Hormatly agzalar, esasanam dashary yurtda okap ya ishlap yorenler, gelin in bolmanda birazrak bir ejemiz barada pikir edelin, bize nahili zatlar edya, iyman iydirya,geyman geydirya, yygnanjasyny balalaryna berya,ilden kem tutmajak bolup elinden gelenini edya,gije-gundiz bizin aladamyzy edya: "oglum\gyzym sag-aman okap yormuka,yagdaylary nahilika, ah kashga yanymda bolaysady balam..." diyip gije-gundiz alada edya, halal iydirjek bolya, biz ucin ahli zada gitmage tayyn....... indi ozumiz barada pikir edip gorelin: biz ejemize name peyda getiryas shuwagt? dine zyyan, islanimizi edyas, dogry dami? enelerimiz biz bn hacana cenli bile bolup biler? shu yarsy gecen omurlerini gul-gulzara owurmeli adamlar BIZ, yagny perzentleri, shong ucin gayrat edip borjlarymyzy unutmalyn, kerim aganyn "yazmasy agyr dushen goshgy"syndaky yaly bolmalyn, bolyanlarada jeza berelin ya okuner yaly birzatlar edelin, shu wagt hem sizin dykgatynyza kerim aganyn "enanin yashy" atly goshgusyny yetiresim gelya! Günamizi bagyşlaýar Eneler Sebäp Eneleriň ak süýytli döşi Köp-köp garalygyň günäsin ötýär Şeýdibem kemelýär Eneleň ýaşy Ene balasyna buýurdy ýumuş Ol diýdi “Özüň et oň ýaly işi” Ýandy Ene. Emma ötdi günasin Kemeldi Enaniň ýene bir ýaşy. “Öýe wagtynda gel, giç gelme balam” Ogly bolsa Enä çenedi daşyn “Wah nätsemkam” Emma günäsin ötdi Kemeldi Enaniň ýene bir ýaşy. Ýigrimi ýaşyny doldurdy ogul Gapak ýaly boldy tüýlije döşi “Indi ata bolduň adam bol oglum!” Gysyldy, gysyldy Enäniň dişi. Ene dişin gysdy otyzki gezek Her gezek gysanda gaçdy bir dişi Enäniň her gaçan dişine derek Ýaprak dek saralyp gaçdy bir ýaşy.

Köneler, SerJon tarapyndan 14 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir