"Şehrullahi'l-Muharrem" ady bilen meşhur bolan, ýagny, "Allah'yň aýy Muharrem" diýlip bilinýän Muharrem aýy, Ylahy bereket we feýziň, Rabbani yhsan we keremiň joşan we bollaşan bir aýdyr. Allah'yň aýy, güni we ýyly bolmaz, emma Allah'yň rehmedine ermegiň zerur bir ursady bolanlygy üçin, Pygamberimiz (s.a.w.) tarapyndan şu şekilde atlandyrypdyr. Aşura Güni bolsa Muharrem'iň 10-njy günidir. Aşura Gününiň Allah gatynda aýry bir ýeri bardyr. Bugünde Jenab-y Hak on pygamberine on dürli yhsan edendir we mukaddesligini artdyrandyr. Bu günlerde agyz beklemek örän fazylatlydyr.
Muharrem Aýy we Aşure Güni
-
Dertli
15 years ago
- Bu güne "Aşura" diýilmeginiň sebäbi, Muharrem aýynyň onunjy gününe gabat gelýänligi üçindir. Hadys kitaplarynda geçenine görä bolsa, bu güne bu adyň berilmeginiň hikmeti, şol günde Jenab-y Hak, on pygambere on dürli yhsan we bagyş edenligi üçindir. Bu bagyşlar şeýle bildirilýär:
1. Allah, Hz. Musa (a.s.) Aşura Gününde bir mujize yhsan edip, deňizi ýaryp, Firawun (Faraon) bilen goşunyny suwlara gark edipdi.
2. Hz. Nuh (a.s.) gämisini Judi Dagynyň üstüne Aşura Gününde demirläpdi.
3. Hz. Ýunus (a.s.) balygyň garnyndan Aşura Güni halas bolupdy.
4. Hz. Adam'yň (a.s.) tobasy Aşura Güni kabul edilipdi.
5. Hz. Ýusup (a.s.) doganlarynyň atan guýusyndan Aşura Güni çykarylypdy.
6. Hz. İsa (a.s.) şol gün dünýä gelipdi we şol günem göge galdyrylypdy.
7. Hz. Dawud'yň (a.s.) tobasy şol gün kabul edilipdi.
8. Hz. İbrahim'iň (a.s.) ogly Hz. İsmail şol gün dogulypdy.
9. Hz. Ýakupyň (a.s.), ogly Hz. Ýusub’yň hasratyndan ýaňa ýapylan gözleri şol gün görmäge başlady.
10. Hz. Eýýub (a.s.) hassalygyndan şol gün şypa gowuşdy.(Sahih-i Müslim Şerhi, 6:140.)
-
Dertli
15 years ago
- Hz. Aýşä’niň (r.anha) bildirşine görä, Käbä’niň örtüsi öňler Aşura gününde çalşylardy.
Ynha, şeýle manyly we mukaddes hadysalaryň ýyllygy bu mübärek gün we gije, Saadat Asyryndan bäri Musulmanlar tarapyndan hemişe gutlanylyp gelindi. Bu günlerde ybadat üçin has köp wagt aýyrypdyrlar, başga günlere garanyňda köp haýyr-hasanatda bolupdyrlar. Çünki, Jenab-y Hakkyň bu günlerde edilen ybadatlary edilen tobalary kabul etjegine hakynda hadyslar bardyr.
Aşura Gününde ilkinjiybadat bolsa, agyz beklemekdir. Muharrem aýy we Aşura Güni, Ehl-i Kitap bolan Hristiýan we. Ýewreýler (Ýahudiler) tarapyndan-da mukaddes saýylardy. Şeýle-de, Pygamberimiz Aleýhissalatü Wesselam Medinä hijret edenden soň, ol ýerde ýaşaýan Ýewreýler iň agyz bekleýändiklerini öwrendi.
"Bu nämäň orazasydyr?" diýip sorady.
Ýewreýler, "Bu gün Allah'yň Musa (a.s.)’a duşmanlaryndan halas eden we Faraony bogduran günüdir. Hz. Musa (a.s.) şükür edip, bu gün agyz bekledi" diýdiler.
Mundan soň Resulullah Aleyhissalatü Wesselam hem, "Biz, Musa'nyň sünnetini ihýa etmäge (ýerine getirmäge) has ýakyn we hak eýesidiris" buýurdy we şol gün agyz bekledi, agyz beklenilmesini-de emr etdi.(Ibtıı Mäje, Siýam: 31.)
-
Dertli
15 years ago
- Aşura güni yalňyz ehl-i kitap arasynda däl, Nuh Aleýhisselamdan başlap mukaddes hasap edilýärdi, Yslam’dan öň Jahiliýýe döwründe, Araplar arasynda İbrahim Aleyhisselamdan bäri mukaddes bir gün diýip bilinýärdi we agyz beklenilýärdi.
Bu hususda Hezret-i Aişe enemiz şeýle diýýär:
"Aşura, Kureýş kabylasynyň Jahiliýýe döwründe agyz bekleýän bir günüdi. Resulullah-da muňa uýgyn hereket edýärdi. Medinä hijret edende bu orazany dowam edipdi we başgalaryna-da emr etdi. Emma Ramazan orazasy parz kylynanynda, özi Aşura gününde agyz beklemegini goýdy. Mundan soňra Musulmanlardan isteýän bu günde agyz bekledi, isleýän beklemedi." (Buhari, Sawm: 69.)Ol wagtlar heniz Ramazan orazasy parz kylynmanlygy üçin Peygamberimiz we Sahabalary wajyp şekilde şol günde agyz beklenilýärdi. Ramazan orazasy parz kylynandan soň Pygamberimiz her kimiň erkine berdi. "İslän tutar, islän terk edip biler" buýurdy.(Müslim. Siam: 117.). Şeýlelikde Aşura orazasy sünnet bir oraza bolup galdy.
Aşura orazasynyň fazylaty hakynda-da şu mealde hadyslar zikredilýär.
Bir şahys Pygamberimize (s.a.w.) geldi we sorady:
"Ramazan'dan soňra nä wagt agyz beklemegimizi maslahat edersiňiz?"
Pygamberimiz Aleyhissalatü Wesselam, "Muharrem aýynda agyz bekle. Çünki ol, Allah'yň aýydyr. Onda şeýle bir gün bardyr, Allah ol günde bir kowmuň tobasyny kabul etipdir we ol günde başga bir kowmu-da bagyşlap biler" buýurdy.(Tirmizi. Sawm: 40.)
-
Dertli
15 years ago
- Ýene Tirmizi’de-de geçen bir hadysda Pygamberimiz (s.a.w.) şeýle buýurýar:
"Aşura Gününde tutulan orazanyň Allah gatynda, şol günden öň bir ýylyň günälerine keffaret bolup biljegi güýçli umyt edýärin" (A.g.e., Sawyn: 47.)
"Ramazan aýyndan soňra iň fazylatly oraza, Allah'ıň aýy bolan Muharrem aýynda tutulan orazadyr” (İbni Mäje. Siýam: 43.) hadys-y şerifi bolsa, bu günlerde tutulan orazanyň fazylatyny görkezýär
Bu hadysyň düşündirişinde Ymam-y Gazaly, "Muharrem aýy Hijri senäniň başlangyjydyr. Beýle bir ýyly agyz beklemek ýaly haýyrly bir esasa daýamak has gowy bolar. Bereketiniň dowamy-da has köp umyt ediler” diýýär.
Isle Ýewreýlere meňzemezlik, isle-de orazany dogry Aşura Gününe deň getirmezlik üçin, Muharrem'iň dokuzynjy, onunjy we on birinji günlerinde agyz beklemek maslahat berilýär.
Bu manydaky bir hadysy İbni Abbas rowaýat edýär. Munuň üçin, müstehap bolan, Aşure Gününi ortalap, bir gün öňünden ýa-da bir gün soňundan agyz beklemekdir.
Bu günde orazadan başga haýyr, hasanat we sadaka ýaly gözel adatlaryň ýerine getirilmesi ýerlikli bolar. Herkim başardygyça maşgalasyna, garyndaş we goňşularyna yhsan we hödür-kerem eder, bu günleriň fazylatlaryny bildirýän hadyslary ýatlap yhsanda bolsa, şübhesiz sogabyny gat-gat aljakdyr. Hususan-da, Pygamberimiz (s.a.w.), mü'miniň maşgalasyna Aşura Gününde her wagtdakydan has köp bagş etmesi maslahat berilýär.
Bîr hadysda şeýle buýurylýar: "Her kim Aşura Gününde maşgalasyna we öý halkyna bagyşda bolsa, Jenab-y Hak-da ýylyň bütininde ryzkyna bereket we giňlik yhsan eder." (et-Tergîb we'l-Terhİb, 2:116.) Bu maşgala agzasynyň içine garyndaşlar, ýetimler, goňşularam girýär. Emma, munuň üçin külpete girmäge, maşgala ýagdaýyny dynamaga gerek ýokdyr. Her kim ýagdaýyna görä yhsan eder.
-
Dertli
15 years ago
- Aşura gününiň magnawy we päkligi üstüne Kerbela garaňkylygynyň goýulygy-da görülýär. 61-nji hijret ýylynyň Muharrem'ine degişli 10-njy gününde Hezret-i Ymam Hüseýin (r.a.) 55 ýaşynda wagty Sinan bin Enes atly bir haýyn tarapyndan Kerbela'da wagşyça şehit edilipdi. Bu gadr we zulmuň arkasynda Emewi Halyfy Ýezid, onuň Küfe walysy İbni Ziýad bardyr. Ýarym asyr öňünden Pygamberimiziň özüniň habar beren bu ýürekleri ýakan waka Hezret-i Hüseýin'i Jennet ýaşlarynyň başy bolmak şanyna eýe etdi..
Şehitler garşylygyny alyp iň beýik mertebelere ulaşandyr. Beýik Allah'yň hem zalymlara hake den jezalaryny iň adalatly görnüşde berjeginden şübhämiz ýokdur. Ýazgyt höküme boýun egen her mü'min bu ýagdaýa gynanar, emma häsiýetini we sowukganlylygyny elden bermez. Duýgulary ýalňyşlara we joşgunlyklara eltmez. Çünki bolup geçen bütin wakalar ezeli takdyryň bir hökmüdir. Bu sebäpden muny bir "ýas merasimi" halyna döndürmek ehli-i sünnetiň ygtykat we ynanjyna tersdir.
-
Muhammed
15 years ago
- Mashallah dost Allah razy bolsun gaty gowy yazypsyn nireden yazyan?
-
Bilgi
13 years ago
- minnetdar,sheyle maglumatlary yenede wagtynda yetirip durayynda?
-
prezident
13 years ago
- dertli dost sagbol
mende sorag bar: 2. hz. nuh (a.s.) gämisini judi dagynyň üstüne aşura gününde demirläpdi.-diýipsiň
-
mirasymyz
13 years ago
- Allah razy bolsun, eliň-gözüň dert görmesin.
Dertli 15 years ago- Hijri ýylynyň ilkinji aýy bolan Muharrem aýynyň 10-njy güni Aşura Günüdir. Muharrem aýynyň beýleki aýlar arasynda aýry bir ýeri bolşy ýaly, Aşura Gününiňem beýleki günler içinde has mübärek we bereketli bir ýeri bardyr.
Aşura Gününiň Allah gatynda-da örän seçgin bir ýeriniň bardygyny Fejr Süresiniň ikinji aýaty bolan "On gijä ant bolsun" sözleriniň tewsirlerinden öwrenýäris.
Käbir teswirçilerimizde bu on gijäniň Muharrem'iň Aşurasyna çenli geçen gijelerdigi beýan edilýär.(Hak Dini Kur ân Dili. 8 5793.)
Jenab-y Hak, bu gijelere ant edip (ýemin edip), olaryň mukaddesligini we berekedini bildirýär.