“Nokia N95”, “N96”, “N97” ýaly 3G-li telefonlara ýaňy-ýaňy öwrenişip başlapdyk welin, telefon öndürijiler eýýäm 4G tehnologiýaly jübi telefonlaryny öndürip başladylar. Mysal üçin, “LG Electronics” şereketi “LTE” (4G) tehnologiýaly jübi telefonlaryny öňümizdäki ýylyň ilkinji çärýeginde satyp başlajakdygyny habar berdi. “Ericsson” şereketiň wekilleri hem “M700” platformasyndaky “LTE” jübi telefonlarynyň üstünde işläp başlandyklaryny, 2010-njy ýylyň ortalaryna önümçiligine başlanjakdygyny aýtdylar. Elbetde, jübi telefony operatorlary hem telefon öndürijilerinden yza galanoklar. “GSA-nyň” (Jübi telefonlaryny satýanlaryň global assosiasiýasy) geçiren gözleglerinde 21 ýurtdaky 42 jübi telefony operatorynyň 4G hyzmatyny bermäge taýýardygy anyklandy. Germaniýada “Vodafone” şereketiniň 4G hyzmatyny ilkinji bolup berip başlamagyna garaşylýar. Şereket bu hyzmaty 2010-da ýa-da 2011-de berip başlamakçydyr. ABŞ-nyň, Kanadanyň, Şwesiýanyň, Norwegiýanyň, Ýaponiýanyň hem-de Günorta Koreýanyň operatorlary bolsa ondanam öň 4G hyzmatyny bermekçi. Mysal üçin, ABŞ-da ilkinji 4G hyzmaty “Verizon Wireless” şereketi tarapyndan 2009-yň ahyrlaryna ýa-da 2010-yň başlaryna berlip başlanar.

Köneler, Laplandiya tarapyndan 14 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir