetip bilmese, öz iýmitiniň nirededigini unudýar, ýadyndan çykarýar.