Salam gadyrly agzalar. Bu tomus, Türkmenistana baran bar okuwçylar Milli Bilim Institudynda talyplyk şahadatnamalaryna pechat urduryp, woenkomatdan kepilnama alyp, migracionna tabşyrmalydylar. Bu zady, "Hökümet talyplaryn nirede okayandygyny bilmek isleyar", diyip anlasan bolar, yöne kabir uniwersitetlerde okayan talyplaryn daşary yurda çykmagy gadagan edildi. Esasanam Gyrgyzstandaky AUCA (American University of Central Asia) uniwersitedinde okayan talyplar daşary yurda göyberilmedi. AUCAda okayan zehinli talyplarymyzyn Türkmenistanyn daşyna çykmagy gadagan edildi. Bularyn kabiri 1-ji klasda, kabiri bolsa sonky klasda okayan talyplardyr. Bitarap, Garaşsyz, Demokratik watanymyzda beyle zatlaryn bolmagy gen zat. Mana SSSR döwründe daşary yurda çykmagyn gadagan bolan yyllaryny yatlatdy. Adamlaryn gidip okamagy, ylym-bilim öwrenmegi gadagan edilyar!!! Başga haysy uniwersitetlerde okayan talyplarymyzy göybermediler? Muny bilemok, yöne AUCA'da okayan birnaçe tanyşym şuwagt öyünde gök çay içip apişgeden "Döwlet adam üçindir!" plakadyna seretyarler. Döwlet AUCA'da okayanlary haçan adam yerine goyarka?
Amerikan Uniwersitetinde Okamak Bolanok!
-
japbakow
15 years ago
- öz hasabyna okayan bolsan iberman bilerler. sebabi men bu tomus türkmenistanda ikinji uniwersitetini okap sonky kursa yeten biri bilen tanyşdym. şol oglany "sen gulluk etmeli!" diyip, dinleman, yagdayyna düşünman ibermediler.
-
Turkmenbala
15 years ago
- gen zatlar dal!
Sawyer dost ber jogabyny! Yeri bakaly. Muna name diyersin.
-
Turkmenbala
15 years ago
- AKI press agentliginiň çap eden maglumatynda Gyrgyzystanda okaýan türkmenistanly studentleriň ýurtdan çykarylmaýandygy bilen bagly Gyrgyzystanyň, Türkmenistanyň we ABŞ-nyň arasynda gepleşikler dowam edýändigi habar berilýär.
Gyrgyzystanyň ýokary mekdeplerinde, hususan-da Merkezi Aziýadaky Amerikan uniwersitetinde okaýan türkmen studentlerine ýurtdan çykmagy türkmen häkimiýetleri gadagan edipdir. Diňe şu uniwersitetde 150 töweregi türkmenistanly student okaýar. Jemi Gyrgyzystanda okaýan türkmenistanly studentleriň sany müňlerçedir.
Merkezi Aziýadaky Amerikan uniwersitetiniň jemgyetçilik bilen gatnaşyklar boýunça kordinatory Ýewgeniýa Romanowskaýa: “Häzir çözülen zat ýok. Gyrgyzystanyň, Türkmenistanyň we ABŞ-nyň DIM-leriniň hem ilçihanalarynyň wekilleriniň arasynda gepleşikler dowam edýär. Biz ýakyn wagtlarda studentlerimiziň okuwa geljekdigine ynanýarys” diýip, AKI press agentligine aýdypdyr.
-
Farabi
15 years ago
- uly masgaraçylyk. öz rayatyny şeyle gynayan demirgazyk koreyadan başga bir türkmenistan bar başga yurt galmady öydyan.
-
Turkmenbala
15 years ago
- Gyrgyzystanyň ýokary okuw jaýlarynda, esasan-da Merkezi Aziýadaky Amerikan uniwersitetinde okaýan türkmenistanly studentlere okuwlaryny dowam etdirmek üçin ýurtdan çykyp gitmeklerini häkimiýetleriň gadagan edendigi habar berildi.
ABŞ-nyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň wekili William B.Stiwensiň, Azatlyk Radiosynyň Türkmen gullugyna aýtmagyna görä, ilçihana ýagdaýy ýakyndan yzarlap, studentleriň okaýan ýurtlaryna sapar etmek meselesiniň çözülmegi ugrunda elde baryny edip gelýär.
Türkmen-amerikan okuw programmasy esasynda okaýan studentleriň öz okuwlaryny dowam etdirmekleri üçin özlerine düşýän işiň hem ýerine ýetiriljekdigini amerikan diplomaty sözüne goşdy.
Türkmenistanyň dürli jogapkär resmilerinden şeýle-de bilim ministrliginden studentleriň ene-atalary bilen göni gatnaşyk saklanýandygy hakynda özlerine käbir jogabyň gelip gowşandygyny, ýöne bu gatnaşyklaryň ilçihana arkalary alnyp barylmaýandygyny diplomat belledi.
-
usher
15 years ago
- name bolsoda bahym duzelerlay hemme zatlar.
-
Stud
15 years ago
- meng pikirimche bu gulluga oglan yetman edildimika diyyan sebabi gechen songky 1 yylda dashary yurda gaydan talyplaryng sany 10 mungden gechyar!
-
Stud
15 years ago
- yone Turkmenistan hich vagt duzemez men shuny 99 goterim aytyan sebabi turkmening halky biri-birine gorupda! kim yokary goterilse shonyng ayagyndan asylmaly shony pese dushurmeli turkmening dushunjesi sheyle! Eger biri-birine goldag berip yashasalar onda bu vagta turkmenistan nahili osen dovlet bolardy!
guych 15 years ago- menem doktarantura okap yorun. yone dowlet hasabyna dalda oz hasabyma. barsam menem ibermezlermika diyip gidip bilman yorun. okuwym koyjek bolmasa. Oz mashgalandan uzak galmaly. Name sebap bilen beyle karara gelyarler mena dushunip bilemok. Shol karary berenlerin oz chagalary hem dashary yurtda okayarlarmyka? Oz hasabyna okuw okamagyn dowlede name zepeli bolup biler ?