Ejesi nesihat berdi zürÿada
Kebelegim hergiz ucmagyn oda.
Emma kebelejik gulak salmady,
Ejesiniñ nesihatyn almady

Pysyr-pysyr edip, geçdi her ÿana
Yşygyñ daşynda boldy perwana.
Ejesi gygyrÿar bolup ot-elek,
Ägä bol ot gorkulydyr kebelek.

Joşup huruç alÿar hyjuwly yaş gan,
Pyrlanÿar-pyrlanÿar ol gulak asman.
Lowurdaÿar şem yşygynyñ şöhlesi,
Bes, kebelek uçma-diÿÿär ejesi.

Birden oduñ ÿalynlary çabrap
Ÿakdy kebelegi diline çolap.
Saña sapak bolsun sapak al şondan,
Gorkgun oglum, gorkgun söÿgi odundan.
Awtory, gosgynyn ady yadyma dusenok bilyaniniz bar bolsa aydayyn. Bayramlarynyz bilen gutlayan eden doga-dilegleriniz kabul bolsun Ämin!!!
13.05.2021 11:52

Edebiýat, Xyivenia tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir