Edil düýn ýalydy,
Ýaňy   ýalydy,
Sagadyn  dillerin   rehimsie  towlap,
Seň ýanyna  duşuşyga  barýanym
Ädimlerim   bilen   elhenç   sakawlap.
Paýtagtyň   asuda   köçelerinden
Kä öňe ýörärdik,  kä yza  bakaýa.
Şemal  össe, tolkun   atar  durardy
Sypaýy  köýnegiň, sypaýy ýakaň.
Bu  erde hiç  hili düşünmezlik ýok,
Belki,  şeýle  bolmalydyr   bu   zatlar.
Sen  saga  sowuldyň,
Men  bolsa  çepe,
Seni  ençe  ýyllap  çykardym  ýatdan,
Ýöne  agşam  bir  düşnüksiz  gam   bile.
Gitdim  şol  duşuşan  ýermize  bakan.
Tolkun  atdy  göz  öňümde yene-de
Sypaýy  köýnegiň, sypaýy  ýakan.
Birden  ýüregime  çümdi-de  gitdi,
Iňňän ujy  ýaly  rehimsiz  ünji, —
Seň  bilen   duşuşyp   bilmänime   däl,
Seň  ilkinji  söýgim  bolanyň  üçin.
Çigrek  güýz  agşamy  haýal  barýaryn,
Öçügsi  ýyldyzlar   öçül   asmanda.
On  bäş  ýyl! On  bäş  ýyl!
Ýaňy   ýalydy.
Bir damja şor ýaşym gaçýar  asfalta.
Gurbannazar Ezizow
Edil düýn ýalydy......
- 
                98765
                16 years ago
                
 - söygi söygidirdä geler geçer.
 
- 
                dereksiz
                16 years ago
                
 - Shony aytda soygi bomay,geldi gecherdirda
 
- 
                Feya
                16 years ago
                
 - bah, gaty gowy goshgy ekeni serjon! kop sag bol! yene shu hili on goyulmadyk goshgulardan bar bolsa paylashsana biz bilen.
 
- 
                SerJon
                16 years ago
                
 - Ok Feya, saglygyn. gelenine gaty begendim!
 
- 
                Feya
                16 years ago
                
 - sag bol begenenin uchin. yone men gidemok ahrym ;)
 
- 
                dereksiz
                16 years ago
                
 - Feya yadyna dushyami,barik gunca dp birem bady,joran bsa chagyr onam tuweleme talyplar.com janlanyp bashlady
 
- 
                Feya
                16 years ago
                
 - yadyma dushya, yone o gyzy tanamok. talyplar.com onem janly-la, yone bize one gitdirmek gerek.
 
- 
                dereksiz
                16 years ago
                
 - Hawa one giderelin yene de,has agzalary kopeldelin,taze adamlar,taze pikirler,taze dunya bsn
 
- 
                Feya
                16 years ago
                
 - bor, sag bolun!
 
dereksiz 16 years ago- Ay dost meni bular yaly goshgy bn soyga boyun edaymow,men soyguni halamok,demir guty ol