Biri ejir çekýär pulsuzlygyndan,
Biri ejir çekýär gözsizliginden,
Biri bolsa nalap sözsizliginden,
Garaz herkimde bar, durmuş hasraty.

Birisi tapman ýör gündeki nanyn,
Birisi gözläp ýör öz söýjek ýaryn,
Biri perzendiniň saglygy üçin,
Orta goýjak bolýar öz gymmat janyn.

Rahymberdi
Suhanow

Edebiýat, Durmus_Myradow tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir