Salam gadyrly, mahriban agzalar we myhmanlar! Men shu achan temam-da Kerim agamyzyn gyzlar hakda yazan goshgysy bilen paylashmak isledim. Sizem shu yere oz bilyan (gyzlary/oglanlary taryplayan/wasp edyan goshgylarynyzy, ozunizden-yureginizden joshup chykyan) setirleri shu yere yazaysanyz shat bolardyk! (Gayrat edip temany bashga zatlara sowmalyn!) Okan we lezzet alyn! Goshgy uzakdyr, yone gyzykly… ilki yarysyny goyayyyn: Gyzlar we shahyrlar (K. Gurbannepesow) Gyzlar, gyzlar… Siz dunyanin bezegi! Bu dunyaden dunya bolarmy sizsiz?! Asmanyn, zeminin bar gozelligi, Sizing gashynyzda, bir agyz sozsuz, Dyzyna chokyar, Duz kessin! Hachan bashlandyka, sizing waspynyz? Ol waspyn oni yok, gutarmaz yzam. Sizing yaly, taryp edilen daldir Patshalara dal, Allanyn ozem. Dunye dorap, size aydylan waspyn, Munden bir bolegin aytsalar bize, (yagny erkeklere) Onda biz bir wagt dalirap, duwleship, chykardyk duze. Size agachlaram, gullerem ashyk. Bagbanyn ozi ha ashyk has beter. Altmyshdanam ashan gojadyr welin, Yzynyzdan ogryn-ogryn es eder. Men gul yolsam, shol bagbanyn bagyndan, Gul aglar. Bagbanam tayagyn salar. Siz yolsanyz gul, bagbanyn bagyndan, Gul guler, bagban gormedik bolar. Siz chole barsanyz, yanaklarynyzy, Sazaklar sazakdan gabanyp ogshar. Siz derya girseniz, ayaklarynyzy, Balyklar balykdan gabanyp ogshar. Siz daga chyksanyz, keyikler sizi, Keyikmikan oydup, ysgashyp oter. Nazikler ichinde, in nazigi siz. Beyikler ichinde, ondanam beter. Koshek gozli, goyun gozli, gozeller. Gara gozli, mawy gozli, gozeller. Maral gozli, huwi gozli, gozeller. Bir-birinden gowy gozli, gozeller. Shahyryn gashynda siz otursanyz, Mun yyl gozun gyrpman, bakmagy mumkin. Yone welin,yaman goz bilen dalle, Sizi yaman gozden, saklamak uchin. Omur boyy sizin gozlerinizden, Goshgy okap, goshgy gozleyan gozler. Birden alach tapman gyrpyldaysa-da, Shohlanizden gamashyandyr, gozeller. Dine gozlerinizin shohlesi dalle, Egin-egine berip kocha chyksanyz, On mahal, yer basan ayajyklarynyz, Shor basan, kir basan ayajyklarynyz, Chop basan, chor basan ayajyklarynyz, Gamashdyryp barya, gozleri bu gun.

Köneler, Feya tarapyndan 14 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir