(şahyryñ taryhy oruny hem edebi mirasyna bir garaýyş) giriş: her bir beyik şahsyýatyň hakyky ornuna göz ýetirmek üçin onuň ýaşap geçen döwrüni öwrenip, ony öz önüp-ösen jemgyýetiniň şol günki şertlerinde hereket etdirmek bilen mümkin bolup biler. sebäbi her ynsanyň mertebesi, öz ýaşan döwrüne we onuň talaplaryna dogry düşünmek bilen özüniň taryhy wezipesini nä derejede ýerine ýetirendigi, öz halkyna we bütin adamzada eden hyzmatlary bilen kesgitlenýär. şu hakykaty göz öňünde tutmak bilen biz, öz beýik akyldarymyz hem milli şahyrymyzyň beýikligine dogry hem real göz ýetirmek üçin, örän gysga-da bolsa halkymyzyň iňňän uzak taryhynyň belli bölümlerine göz aýlamaly bolýarys. türkmenistan we türkmen milletiniň 8 müň ýyl çemesi dokumental medeni taryhy bu gün ylym dünýsinde aýdyňlaşdy. güneşli türkmenistanymyz ençeme medeniýetiň ojagy we türkmen milleti bolsa bu medeniýetleriň hakyky hem kanuna laýyk mirasdüşeridir. änewdir altyndepe medeniýetlerinden marguş medeniýetine çenli, beýik part fedrativ döwletinden beýik fedrativ seljuk döwletine çenli, horezmşalardan garaşsyz bitarap türkmenistan jemhuriýetine çenli, onlarça ululy-kiçili döwletler guran hem biziň ata-babalarymyzdyr. şonuň ýaly-da türkmen halky ähli türki halklaryň we türk dünýäsiniň iň gadymy agzalarynyň biridir we 16-nji ýüz ýyla çenli olar bilen bilelikde ýaşap deň ykbaly paýlaşan halkdyr. emma gynansak-da 13-nji ýüzýylyň başlaryndan ýagny çeňňiz hanyň ýykyp ýumrujy hüjümlerinden soň türkmenistanyň we türkmen halkynyň ýa-da has anygyrak edip aýtsak uly oguz-türkmen halkynyň ata watanda galan az sanly toparynyň taryhynda iň agyr hem gara döwür başlanýar. geliň şol döwürleriň tä beýik şahyryň ýaşan dörüne çenli bölegine bir göz aýlalyň: türkmenler bilen gypjaklar tarapyndan döredilen horezmşalar döwleti 13-nji ýüz ýylyň başlarynda (1219 m.) çeňňiz hanyň agyr hüjümine sezewar bolýar. bu agyr hüjümiň öňünde durup ýurdy goramalymy ýa-da gol galdyryp boýun egmelimi? diýen soragyň ýüze çykmasy bilen agzalalyk döreýär. gypjaklar, muhammedşanyň ejesi türkan hatunyň syýasaty bilen söweşe girmeden yurdy basybalyjylara tabşyrmaly diýen karara gelýärler. emma türkmenler bolsa muhammedşanyň türkmen aýalyndan bolan jelaleddiniň töweregine ýygnanyp, onuň baştutanlygynda watany goramak üçin aldym-berdimli söweşe girýärler. häzirki zaman köneürgençden nişapura çenli ýaýylan türkmen topraklarynyň ädim-ädim garyş-garyşynda “gylyç-galkanyň” aýylganç heňi ýaňlanýar. iki tarapdan hem gaty köp ynsan gyrylýar. bu gahrymançylykly söweşiň netijesinde çeňňizhan türkmenistanyň belli bölegini resmi ýagdaýda türkmenlere bermäge mejbur bolýar, emma beýleki tarapdan bolsa halk gaty güýçden düşýär. uly-uly şäherler, şol sanda şol döwürde kitaphanasynda 12 müň jild kitaby bolan mary şäheri tep-tekiz edilýär. ine, ýurdy ýumrulyp ilaty boşara gelen az sanly halkymyz üçin, şol döwürden başlap, geçmişlerdäki ýaly özbaşdak hem erkana döwlet gurap azat ýaşap bilmeklik, hasratly arzuwa öwrülýär. seljuk döwründen başlan günbatara tarap göçler has güýçli depgin bilen dowam edýär. owşar, baýat, gaýy, halaç, begdilli, zulkadar ýaly güýçli oguz-türkmen illeri azerbeýjana, eýrana, anadola çenli baryp ýerleşýärler hem-de anadolyda beýik osmanly döwletini, diýarbekir we tebriz şäherlerini paýtaht etmek bilen akgoýunly we garagoýunly döwletlerini esaslandyrýarlar. hakykatda sefewi döwleti-de olaryň eli ýa-da aýgytlaýjy roly bilen guralýar. emm weýrana öwrülen türkmenistanda azalyp galan türkmenler bolsa ýarym oturumly, ýarym çarwa ýagdaýda ýasamaga mejbur bolýarlar. şeýle agyr taryhy ýagdaýlarda-da buýsançly geçmişe eýe bolan köki çuňňur halkymyz tapdan düşmedi. ilkinji pursatda özüne gelip özbaşdak döwlet gurmak arkaly geçen buýsançly ornuny eýelemek ugrunda dinuwsyz talaşyny dowam etdirdi. teýmurylaryň döwründe ylaýta-da emir teýmuryň ogly şarohyň döwründe türkmenistan abadanlaşýar we ýumrulan şäherler gaýtadan janlanyp başlaýar. aslynda-da teýmurylar döwleti belli derejede özbek-türkmen karaktere eýe bolupdyr.alyşir nowaýynyň eserleri hem-de onuň soltansöýün bilen aralaryndaky rowaýatlar, bagşylaryň aydym-sazyna we dessançylarymyzyň gürrüňlerine şeýle bir ornapdyr welim, halkymyz olary türkmen şahsyýatlary hökmünde kabul edipdir. türkmen tamdyrasynda nowaýy perdesiniň bolmagy-da ýokarda aýdylanlaryň dogrulygyna bir delildir. 15-nji yüzýyldan başlap bütin türkmen tire-taýpalary bir-biri bilen jebisleşip milli barlyklaryny has güýçli duýduryp başlaýarlar. iňňän irki döwürlere degişli bolan dessanlarymyzdyr eposlarymyz gaýtadan halk arasynda giňden ýaýrap ýoň bolýar. geçen taryhymyz, mitoloji görnüşinde direlýär. oguznama, görogly, korkut-ata, asly-kerem, sasenem-garyb ýaly dessanlar, hakykatda iň gadym döwürlerden başlap, saklaryň we partlaryň zamanynda kämilleşen umumy-türk mitologiýasynyň yslamy döwürde, yslamy öwüşgün bilen direldilmesidi. milletimiziň şeýle bir galkynyş prosesiniň başlan döwri ýene-de türkmen we ähli türki halklar üçin örän gynandyryjy hem weýrançylykly döwür başlanýar: bu makalada ustunde durup bolmajak belli geopolitiki özgerişleriň netijesinde awrupada uly kolonýalist döwletler ýüze çykyp, dünýäniň aýry-aýry ülkelerini öz aralarynda paýlaşyp talamak prosesi başlanýar. mundan soňraky syýasy hadysalaryň aňyrsynda bu döwletleriň özara bäsleşikleri hem-de dürli ýollar bilen halklaryň arasynda agzyalalyk döredip olary güýçden düşürmek maksady bilen alyp barýan syýasatlary durýar. şeýle hadysalaryň iň ýamanynyň biri-de bütin yslam dünýasi, ylaýta-da türki halklar üçin örän weýrançylykly netijesi bolan şyga-sünni dawasydyr. bir tarapdan sefewi döwleti bilen osmanly türkiýesiniň, ýene bir tarapdan bolsa ýene sefewiler bilen özbek-türkmen arasynda ýüz beren weýrançylykly uruşlar, hakykatda mezheb dawasy bilen örtülen dogan-dogany gyrmakdan başga zat däldi. bu şum hadysalar türkiýe, eýran, türkmenistan, özbegistan we owganystan ýaly ýurtlarda uly weýrançylyklara ýol açýar, ylaýta-da ýaňy aýaga galyp barýan biziň halkymyza gaty agyr düşýär. gaýtadan rowaçlanyp barýan şäherler bozulyp ilatdan boşaýar. munuň üstesine-de 16-njy ýüzýylyň ortalarynda hazar deňizine guýýan amy derýanyň öz ugruny aral gölüne tarap sowmasy, türkmenistanyň has çölleşmesi hem-de köneürgenç we dehistan ýaly şäherleriň ilatdan boşap galmasyna sebäp bolýar. emma şeýle agyr ýagdaýlarda-da halkymyz öz milli kimligini saklap ýurdy goramak ugrunda alyp barýan talaşyny gowşatman dowam etdirýär. 17-nji ýüzýylyň aýaklarynda türkmeniň beýik şahyry hem dessan ýazany nurmuhammed andalib orta çykýar. ol, halkyň arasynda we bagşylaryň dilinde ýaşap gelýän ençeme dessanlary öz döwrüne görä gaýtadan ýazýar. nurmuhammed andalib, leýli-mejnun, ýusup-zuleýha, zeýnel-arab, baba röwşen ýaly dessanlary hem-de oguznama, emadeddin nesimi ýaly poemeleri ýazmak bilen halkynyň ruhy galkynyşyna hem ösmegine uly hyzmat edýär. abaserdar we keýmirkör ýaly syýasy şahsyýatlar-da şol döwürlere(16,17-nji ýüzýyllara) degişlidir. 18-nji ýüz ýylyň başlarynda nedirşanyň güýçlenip, diňe bir eýrana däl eýsem bütin orta we alyn aziýa, kawkaza, hindistana hatda hytaýa agalyk etmek hyýalyna atlanyp ony durmuşa geçirmek ugrunda hereket etmesi, biziň halkymyz üçin ýene-de agyr hem ajy taryhy hadysa bolýar. nedirşanyň özi türkmeniň owşar ilinden bolup onuň esasy atly güýçleriniň hem-de ynanýan adamlarynyň birnäçe türkmen illerinden bolandygyna garamazdan, kesekileriň hyzmatynda bolany üçin özbaşdaklygy hem erkin ýaşamagy söýýän halkyna garşy-da weýrançylykly ýörişler edip türkmenistany tozdurýar. hatda iliň gündelik ýaşaýşynda ulanýan demir we mis gap-gaçlaryna çenli ýygnadyp, top ýasamak üçin eretdirýär. ine şeýle çykgynsyz ýagdaýa düşen halk, özüni gorap ýurduna eýeçilik etmek üçin bütin güýjüni we maddy mümkinçiliklerini bir ýere birikdirip belli maksada ugrukdyrar ýaly, merkezleşen bir döwletiň gerekdigine has-da güýçli göz ýetirýärler. ine şeýle agyr taryhy pursatda, bu taryhy zeruratlara doly göz ýetiren, magtymgulynyň atasy döwletmämmed azady, meýdana girip il-güni bu ýagdaýdan gutarmak üçin çykalga gözleýär. ol, wagzy azat atly kitabyny goşgy görnüşinde ýazyp halka hödürleýär. dört bölümden ybarat bolan bu kitap hakykatda, gurulmaly türkmen döwletiniň esasy kanunynyň ugurlaryny düşündirýärdi… 1747-nji ýylda nedirşanyň öldürülmeginiň yzysüre onuň agalyk edip oturan ägirt giň topraklary öz içine alýan hökümeti agyr krizise düşüp çagşaýar. diňe güýç bilen saklanyp oturan azerbeýjan, gürjüstan, yrak, owganystan we beýleki ýurtlar aýaga galýarlar we özbaşdak döwlet gurmak ugrunda herekete geçýärärler. ine, şeýle galagoply hem çylşyrymly döwürde halkymyzyň beýik ogly, beýik akyldary hem mili şahyry magtymguly pyragy orta çykýar. ol, atasy döwletmämmed azadynyň milli idiýalaryny we orta goýan ýörelgesini durmuşa geçirmek ugrunda, has ynamly, has paýhasly, has batyrgaý, mähriban halkynyň maddy we ruhy ýagdaýyna hem-de dünýä şertlerine uýgunlykda hereket edip, halkyň arasynda eýýäm başlanan gozgalaňlaryň dogry ýola ugrukdyrylyp, belli netijä gowuşmagy üçin özüniň taryhy wezipesini ýerine ýetirýär. magtymgulynyň ömür ýoly hakda: magtymguly, köňle gaýgy getirme! bu bir iş wagtydyr, özüňi ýitirme! sözümi diňlän ýok diýp,ümsüm oturma! jahan giňdir, çendan bilen-de bardyr. magtymguly pyragy takmynan 1733-nji ýylda türkmensähranyň “çaýgowşan” obasynda dünýä inýär. ol, türkmeniň gökleň iliniň gerkez urugyndandyr. şahyryň özi bu barada şeýle ýazýar: bilmeýen soranlara aýdyň bu garyp adymyz, asly gerkez, ýurdy etrek, ady magtymgulydyr. magtymguly başlangyç ylmy, terbiýäni öz atasy döwletmämmed azadydan alýar. ol, öz ata-babalarynyň ýonaçylyk, teletinçilik hünärlerini özleşdirmegiň daşyndan, döwri üçin zerur bolan demir hem kümüş ussaçylygy-da öwrenýär. şahyryň bu hünärleri öwrenmegi, agyr maşgalany eklemek üçin bolşy ýaly, okaýarka özüne gerek bolan çöregini gazanmak üçin hem zerurdy. magtymguly 20 ýaş töwereginde amy derýa boýlarynda ýerleşýän gyzylaýak obasyndaky idris baba medresesinde bir ýyl çemesi okaýar. soň, takmyn 1754-nji yylda buharadaky gögeltaş atlandyrylan taryhy medresä okuwa gidýär. şahyr şol ýerde ýörite ders bermek üçin çagyrylyp getirilen nury kazym atly suryýaly türkmen alym bilen tanyşýar. aradan bir ýyl gowrak geçýär, şol medresede okaýan talyplaryň arasynda ýüze çykan käbir ahlaky bozuklyklar bu iki dosta ýaramayar. ilki nury kazym, soň magtymguly bu medresäni taşlamaly bolyarlar. rowaýata görä, hakyky ylym, azatlyk arzuwynda bolan iki dostuň sergezdançylyklary şu yerden başlanýar. nedirşanyň öňki gol astyndaky halklaryň özbaşdak boluşlary ýaly, türkmenler-de erkinlik ugrundaky şu hili pikirler, özbaşdaklyk ugrundaky hereketler ýüze çykyp ugraýar. özbaşdaklyk ugrunda türkmen halkynyň eden arzuwlarynyň, talaplarynyň amala aşmagy ugrunda dürli ýollar agtaryp, bu iki dost ähli türkmen tireleriniň arasynda bolyarlar, ilat bilen maslahatlaşýarlar. soňra iki dost owganystana gidýär, ondan hindistana(penjap, kaşmir sebitlerine) baryp, ol ýerde bir ýyl alty aý bolanlaryndan soň, ýene käbil üsti bilen geçip,özbegistanyň margelan, andijan, samarkant şäherlerine, ahyrda türtüstan şäherine barýarlar hem gögeltaş medresesinde ýüze çykan wakany habar berýärler. bular türküstandaky hoja ahmet ýasawy medresesiniň müderresleriniň tabşyrmaklary bilen gögeltaşda birnäçe çäreler geçirenlerinden soň, 1757-nji ýylda şol zamanyň iň şöhratly medreselerinden hasaplanan hywada 1713-nji ýyllarda salnan “şirgazy” medresesine gaýdýarlar. gündogar klassyklarynyň eserlerini köp okamagy, köp yurtlara syýahat etmegi magtymgulynyň göz-ýetimini has hem giňeltýär. şirgazy medresesinde okap ugramagynyň ikinji ýylynda ol, beýleki talyplaryň halypasy bolýar, soň bolsa medresäň müderresi bir ýerik giden wagty onuň yerine ders berip başlaýar. magtymguly bilen onuň dosty nuri kazym hywada bolan wagtlarynda, şirgazy medresesinde türkmenler üçin ýörite bir bölüm açylýar. şondan soň hywa medresesinde türkmenlerden okamaga barýanlarynyň sany köpelip başlapdyr. seýdidir zelili hem magtymgulynyň şirgazy medresesindäki ýaşan hüjüresinde bolupdyrlar. magtymguly “medresäniň üç ýyl duzuny iýip, bahar-ýazyny ötürýär, taglym alyp, akyl käsesi dolansoň”, 1760-njy yylda etrek tarapa gaýdyar: mekan eýläp üç yyl iýdim duzuňy, gider boldum, hoş gal, gözel “şirgazy”. ötürdüm gyşyňy, bahar-ýazyňy, gider boldum, hoş gal, gözel „şirgazy“. şahyryň şeýle göwnünden turan medrese bilen gyssagly hoşlaşmasyna ýurtda bolup geçýän galagoply ýagdaýlar, türkmen halkynyň ykbaly bilen baglanyşykly zerur çözülmeli, magtymgulynyň gatnaşmagyna garaşýan meseleler sebäp bolupdyr. oňa: „hakdan bize buýruk, baglydyr bilim, sende tälim aldy, açyldy gözüm. gelsin diýp garaşýar,ol kökleň ilim, gider boldum, hoş gal, gözel „şirgazy“. diýen setirler onuň ýörite çagyrylandygyny, arkaç sebitlerinde oňa sabyrsyzlyk bilen garaşylýandygyny görkezýär. magtymguly milli-syýasy şahsyýat: magtymgulynyň ençeme ýurtlary aýlanyp, türküstanyň ylmy merkezlerinde bolup, okap, örän baý hem gymmatly tejribeleri gazanandan soň mähriban halkynyň arasyna gaýdyp gelmegi bilen onuň ömrüniň, syýasy-jemgyýetçilik meýdanynda iň jogapkärçilikli ýyllary hem-de taryh öňündäki synagy başlanýar. bütin durky il-gününe bolan çäksiz söýgüsi bilen ýugrulan, gözel türkmen topragy iň arzyly käbesine öwrilen magtymguly, bu synagdan başyny dik tutup geçdi. diňe öz döwriniň däl eýsem halkynyň geljegki we geljegki nesilleriniň ruhunda we kalbynda ebedi ýaşajak mukaddes ideallaryny, beýik mekdebini, aýdyň ýörelgesini goýup özboluşly tagmasyny basyp gitdi. biziň dürli kitapdyr makalalardan edinip bilen maglumatymyza görä hem-de onuň öz ölmez-ýitmez eserinden belli bolşy ýaly şahyr, atasynyň eserinde çeper beýanyny tapan, türkmen halkynyň taryhy arzuwy bolan „özbaşdak, erkin döwlet gurup döwletli ýaşamak“ arzuwyny durmuşa geçirmek ugrunda, bütin tejribedir ylmyna daýanmak bilen,dürli ýollara pikir aylap, içeri we daşary ýagdaýlaýlary, halkynyň maddy we ruhy potansiýallaryny gözden geçiryär hem-de ähli mümkinçiliklerden ýerlikli peýdalanmaga çalyşýar. her zady ilki özüňden başlamalydygyna, esasy daýanjyň bolsa öz halkydygyna, emma agzybir halkydygyna ynanan pyragy, halkyna şeýle ýüzlenýär: bir-biriňi çapmak ermes ärlikden, bu iş şeýtanydyr, ýogsa körlikden. agzyalalyk aýrar ili dirlikden, döwlet dönüp, nobat duşmana gelgeý. ol, bu ugurda bar güýji bilen talaş edip, ähli ýollary synaýar. birleşen güýç bilen nämeler edip boljakdygyny, il-güni gysyp gowurýan, ynsanlyk derejesini kemsidýän, hor-homsy gözgyny ýaşaýşa sebäp bolýan şertleri özgerdip, azatlygyň, ynsanlarça ýaşamagyň ýeke täk girewi bolan garaşsyz hem erkin döwlet gurmagyň diňe agzybirlik bilen hakykata öwrilip biljekdigini, halkyň dili bilen halkyna ýüzlenip aydýar, halkyny galkyndyrýar, gayrata getirýär: köňüller, ýürekler, bir bolup başlar, tartsa ýygyn, erär topraklar,daşlar. bir suprada taýýar kylynsa aşlar, göteriler ol ykbaly türkmeniň. türkmenler baglasa, bir ýere bili, gurudar gulzumy,derýaýy nili. teke, ýomut, gökleň, ýazyr, alyly, bir döwlete gulluk etsek bäşimiz. şayhr, halkynyň maddy hem ruhy taýdan belli derejede taýýarlanandan soň, gulçulykdan gutarmak üçin bar güýji bilen herekete geçmelidigini şeýle beýan edyär: gorka-gorka yflas ýagdaýa düşdük, takdyr näme bolsa, görülsin indi; pikir gazanynda gaýnadyk,bişdik, degme, ol joş urup ýörülsin indi! oturmasyn kempir, ýaşlar dul bolup, galmaňlar, türkmenler, ile dil bolup, rakyp ähli musulmana gul bolup, ilersi soňydag sürülsin indi. üstümizden duşman höküm sürendir, mü-mün bary jebri-jepa görendir, ogul-gyzy har öňüne berendir, hemmeler ol jaýdan syrylsyn indi. pyragy ýüz tutar türkmen iline, duşman gol urmasyn gyzyl gülüne, dostlar, bizi ahyratyň siline gark etmänkä, rakyp gyrylsyn indi. magtymguly bu çagyryşlaryň yany bilen, daşary we halkara şertleriň ähli mümkinçiliklerinden peýdalanmak ugrunda-da örän paýhasly hem ugurtapyjylykly syýasatlara ýüz urýar. türkmen han-begleri bilen yzygiderli geňeş geçirip pikir alyşyp durmagyň daşyndan hem, şol wagtlar garaşsyzlyk ugrunda owganystanda hereket edýän, asly abdal türkmenlerinden bolan ahmat dürrany bilen arkadaşlyk etmek ýollaryny geňeşmek maksady bilen, onuň öz çakylygy esasynda, çowdurhanyň baştutanlygynda birnäçe adam, şol sanda öz dogany abdyllany owganystana iberýärler. emma gynanç bilen olar, ýolda duşmanlar tarapyndan şehid ediýär. şahyr bu pajygaly waka hakynda, ilki çowdurhany, soň bolsa öz dogany abdyllany ýatlap şeýle ýazýar: ahmet patyşadan habar almaga umyt etdi iller çowdurhan üçin, sag baryp, salamat gaýdyp gelmäge, oňmady ykballar, çowdurhan üçin. çowdurhan görejim, köňül diregim, sen wepat bolup sen zarlar içinde gökleňde pälwanym, ile geregim, halky goýup gitdiň narlar içinde. gülüp-oýnamadyk bile şat bolup, başdan gitdi, bütin bizden ýat bolup, magtymguly zar aglapdyr, mat bolup, kaýda mesgen tutduň, gardaş abdylla. magtymguly, bulardan başga-da, gajarlardan dil hem aslymyzyň bir bolmagyndan, owganlylardan bolsa mezhep birligimizden peýdalanyp haray gözlemelidigini il-gününe maslahat berýär. şahyr, ömrüniň yekeje salymyny-da halkynyň ykbalyndan sowa geçirmeýär. hut şonuň üçin hem halk oňa „milli şahyr“ diýen beýik ady berýär. dogry, magtymguly özüniň derýa ýaly giň ýüreginde beslän we bütin ömrüni ýolunda sarp eden „garaşsyz türkmen döwletini“ gözi bilen görüp bilmedi. belki-de bu beýik ynsan üçin esasy mesele ony öz gözi bilen görmeklik-de bolan däldir. emma ol, garaşsyz türkmen döwletiniň bir gün guruljakdygyna welin, bütin durky bilen doly ynanyp gözüni asuda yumandyr. onuň ýoly, onuň goýup giden beýik mekdebi, özünden soňky nesilleriň tarapyndan, hemme taraplaýyn dowam etdirildi, ösdirildi hem durmuşa geçirildi. onuň edebi mekdebini, kemineler, mollanepesler,seýdiler, zelililer, mätäjiler, misgingylyçlar dowam etdirip, bu günki ýüzlerçe türkmen edebiýatçy alymlary, şahyrlary, sungat işgärleri, ony gülledip dünýäniň iň ösen ýurtlarynyň derejesine ýetirdiler. bu gün türkmen kitaplarydyr gazyet-jurnallarynda, bagşylaryň aýdym-sazynda, radio-telewiziondyr internetlerde, kino-teatrlarda, türkmenistandyr dünýäniň ähli ýurtlarynda gije-gündiz magtymgulynyň ady ýaňlanyp dur. onuň syýasy ýörelgesi bolsa nurberdihanlaryň, gowşythanlaryň, gurbanmyrat işanlaryň,jüneýthanlaryň, osmanahunlaryň tarapyndan dowam etdirilip, on müňlerçe türkmeniň saýlama ogul-gyzlary şol ýola başlaryny goýdylar. garaşsyz bitarap türkmenistan jemhuriýetiniň gurulup ata watanymyz güneşli türkmenistanyň ýaşyl baýdagynyň birleşen milletler guramasynyň jaýynda, dünýäniň ähli döwletli milletleriniň baýdaklarynyň arasynda buýsanç bilen pasyrdap durmagy, beýik akyldarymyz we milli şahyrymyzyň giň ýüreginde besläp giden mukaddes arzuwlarynyň hakykata öwrilmeginiň subutnamasydyr we beýik pyragynyň: türkmenler baglasa bir ýere bili, gurudar gulzumy deryaýy nili. teke, ýomut, gökleň,ýazyr,alyly, bir döwlete gulluk etsek bäşimiz. diýen sargydynyň ýerne ýetirilmegi hem dowamydyr. magtygulynyň edebi mirasy: magtymguly köňle gaýgy getirme! bu bir iş wagtydyr özüňi ýitirme! sözüm aňlan ýok diýp ümsüm oturma! jahan giňdir,çendan bilen-de bardyr. türkmen edebiyaty, umumy-türk edebiýatynyň aýrylmaz bir bölegidir. sebäbi, ýokarda-da belläp geçişimiz ýaly, türkmen milleti, türki halklaryň we türk dünýäsiniň iň gadymy agzalarynyň biri, hatda onuň köki hem gönezligidir diýsek-de ýlňysmarys. hut şonuň üçin hem türkmen edebiýatyny we onuň beýik hem görnükli wekili magtymguly pyragynyň döredijiligini, umumy-türk edebiýaty bilen birlikde, hatda bütin gündogar edebiyatynyň çygrynda ele alyp öwrenmelidiris. biz munuň şeýledigini beýik şahyryň ölmez-yitmez diwanynda-da görýäris. magtymgulynyň eserinde umumy-türk edebiýatynyň, ylaýta-da ýusup balasagunlynyň “kutatgu-biligi”(11-nji ýüzýyl), ahmat ýasawynyň “diwany hikmeti” (12-nji ýüzý.), rabguziniň “kysasol-enbiýasy”(14-nji ýüzý.), şonuň ýaly-da emadeddin nesiminiň, alyşir nowaýynyň, muhammed fuzulynyň we başgalaryň täsirini we yzyny görýäris. bulardan başga-da şahyryň bütin arap we pars dillerinde ýazylan edebiýat bilen-de doly tanyşdygy bellidir. şu aşakdaky setirlere üns bereliň: jam göterip, baryp ýetdim bir bapdan hyrka geýip, il içinde san bolsam tün içinde baryp beýtulla tapdan zar ýyglaýan sahyplara hun bolsam abuseid, omar haýýam, hemedany ferdowsi, nizamy, hafez perwany jelaleddin rumy, jame-olmany, olarnyň ýanynda men hem kän bolsam. damganyda ýörgen ussat nowaýy “çardiwany”, “perhad-şirin” zybany zähireddin babur, “mizan-owzany” gaşlaryna baryp,men mejnun bolsam. okyp bildim men sagdiniň bossany gör ne ajap,haganynyň medaýyny istar men şahnama, sakynamany, halyf omar bilen süleýman bolsam. salaman afsaly serhoş eýleýip bahram guri tutup, medhuş eýleýip äzädoddowlany bir guş eýleýip, abumahfuz, gyzyl aslan han bolsam. arbalet golunda eý magtymguly! rusteme isgender hiç tutmaz ýoly ne bolsa bilgeý sen ilat hyýaly dertliler alnynda men lukman bolsam. magtymgulynyň dünýägaraýşynda, pelsepesinde eflatunyň, ebni-sinanyň, haýýamyň, ynanç dünýäsinde bolsa, täsäwwofuň beýik şahsyýatlary bolan mansur hallajyň, ahmat ýasawynyň, emadeddin nesiminiň, şyh nejmeddin kubranyň, baha-eddin nakşbendiniň we şahabeddin sohrewerdiniň yzlaryny duýýarys. şahyr özüniň aýry-aýry goşgularynda olaryň her birinden hormat bilen at çekýär. emma bularyň ýanynda, magtymguly öz döredijiliginde iň esasy orny, halkynyň egsilez baýlygy we ata-babalarynyň gözel mirasy bolan halk folkloryna berýär. hut şonuň üçin hem onuň goşgulary bütin halk köpçüligi üçin örän düşnükli hem-de şeýle bir ýakymly, täsirli bolup, olaryň ruhuna we bütin durkuna ornaýar, hatda şu gün hem ýekeje türkmeni magtymgulysyz göz öňüne getimek mümkin däldir. ol öz edebi däbinde uly bir täzelik getirýär, ýagny goşgularyny umumy-türk resmi dili bolan çagataý türkçesinde däl-de öz döwründäki türkmen halk köpçüligine örän düşnükli, folklorik äheňde ýazýar. hakykatda ol, „täze türkmen edebiýatynyň“ düýbüni tutýar. mgtymgula milli şahyr diyilmegiň bir sebäbi-de şundan ybaratdyr. bu barada türkmen alymy g. ataýyf şeýle yazýar: „nowaýy özüni türki dilden eser ýazmagyň baýdak göterijisi hasaplan bolsa, magtymguly bu ýörelgäni zamanasynyň talaplaryna laýyklykda ösdürýär. ol, sada türkmen dilinde-de uly edebiýaty döredip boljakdygyny, onuň çeper döredijilik üçin mümkinçiliginiň örän uludygyny subut edýär“. şahyrdan galan we biziň elimize gowşan diwanynyň göwrimi onçakly uly bolmasa-da, onuň mazmuny gaty baý hem örän köptaraplydyr. onuň goşgularynda adamzat ýaşaýşynyň, durmuşyň ähli tarapy, maddy we ruhy ýüzleri, özüniň aydyň beýanyny hem öwüşginini tapýar. şu hakykaty göz öňünde tutmak bilen gündogary öwreniji beýik ors alymy prof. bertels, magtymgulynyň diwanyny, bütin dünýäni öz içinde görkezýän, ertekilerdäki „jemşidiň jamyna“ meňzetýär. hut şonuň üçin hem magtymgulyny öwrenmeklik örän çynlakaý hem yzygiderli isiň yany bilen, pelsepe, tasawwuf, taryh, edebiýat we jemgyyetçilik ylymlarynyň aýry-aýry pudaklaryndan belli derejede habarly bolmagy talap edýär.onuň eseriniň her tarapy hakda ýörite iş ýazylmalydyr. gynansak-da bu iş henize çenli edilmedik iş bolup diňe, şahyry käbir gündogaryň uly şahsyýatlary bien gysga görnüşde deňesdirmek heddinden geçmändir. magtygulynyň eseriniň her bir tarapyny gündogaryň belli bir tanymal şahsyýatlary bilen deňemek mümkindir. emma magtymguly olaryň her birine belli derejede çalym etse-de olaryň hiç biri bolman özüne gärä ýöriteligi we aýratynlygy bardyr. başga bir söz bilen aýtsak, mgtyguly diňe agtymgulydyr. magtymguly we haýýam ikisi-de bu dünýäniň geçijidigini, gysgajyk ömrüň içinde gaýgy hasrat bilen geçirmän eýsem wagtyňy hoş geçirmelidigini, hatda ol dünýni gaýgy edip bu dünýäni bozmaly däldigini ündeýärler: magtymguly bu dünýäniň hamusyn, ýygyp düyrüp ýele berdim namysyn pikir derýasyna, aklym gämisin batyrmyşam çyka bilmen neýläýin? mollalar ahyrat sözün söýlärler. münkür olma, gerçek işdir eýlärler kim biler ki, ahyratda neýlärler? iýip, içip, gülüp, oýnap öt ýagşy. bedew ölse meýdan galar armanly hak yşgyna at sal meýdan ýoluksa är ölejek heňňam galar döwranly wagtyňy hoş geçir, döwran ýoluksa. emma ýokarda ady geçen prof. bertels şeýle ýazýar: şol agyr ýagdaýlarda galan “omar haýýam”, gaýgyny şerap içmek, saz-söhbet bilen ýeňmeli diyen bolsa, magtymguly pyragy onuň tersine: “eger gaýgy-da, şatlyk-da, ynsanyň ömri-de gysga wagtly bolsa, onda bir münüt-de wagtyňy ýitirmän, biderek geçirmän, hemişe hereket etmeli, döretmeli” diýen pikiri öňe sürýär. mgtymgulyny haje hafez bilen hem deňemek mümkindir. sebäbi bularyň ikisi-de hakyky yşgyň, taňry yşgynyň güýjüni, ebediligini wasp edip, ýalandan laf urýanlary, ýaranjaň we ýüzleý ruhanylary hem-de höküm sürýän agyr düzgüni hem zalym häkimleri, tasawwuf we irfana mahsus bolan dil bilen tankyd edýärler: magtymguly hakdan pyýala çekse, pyýala joş berip hyýala çekse, aşyklar kalbyndan bir nala çekse, dagy elendirer, daşy ýandyrar. her zaman magtymguly halk içre gezme laf edip sakla gybatdan diliň ugrunda ynsaf edip el uazatma köp pesada,yör hudadan howp edip sopylyk esbaby hoşdur, geý içiňni saf edip bolsa möý-möjek içim,bu esgi şaly neýlerem. aşyk men diýp lap urarlar ýalandan bellisini aýdar,sorsaň bilenden il gözüne kyrk ýyl tagat kylandan, ýagşydyr bir säher gözden ýaş gelse. yşgyň awazasyn diňle daşyndan jan jebrinden gorksaň,barma başyndan seriştäň kem bolsa yşgyň işinden, bar habar al,gören mübtilalardan. türkmen alymy saýlaw myradfyň pikrine görä, magtymguly öz döwriniň näsazlyklaryny has gönüräk hem obýektivräk suratda tankyt etse, hafez onuň tersine has gytaklaýyn hem subjektiv suratda tankyd edip bilipdir. ol munuň sebäbini hafeziň ýaşan döwri hem jemgyýetine garanyňda magtymgulynyň ýaşan jemgyýetinde azatlygyň, erkinligiň köpüräk bolmagynda görýär we “magtymguly gündogar edebiýatynda ösüp gelýän realizmi bir etap ýokary göterýär” diýip baha berýär. biziň pikrimize görä magtymguly halkynyň beýik mugallymy , pedagogy hökmünde, hem köpçüligiň,hem ýolbasçylaryň uýmalary gerek bolan normlary hem-de her bir ynsana ýaraşykly we gerek bolan gylyk-häsiýetleri ündäp öwmek bilen bir wagtyň özünde, köpçülige we beýleki ynsanlara hem özüne ýaraşyksyz we zyýan getiriji edim-gylymlary yzygiderli hem berk ýazgarmak arkaly, il-güni terbiýelemekde, olary ruhy taýdan gözel gelejek üçin taýýarlamakda alyp baran işi has-da ähmiyetli hem deňi-taýy bolmadyk derjede ulydyr. belki-de şu hakykaty göz öňünde tutmak bilen azerbeýjan edebiýatçysy aryf hajyýef, şahyra şeýle baha berýär: “magtymgulynyň şahyrana eserleri yzygiderli suratda,onuň ömür ýoluny, çylşyrymly dünýägaraýşynyň “ewolýutsiýasyny” şölelendirýär. megerem sosýal mazmuny, gündogaryň hiç bir şahyrynda edil magtymgulynyňky yaly esasy orun eýelän däldir…wagtyň umumylaşdyrylan sosyal etiki obrazy onuň poeziyasynda ähli çeperçilik öwüşgünleri bilen görünýär…” belki biziň açyklamaga çalyşýan düşünjelerimizi beýik akyldarymyzyň öz goşgularynda has aydyňrak duýulýandyr. şonuň üçin sözümizi bu ýerde aýaklap, onuň diwanyndan her sözi altyna deň bolan birnäçe beýt getirmek bilen sözi şahyryň özüne berýäris. süleýman sen, mura bir gulak goýgul sözüni diňlegil,jogabyn aýgyl häkim bolsaň halky gün kimin çoýgyl akarda suw, ýa öserde ýel bolgyl. **************************** hiç könül şatlygy çykmaz, bir köňül ýykmaýan ärden ýagşylyk tamasyn etme ýamanlyk çykmaýan ärden. **************************** adam bolup adam gadryn bimeýen, ondan ýene otlap ýören mal ýagşy. sözlegende, söz manysyn bilmeýen, ondan ýene sözlemeýen lal ýagşy. *************************** magtymguly, garap gözle daşyňy jaýyn bilip sarp et nanuw aşyňy kämil tapsaň goý ýolunda başyňy är yzynda gezseň, ärdek bolar sen. ************************** . bir biwepa ýara gülüp bakandan şirin jany yşk oduna ýakandan ýad illerde musapyrlyk çekenden ursa, sökse, horlasa-da il ýagşy ************************* uzak ýola bidöwleti baş etme allanyň emrinden köňlüň daş etme akmaga iç berip syryň paş etme galbyrda suw durmaz,gözemek bilen. ************************* sam-sam adam bilen oturma turma zynhar namart bilen sen söhbet gurma gadyrdan dostuňdan ýüzüň öwürme barsaň depesine täj eder seni. ************************* magtymguly,ýalan ýaşryk sözleme nuksanyň içinden haýyr gözleme egisgin derdiňi, digin gizleme, il-ulusdyr, dosy-ýary ýekäniň. ************************ goç ýigidiň ady çykmaz döwleti,maly bolmasa endişeli iş bitirmez, meýdanda däli bolsa. gonmak täze ýurda ýagşy haly düşek törde ýagşy ol ýigitler görde ýagşy, başy gowgaly bolmasa. magtymguly bolsa başly uýalmaz gylyçly aşly duzy zor,duşmany güýçli dosy wepaly bolmasa. ********************** bimanynyň sözi janyňdan öter gybat edip, özi günäge batar ýamanyň zyýany iline ýeter, nadanyň peýdasy,özüne degmez. ********************* sözüm nasyhatdyr,bir gulak salyň bendesi men söze hyrydar guluň kyrk oýnaşly hatyn,ýagşydyr biliň, şereňňiz, köpdilli kethudalardan. ************************** derwiş ýerde daldyr, ýa gökde aýdyr doňuz derýa neýlär,it üýrüp aýa. *************************

Köneler, tmheart tarapyndan 14 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir