Ýedi ýaşynda Singapurda orta mekdebiň himiýa synagyny tabşyran Aýnan Seleste Kawliý (häzir 10 ýaşynda) ýokary bilim almak üçin Malaýziýa göçüp bardy.Onuň maşgalasy Malaýziýanyň uçursyz zehinli çagalaryň intellektual derejesiniň kämilleşmegi üçin ençeme işleri alyp barýandygy üçin bu ýurda gelendiklerini mälim etdiler. Aýnanyň ejesi Şahada Osman Kawliý artist, kakasy Walentin Kawliý bolsa ýazyjy hem alym hökmünde tanalýar. Kakasynyň aýtmagyna görä, zehinli Aýnan doglany bäri surat çekmegi halaýar. Ýaňy dört ýaşyndaka Aýnan üç ölçegli suratyň jogabyny tapyp, onuň suratyny çekmegi başarypdyr. Haçan-da, ol öz daýzalaryndan himiýa kitabyny alanda 6 ýaşy hem dolmandyr. Ýedi ýaşyna barýança ol himiýa boýunça orta mekdebiň maksatnamasynda berilýän soraglaryň ählisine jogap berip bilipdir. Sebäbi zehinli Aýnan birnäçe aýlap internetiň kömegi bilen himiýa sapagyny alypdyr. 2008-nji ýylyň sentýabrynda Aýnan pi sanyny ýatdan aýtmakda ýokary üstünlik (ýagny, oturdan soň 518 sana çenli ýatdan aýdyp bilýär) gazanýar. Aýnanyň dokuz ýaşyndaky üstünligi barada aýtsak, 2008-nji ýylyň sentýabr aýyndan başlap ol kakasyndan fizika dersini alyp başlaýar. Geçen ýylyň ýanwar aýynda bolsa fizika boýunça orta mekdebiň synagyndan geçýär. Kiçijik, uçursyz zehinli Aýnan uly adamlar bilen ylmy dilde, çagalar bilen çaga dilinde gürleşip bilýär.
10 yashyndaky zehinli chaga
-
nashyja
14 years ago
- oyyyyyyy bliiiiin biza 20 mi yashap himiyan namediginem bilemizok,bu chagajayk bizden one gidya,turba dvigatel otyrmykanay
-
guest
14 years ago
- molades ekenow, ol çaga-alym alym bolarow
-
Farida
14 years ago
- mun yaly cagalara wunderkind diyilya! :-))su gyzyn ejesi-kakasy hazir guwanyp yorendir... Allajanymdan hayysym nesip bizde-de cagamyz bolar,biz hem sheyle guwanalyng!
-
sukomoto
14 years ago
- hic zadam ýoklaý. 6 ýaşyňdan himiýany öwredip, ýörite internet kurs berseler senem bilersiň. bizdede bardyr oň ýaly zehinli çagalar. hany şoňa başga sapakdan sora hany, zat bilmez.
ýöne umuman pes diýjek däl, ýöne gaty geň galar ýaly zatýok.
-
nashyja
14 years ago
- Sukki dos,bilensiremehow,davay sana shu wagt owredeli,sen shular yaly,bolarmykan
-
Lukmanhekim
14 years ago
- ey o caga MENDEL dayynyn /MENDELEYEWIN/ agtygy bolaymasyn
-
Lukmanhekim
14 years ago
- ey o caga MENDEL dayynyn /MENDELEYEWIN/ agtygy bolaymasyn
-
sukomoto
14 years ago
- gözünde ullakan äýnek barmy?
-
nashyja
14 years ago
- Sukki senem gozun japonlanky yalymay
-
sukomoto
14 years ago
- ýok olaryňky biraz ulurak.
Laplandiya 14 years ago- dostlar men hayran galdym chagajyga,ulalsa naili alym boljagy belli dal....