Yslamyň hoşniýetlilik, geçirimlilik örüsi şelýe bir giňdir welin, hatda ynsany ynjydyp biljek bir sözi aýtmak-da Söýgüli Pygamberimiz (s.a.w.) tarapyndan ýazgarylandyr. Meselem, Ebu Jehil Älemleriň Serweriniň (s.a.w.) ençeme sapar Yslama çagyryşyndan ýüz öwrüp, imansyz ölüp giden betbagtdyr. Ynha bu nadan adam tutuş ömrüne Hezreti Pygambere (s.a.w.) duşman bolup geçýär. Emma, Mekgäniň eýelenmeginden bir müddet soňra musulman bolan Ebu Jehiliň ogly Ikrimäniň hem gatnaşan bir mejlisinde sahabalaryň arasynda Ebu Jehiliň erbetlikleri ýatlanylanda, çäksiz söýgi we geçirimlilik ynsany bolan Allah Resuly (s.a.w.): “Atalaryny aýyplamak we olar barada ýersiz söz aýtmak arkaly perzentlerini ynjytmaň” diýýär.
Ynsana hormat…
-
şakird
15 years ago
- Meselä has giňişleýin göz aýlalyň: size sabyr käsäňizi daşdyran, gazap donuňyzy geýdiren bir hadysa bar diýeliň. Eliňizden gelse, Ýunusyň aýdyşy ýaly, elsiz, dilsiz we köňülsiz ýaly özüňizi alyp barmalysyňyz. Kuran-y Kerim ynsanyň gahardan ýaňa garagynyň gapylan bu pursatynda gözel ahlak eýeleriniň nähili hereket etmelidigine yşarat hökmünde, aýatyň mowzugymyz bilen baglanyşykly bölüminde: “Olar şeýle alyjenap ynsanlardyr. Sabyr käselerini püre-pür dolduran hadysalarda-da gaharlaryny tiken ýuwdan ýaly ýuwdarlar, ýuwdarlar we ynsanlaryň aýyplaryna göz ýumarlar” diýip buýurýar.
-
şakird
15 years ago
- Allah Resulynyň (s.a.w.) ýaşaýşyna syn edenimizde, aýaty kerimde düşündirilýän bu esaslaryň ählisiniň Onuň (s.a.w.) durmuşynda ornaşandygyny görýäris. Meselem: “Men zyna etdim, jezam name bolsa beriň, meni päkläň” diýip günäsini boýun alan bir sahaba Nebiler Serweri (s.a.w.): “Dolan yzyňa, toba et. Allahyň bagyşlamajak günäsi ýokdur” diýýär. Başga bir hadysada bolsa, sahabalardan biri malyny ogurlandygy üçin başga bir adamyň üstünden Resulullaha (s.a.w.) şikaýat edýär. Emma, ýaňy jezanyň amala aşyryljak pursady, “Men şikaýatymy gaydyp alýaryn, bu şahsy bagyşlaýaryn” diýen dawagäre Pygamberimiz (s.a.w.): “Meseläni name üçin kazyýete çenli uzatdyň, başdan bagyşlasaň bolmadymy?” diýýär.
-
şakird
15 years ago
- Ynha, dinimiziň asyl çeşmelerine ýüzlenenimizde, bu günki gün ynsanlara kine we ýigrenç bilen doly, özlerinden başga her kime – musulmana, ýahuda, hristiýana garşy gazap atyna atlanan we älemi “Kapyr” diýip garalaýan ynsanlaryň tutan ýollarynyň musulmana ýaraşýan ýol däldigi ýüze çykýar. Çünki, ýokarda hem belleýşimiz ýaly, Yslam doganlyk we hoşniýetlilik dini, musulman-da her dürli terrorçylykly hadysadan uzak, kine we ýigrenjiň her dürlüsini kalbyndan çykaryp atan söýgi we muhabbet gahrymanydyr.
-
sukomoto
15 years ago
- şakird, saňa birniçe sowal:
1. kyýamatdan soňra dowzahda adam köp bolarmy ýa-da jennetde? bu barada bir zatlar aýdylanmy ýa-da diňe alla bilýärmi? Çaklap bilip bolarmy?
2. Häzirki musulman bolmadyk ähli adamlar dowzaha girermi?
şakird 15 years ago- Mowzuk bilen baglanyşykly başga bir hadysy şeriflerinde Ol (s.a.w.): “Bir kişiniň ene-atasyna sögmegi, paýyş söz aýtmagy uly günälerdendir” diýýär. Sahabalar: “Ýa Resulullah! Heý-de ynsan öz ene-atasyna paýyş söz aýdarmy?” diýip soraýarlar. Nebiler Serweri (s.a.w.): “Hawa, bir adam başga biriniň atasyna söger, ol-da onuň atasyna sögende; ýa-da birisi başga biriniň enesine söger, ol-da onuň enesine sögende, ol kişi öz ene-atasyna sögülmegine sebäp bolmak bilen, olara özi sögen ýaly bolar” diýip jogap berýär.
Rehmet Pygamberi (s.a.w.) ynsana hormat meselesine şeýle uly ähmiýet berýärkä, bu gün entek hem dini perde edinip, düzeldilmegi kyn maddy we ruhy ýykgynçylyklara, bidüzgünçiliklere sebäp bolýanlar, ynsan janyna gyýýanlar, elbetde, bu diniň Pygamberine düşünmeýärler diýmekdir. Çünki, Yslamda we Allah Resulynyň (s.a.w.) hoşniýetlilik dünýäsinde kinä we ýigrenje ýer ýokdur.
Kuran-y Kerimiň aýatlaryna üns berlende, onuň hemişe geçirimliligi esas alýandygyny görýäris. Takwa eýeleriniň gözel ahlaklary sanalýan bir aýaty kerimede şeýle buýrulýar: “Ol takwa eýeleri, … gaharlaryny ýuwdarlar we ynsanlaryň hatalaryny bagyşlarlar. Allah ýagşylyk edenleri söýer.”