ABŞ-nyň hem-de Germaniýanyň kompýuter akademiýalarynyň taýýarlaýan “Dünýäniň iň güýçli 500 kompýuteri” reýtinginiň 34-njisi çap edildi. Ilkinji üç ýeri “AMD” şereketiniň prosessorlary bilen işleýän kompýuterler eýe­ledi. ABŞ-nyň Tennesi ştatynyň Okrij şäherinde ýerleşýän ABŞ-nyň energiýa boýunça depar­tamentindäki “Cray XT5” kompýuteri dünýä­niň iň güýçli kompýuteri diýlip yglan edildi. Bu kompýuter “AMD” şereketiniň 6 ýadroly “Opteron” prosessorlary bilen işleýär. Pro­sessorlaryň tizligi 2,26 Ghz bolup, komýuter­de jemi 224.162 ýadro bar. Kompýuteriň je­mi tizligi bolsa sekuntda 1,75 petaflopdyr. Ikinji ýeri geçen ýylyň reýtinginiň birinjisi “IBM” şereketiniň “Roadrunner” kompýuteri eýeledi. Kompýuter 1,8 Ghz tizlikli “Opteron” prosessorlary bilen işleýär. Onda je­mi 122,400 ýadro bolup, tizligi sekuntda 1,04 petaflopdyr. Üçünji ýeri ABŞ-nyň Milli kompýuter bilimleri akademiýasyndaky “Kraken” atly kompýuter eýeledi. “Intel” şereketiniň prosessorlary bilen işleýän kompýuterleriň iň güýçlisi bolsa 4-nji ýeri eýelemegi başardy.

Köneler, Laplandiya tarapyndan 14 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir