Hol baýyrlar ter güllere beslenip,
Gök otlar örtende türkmen düzüni.
Men ilkinji gezek senden eşdipdim,
“Men seni söýýärin” diýen sözüňi.

Menem öz ýanymdan söýüpdim seni,
Ýöne söýýändigmi saňa aýtmandym.
Senem şol sözleri eşitjek bolup,
Meň ýanymdan wagty bilen gaýtmandyň.

Bilýän, soň-soňlaram kän garaşansyň,
“Men seni söýýärin” diýen sözüme.
Bu gün ençe ýyllaň deňinden geçip,
Göründiň sen salgym bolup gözüme.

Wagtynda aýtmadyk şol sözlerime,
Seniň garaşmaýan bolmagyň ahmal.
Seniň gözleriňde ünji görünýär,
Meniň gözlerimde ajaýyp ahwal.

Ondan bäri aýlar, günler aýlanyp,
Ykballar üýtgedi, durmuş özgerdi.
Bizi bir-birege gowşurmadyk zat,
Öz wagtynda aýdylmadyk sözlerdi.

Akmyrat Rejebow

Edebiýat, Men_ve_Sen tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir