älemiň iň çetki nokatlaryndan başlap, tä biziň planetamyza çenli iň uly galaktikalardan aýa çenli her bir zat düzgün-nyzamly ýaradylypdyr. her bir hadysa nähilidir bir maksatnama we hasaplar esasynda amala aşýar. geçirilen barlaglar bize şuny görkezýär: bu älemde iňňän inçe hasaplar ýöredilýär. kim haýsy tarapdan seretse seredibersin, bu aýdylanlaryň hakykdygyna göz ýetirer. mysal üçin, geometriýa bilen gyzyklanýan adamlar islendik bir ýeri özleriçe ölçeseler, şol ýeriň nähilidir bir ölçege we şekile eýedigini görerler. bu şekil islendik görnüşde bolmagy mümkin: üçburçlyk, dörtburçlyk… ýene bir mysal, matematika bilen gyzyklanýanlar biziň gün ulgamymyzy gözden geçirseler, bu ulgamdaky iň ýakyn we iň uzak planetalaryň arasyndaky uzaklygy ölçäp görseler, ýa bolmasa ähli planetalaryň arasyndaky uzaklygy ýeke-ýekeden ölçeseler, bu uzaklyklaryň arasynda üýtgemeýän gatnaşyklary hasaplasalar, taslap boljak ölçegleri tapsalar, onda olar diňe bir çäkli iki planetanyň arasynda däl, eýsem bütin äleme degişli formulalaryň, ululyklaryň we gatnaşyklaryň üstüni açarlar. alymlar özleriniň işlerinde mars bilen ýupiteriň arasyndaky uzaklygyň beýleki planetalaryň arasyndaky uzaklyk gatnaşyklaryna ters gelýändigini görüp, geň galdylar. emma alymlar ⅹⅸ asyryň başlaryndan ⅹⅹ asyryň başyna çenli, şu wagt aralygynyň dowamynda, bu iki planetanyň arasynda müňlerçe meteoritleriň belli bir ýodada hereket edýändigini görüp, şeýle netije çykarmaga mejbur boldular: “bu iki planetanyň arasynda üýtgeşik hasap ýöredilýär. heniz bilnmeýän uzaklyga degişli başgaça gatnaşyklar we formulalar bar. wagtyň geçmegi bilen ony-da anyklarys”. biz bu ýerde düşünjek bolýan meselämize gapy açyp, “oýlanma” atly çyrany ýakýarys. älemiň uç-gyraksyz sahypalaryndaky her bir setiriň, her bir sözüň beýik ýaradanyň bardygyna we onuň ýeke-täkligine güwä geçýändigini özümizçe düşündirjek bolýarys. şol sebäpden allatagalanyň ýaradan her bir zadynda düzgün-nyzamyň hökmürowandygyny aýdyp, käbir mysallary getirýäris we sizi oýlanmaga çagyrýarys.
Haýyr işi jäht tut..
-
şakird
15 years ago
- närseler öz-özleriniň eýesi bolup bilermi?
her bir barlyk dürli atomlardan durýar. göz bilen görüp bolmaýan bu atomlar, älemdäki bitewi dartyş güýjünden täsirlenip, ylla diýersiň, aşyk bolan dek biri-birleriniň daşyndan pyrlanýar, gerek ýerinden birleşýärler we özlerinden has uly bolan barlyklary emele getirýärler. adamlaryň hem-de beýleki jandarlaryň bedenini emele getirýän atomlarda akyl hem-de jan ýokdyr. hatda, atomuň bölünip ondan energiýa alynmagy, maddalaryň ýitmegi ýaly ýagdaýlar bizde şeýle soragy döredýär: “atom maddamy ýa dälmi?”. muňa garamazdan, heniz doly öwrenilmedik “maddamy ýa-da dälmi?” diýip jedelleşip, atomda jan gözlemeklik, ylaýta-da olaryň nämedir bir zada jan berip biljegi hakda pikir ýöretmeklik akyla sygjak zatmy eýsem?
beden – örülip nähilidir bir gümmezi emele getirýän kerpiçler mysaly, biri-birine egin-egine berip, birleşen atomlaryň düzen agzalaryndan ybaratdyr. eger-de beýik ýaradanyň bardygyny kabul etmesek, beden agzalaryny tutuşlygyna nähilidir bir gudratyň ýaradandygyna ynanmasak, onda biz atomlaryň öz arasynda dilleşip, beden agzalaryny emele getirendigine we atomlaryň hem özlerine höküm edip, hemem öz diýenlerine özleriniň boýun bolýanyna, şol bir zadyň hem başlyk hem-de gullukçy bolup biljegine kör-körüne ynanmaly bolarys. bu islendik bir atomyň beýleki bir atoma: “gel, ikimiz birleşeli. ikimiz golaý duraly. sen aşakda dur, men ýokaryňda duraýyn. ikimiz bilelikde şeýle bir barlygy amala getireli” diýen ýaly bolar. bu ýerde bir atomuň beýleki bir atomuň edip-etmejegi hem gümana. biri-birine meňzeş bolan, şol bir iki zadyň biri beýlekisine başlyk bolmaly, beýlekisi bolsa onuň diýenini diňlemeli. şol bir wagtyň özünde her bir atom älemde bar bolan islendik kada-kanundan, ýörelgelerden sähelçe-de çykman, islendik bir zady emele getirip biljek derejede çäksiz ylym-bilime, erk-güýje eýe bolmaly.
beýle ýagdaýda, eger allatagalanyň ylmy, erki hem güýji inkär edilip, birmeňzeş şol bir iki zadyň biri-birine ýolbaşçylyk etjekdigine ynanylsa-da, onda her bir zerrede ummanlar ýaly akyl-zehin bolmalydyr. bu bolsa, allatagala mynasyp görülmän, diňe beýik ýaradanda bolup biljek gudratyň, çäksiz ylmyň hem güýjüň özgä ýöňkelmegi diýmekdir. elbetde, beýle akmaklyk ylymdan, aň-düşünjeden daş adamlaryň öňe sürýän pikirleri bolup biler.
mysal üçin, barmagyňyzyň ujyna serediň. barmagyňyzyň ujunda birleşen milliardlarça atom, göýä bir gümmezi emele getiren kerpiçler ýalydyr. barmagy düzýän süýek, dyrnak, gyljagazlar, nerw damarlary… ýaly närseleriň ählisi hem atomlaryň birleşmegi esasynda döreýär. galyberse-de, ýüregimizdäki hem-de beýnimizdäki käbir atomlaryň galany, hatda tutuş bedenimiz düýp-teýkary bilen üýtgäp durandyr. her bir adam 3-4 ýylda bir gezek hökmany suratda bedenini täzeleýär. ine, bedenimizi emele getirýän atomlar öz ýerlerine täze döredilen atomlary goýup, inçe hasaplar bilen hem-de nähilidir bir maksatnama laýyklykda aradan aýrylýarlar. geň galaýmaly, bu atomlar täzeleneninde, islendik bir beden agzamyz öňküsinden sähelçe-de üýtgemeýär. gözleriňiziň reňki, eňegiňiziň şekili, gaşlaryňyzyň ýaý şekili asla üýtgemeýär. käbir kesellere ýolugan bolaýmasa, bedenimizň islendik bir ýerinde nähilidir bir bedroý görnüşler ýüze çykmaýar. sebäbi allatagalanyň gudratyna hem-de erk-güýjüne degişlilikde ýöredilýän maksatnamanyň esasynda düzülen öýjük ýa-da atom hetdinden aşjak bolsa, onda oňa “dur! çakyňy bil. öz serhediňden geçiji bolma” diýen duýduryv berilýär. her bit atom beýik ýaradanyň gudratynyň ugrukdyrmagy esasynda hereket edýär.
-
şakird
15 years ago
- dürlüliklere hem-de gapma-garşylyklara garamazdan tertiplilik
ýaradylan her bir zatda, hatda birleşen ters zatlaryň arasynda-da, nähilidir bir ylalaşyk, arkalaşyk bardyr. bedenimiziň fiziologik, anatomik hem-de ruhy gurluşlarynyň arasynda hiç hili näsazlyk ýokdur. nähilidir bir näsazlyk bolan bolsady, onda biz ösümliklerden, haýwanlardan peýdalanyp bilmezdik we şeýlelikde, biziň ýaşaýşymyz togtardy. allatagala biri-birine ters gelýän zatlar bilen ýaşaýyş döredýär, biri-birine ters zatlaryň arasyndaky parh bilen durmuşymyz has-da hezil bolýar. minus bolan polýusyň, minusy itip, plýusy özüne dartmagy, ýa bolmasa, ösumlik bilen adamlaryň arasyndaky gatnavyklar – biri kislorod berse, beýlekisi kömürturşy gazyny berýär… göýä diýersiň, ähli janly-jandarlar, öz aralarynda alyş-çalyş edip ýer ýüzünde ýaşaýşyň dowam etmegine ýol açýar. eger-de bu bolýan zatlar allatagalanyň gudraty bilen bolýar diýlip ynanylmadyk ýagdaýynda jansyz hem-de akylsyz atomlar ýaradyjy bolmaly bolýar. elbetde, şeýle manysyz garaýyş hiş kimiň maňzyna batmasa gerek.
ýene bir belläp geçmeli zatlaryň biri: her bir barlyk wagtyň geçmegi bilen dürli keşbe girýär. käbir jandarlar sekuntda, käbirleri günde, käbirleri bolmanda aýda bir gezek keşbini üýtgedýär. siziň gundagly bäbek wagtyňyz bir başga, çülpe çagakaňyz ýene bir başga, syrdam ýigit çagyňyz bir başga keşbiňiz bardyr.
alymlar adamyň hüý-häsiýetiniň, ruhy hem-de beden gurluşynyň ähli aýratynlyklary hromozomlaryň üsti bilen nesilden-nesile geçýändigini nygtamak bilen, bar işi hromozomlara ýükleýärler. emma düýp-teýkary bilen maddadan ybarat bolan hem-de wagtal-wagtal täzelenip duran hromozomlar, beýle çylşyrymly işiň hötdesinden nädip gelsinler? bir hromozom adamyň her bir aýratynlygyny, kodlaryny we syrlaryny özünden soň täze hromozoma nädip bar zady garyşdyrman geçirip bilýär? hromozomlaryň täzelenmegi bilen, adamyň öňki bolşundan hiç zat üýtgemän nädip saklanyp biler?
emma üznüksiz özgerişlikler bolup dur. täzelenýän zatlar içimize sorulýan howa, içilýän suw, daşary bölünip çykýan zatlar…şuňa meňzeş çarhlar aýlanyp dursa-da, ýer togalagynda bar bolan tertip-düzgün asla üýtgänok. diýmek, bu älemi dolandyrýan nähilidir bir beýik gudrat bolaýmaly.
mysal üçin, allatagala bir agajy ýaradanynda, oňa şeýle bir tabigy ukyp beripdir: “agaja günüň şöhleleri zyýan ýetirip bilenok”. eger-de agaja şeýle ukyp berilmedik bolsa, onda günüň ýakyjy neşterleriniň astynda agaç bir salymam ýaşap bilmezdi. ýa bolmasa suwda bar bolan kislorod atomy bilen muňa bagly ýaradylan ýer üstündäkileriň öýkenleriniň, deňiz jandarlarynyň, žabralarynyň bolmagy we muňa meňzeş müňlerçe mysallary deňeşdirip bilersiňiz…
diýeli, sizi zor salyp, müňlerçe otagly bir köşgüň gapysyndan eltýärler. şol müňlerçe otaglaryň hersiniň ozone degişli aýratynlygy bar. başgaça aýdanyňda, siz şol otaglaryň hersine gireniňizde başgaça geýim geýmeli, üýtgeşik usulda özuňizi alyp barmaly. siz her otagda näme etmelidigiňizi bilmeseňiz, köşgüň aňyrsyna çykyp bilmezdiňiz.
barça mahluklar, esasanda ýaradylan ajaýyplyklaryň iň beýigi – adam özüniň ruhy, bedeni gurluşy bilen, gahar-gazaby bilen, aň-düşünjesi bilen, duýgulary hem niýetleri bilen her bir pursatda, dürli ýodalardan geçmeli bolýar. emma, adam her hili ýagdaýa uçrasa-da, nirede bolsa-da özüniň asyl bolşuny saklaýar. ine, bu hakykat, her bir zadyň allatagalanyň göz astyndadygyna güwä geçýär. aslynda eşidip bilsek, her bir barlyk bize şeýle çawuş çakýar: “allah bardyr! barça sebäpleri, sebäpleriň hem sebäplerini ýaradan – beýik biribardyr!”
-
dereksiz
15 years ago
- shakir aga tuweleme menkidenem uzak zatlar goyupsyn.....
“allah bardyr! barça sebäpleri, sebäpleriň hem sebäplerini ýaradan – beýik biribardyr!”
shu sonky setirlen gaty yarady
-
kerkili
15 years ago
- diysen jaydar aydylan sozler
şakird 15 years ago- tebigatyň kanunlary
älemiň döreýşi barada, umumy alanyňda, iki düşünje öňe sürülýär. birinjisi, “sebäpler ýaradýar” diýen düşünje, ikinjiden bolsa “tebigat ýaradýar” diýen düşünje.
“bar zat sebäpler arkaly döräpdir” diýip, her bir närsäni manysyzlyga çatmaklyk, ylym-bilimde jenaýatçylykly işe ýol bermeklik diýmekdir. gynansakda, käbir alymlar hem şeýle düşünjä tarapgöýlük edýärler. ine, şonuň üçinem manysyz çaklamalaryň täsirinden aýňalmaýan adamlara allatagalanyň bardygyny düşündirmeli., sebäpleriň – allahyň gudratynyň şöhlelenýän ýeridigini duýdurmaly.
bu dünýäde emele gelýän her bir zadyň nähilidir bir sebäpleriň miwesidigini görýäris. gülleriň açylmagy üçin ýagmyr ýagmaly, günüň şöhlesi düşmeli, toprak taba gelmeli, pasyllardan bahar pasly bolmaly, ýer togalagy beýleki planetalar bilen arabaglanyşygy sazlamaly. ine, ýene-de sanardan köp şeýle sebäpler bir ýere çugdamlanan ýagdaýynda, gül parç bolup açylýar we daş-töweregine özüniň hoşboý ysyny ýaýýar. emma bu sebäplerde, hakykatdan-da, bir güli ýaradyp biljek ukyp hem-de gudrat barmyka? biz bu ýerde mazaly oýlanyşmaly.
bir bedewi (çölde ýaşaýan halk) pygamberimiziň (s.a.w.) huzuryna barypdyr-da, oňa şeýle diýipdir: “bir ýerde düýäniň bar bolsa, diýmek ol ýerden hökman düýe geçip giden bolaýmaly? bir ýerdäki aýak yzy ol ýerden kimdir biriniň geçip gidendigine güwä geçmeýärmi? asman edil gümmez ýaly ýyldyzlar bilen gün bilen bezelipdir. ýer-ýüzünde bolsa adam üçin gerek bolan ähli zat ýaradylypdyr. bularyň bary her bir zady ýaradan we hemme zady bilýän alym hem hakym bolan bir allatagalanyň barlygyna güwä geçmeýärmi?” çöl-beýewanda ýaşap ýören şol bedewi, tejribeler arkaly hem beýik ýaradanyň bardygyna düşünip bilmedik käbir alymlary ozduryp, “sebäpler” atly perdäni syryp, sebäpleriň arkasyndaky beýik biribaryň bardygyny görüp bilipdir.
ýaşaýşy hem-de ýaradylyşy hiç bir sebäbe baglap bolmaz. ýaşaýyş hem-de ýaradylyş – bular syrly hakykatlar, olara düşünmek kyn. emma muňa düşünmek üçin başga bir usul bar. “ýaşaýyş” atly ajaýyplygyň aňyrsyndaky gudratyň ülüşlerini görüp bolýar. ana, şol gudratyň ülüşlerini görüp bileniňden soň, bu syrly hakykata düşünmek ýeňil düşýär. şol ajaýyplyga düşünmek üçin bedewiniň nazary bilen seretmek zerurdyr. şeýlelikde, älemdäki dürli-dürli eserleriň üstündäki belgileri hem-de yşaratlary görüp, olaryň manysyna doly düşünip bolýar.