Eden ýalňyşlarma düşünýän indi,

Haýyş edýän, dünýäm, bagyşla meni!

Jiger örtenmekden ot alyp ýandy,

Haýyş edýän, dünýäm, bagyşla meni!



Sende beýle zalym ýürek ýok ahyr,

Mähribanym, bilýäň, söýgim päk ahyr,

Gaýtalanar öýdüp etme howatyr,

Haýyş edýän, dünýäm, bagyşla meni!



Sen bolmasaň, durmuşda-da gyzyk ýok,

Bes, gynama, geçilmejek ýazyk ýok.

Geljegimde sensiz ýagty ýazgyt ýok,

Haýyş edýän, dünýäm, bagyşla meni!



"Bir ýazykdan är ölmeýär", bilsene,

Hany, öňkiň ýaly näzli gülsene!

Gitme, dolan! Ykbalyma gelsene,

Haýyş edýän, dünýäm, bagyşla meni!



Meger, gaty öýkelediň söýýänden,

Diňlemediň, gitdiň bu gün dünýämden,

Iň soňky haýyşym: ötsem dünýäden,

Rahat ýatar ýaly, bagyşla meni!

Sapa HOMMADOW

Edebiýat, Men_ve_Sen tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir