Salam agzalar we myhmanlar! Allahyň sypat, amal, erada, we ş.m. taýdan müňlerçe ady bar şu wagda deňiç edilen beýanlar boýunça. Kuranda şolardan 99 sanysy geçýär. Dileg-dogalar atly mowzukda şeýle ýazypdym: Many taýdan bir hadysda şeýle beýan bar: "Ediljek dilegleriň başynda Biribara hamd(şükür); yzyndan Habibine(Onuň söýgüli bendesi Hz.Muhammede(SAW)) salam we salawat we yzyndan islenen dileg; ýene-de Pygamberimize getiriljek salawat we iň soňunda ýene Biribara hamd-u sena bilen gutarmak - dilegleriň iň oňat we köp mukdarda kabul bolmagyna sebäp bolar" Şol mynasybetli-de, siziň bn Allahyň gözel atlaryny we manylaryny hem-de şol ýagdaý barada umumy maglumatlary aşakda aýratyn ýazgylar arkaly paýlaşmakçy. Sizem bilýän degişli maglumatlaryňyzy paýlaşyp bilersiňiz! Sag boluň!
Allahyň_atlary - Esmaul Hüsna
-
ata
15 years ago
- 1. er – Rahman – merhemetli, ahli mahluklaryn ryzyklaryny beren;
2. er – Rahym – rehimli, rahmet ediji, gorap saklayan;
3. el – Melik – hökümdar, Soltan, patyşa;
4. el – Kuddus – in mukaddes, nogsanlyklardan azat, kemçiligi bolmadyk, pak, tamiz;
5. es – Selam – abadan, salamat, parahat, asuda;
6. el – Mü’min – penakar, aman saklayjy;
7. el – Müheymin – gorayjy, ynamdar gorayjy;
8. el – Aziz – eziz, mahriban, söygüli, dost, üstün çykylmasy mümkin bolmadyk gudrat we kuwwat eyesi;
9. el – Jebbar – islanini hökman edyan, islanine güyji yeten, beyiklik we ululyk, gudrat eyesi, gullaryny boyun edip toba etdiren;
10. el – Mutekebbir – artykmaç, üstün, beyiklenen;
11. el – Halyk – yokdan bar eden, yaradyjy;
12. el – Bari – her zady öz layyklygynda, mynasyplygynda, zerurlygynda gözel yaradan;
13. el – Musawwir – şekillendiriji, şekil we surat çyzan, her zada gözel şekil we suratlar beren;
14. el – Gaffar- geçirimli, geçiriji, yalkayjy, magfireti köp, günaleri bagyşlayjy:
15. el – Kahhar – yeke-tak, mydam yeniş gazanyjy, gazaply;
16. el – Wehhab – çaksiz hayyr-yhsan edyan, köp yalkayjy;
17. er – Rezzak – ryzk beryan, ahli ryzklary we peydalanyp boljak zatlary yaradan, hayyr-yhsan eden;
18. el – Fettah – in gowy, in köp açyş eden, yeniji, kynçylykdan halas eden, her zady in gowy tarapyndan açan;
19. el – Alim – bilyan, ylymly;
20. el – Gabid – gabyz ediji, tutujy, gysyjy;
21. el – Basyt – açan, yayan, seryan, ginlik beren, halan gulunyn ryzkyny ginişlendiren;
22. el – Hafyd – kiçeldiji, ynsana heddini bildiren;
23. er – Rafi – beygeldiriji, galdyryjy;
24. el – Muizz – yzzat, hormat we hödür eyesi. Eziz we mertebeli eyleyan.
25. el – Muzill – kemsidiji, peseldiji;
26. es – Semi’ – eşidiji, her bir zady eşiden, Onun eşitmejek hiç bir zady yokdur;
27. el – Basir – görüji, dykgatly, her bir taraplayyn göz yetiren, in gowy we in köp anlayyşly;
28. el – Hakem – üstün çykyjy, haky we nahaky ayryp, hak we adalat boyunça hokum eden. Yeke-tak edara eden, hakly we haksyzyn saylanmagynda araçylyk eden;
29. el – Adil – adyl, adalatly;
30. el – Latif – mahirli, mylayym, yumşak, nazik, mynasyp, gözel, şirin. Göze görünmeyan köp sowgat ediji;
31. el – Habir – habarly, habardar, alym, her zady bilen;
32. el – Halim – yumşak hasiyetli, hoşgylaw, günalilere jezalaryny derhal bermek ygtyyary bolanyna garamazdan sabyr edip, yumşaklyk bilen çemeleşen;
33. el – Azym – beyik, uly, belent, öran uly;
34. el – Gafur – köp rehimdar we geçirimli. Mü’minlerin yalnyşlyklaryny bagyşlap, gorap saklan;
35. eş – Şekur – edenine şükür edip, berenine minnetdar bolunmagyna yeke-tak doly mynasyp bolan, hat-da şüküri azyrak edenlere hem köp nygmatlar beren;
36. el – Aliyy – beyik, belent, uly;
37. el – Hafiz – gorayan, gorap saklayjy;
38. el – Mukit – gorap saklan. Hafyz. Amallary yrya etman gorayan. Gizlini bilen. Ekleyji;
39. el – Hasyb – hasaplayjy, sanayjy;
40. el – Jelil – beyik, belent mertebeli. Ululyk we güyç-kuwwat eyesi;
galanlaryny şu linkden okap bilersiniz: Allahyň atlary - Esmaul Husna
-
ata
15 years ago
- turkmenworld sahypasynda bu babatda biri şeýle ýazypdyr:
"Allahu" - Alla Tagalanyň 99 adyndan biri
Her bir musulman bendesine, bir meseläni çözmek üçin güýç-gaýrat, kuwwat gerek bolsa, onda bu ady 100 mertebe gaýtalasyn.
Eger-de, bialaç bolup ýatan keselli musulman bendesi "Ýa Allahu" diýip, ençeme mertebe gaýtalap, soňra bolsa şypa dogasyny okasa, enşalla derdine şypa tapar.
Ýene şol ýerde Allahyň zaty we subuty sypatlary hem-de "Allah sözi" barada maglumatlar bardyr.
-
ata
15 years ago
- Mümkin, siziňem ýokardaky atlardan has gowy bilýänleriňiz we has gowy görýänleriňiz bardyr. Onuňam özboluşly sebäpleri bardyr we ş.m. Bu ýagdaýlar barada özara pikir alyşyp bileris. Meselem, men bir ýazgymda şeýle diýen ekenim:
"Onsonam, men hata we gunaler bn doly ynsan, hakyky toba hem edip bilemok, has takygy edemok. Allah meni, shol sanda hemmamizi hem bagyshlasyn! Men oz gunalerim sebapli Onun Settar adyny gowy goryarin.
Ynsan kamahal dogry diyip 1 zat eder, yalnysh tasir doreder, yalnyshlyk bn hem onat tasir doretjek sawlikler eder. Ka zatlary hakymyzda hayir pikir ederis, aslynda sherdir, ka zatlary hakymyzda sher oyderis, aslynda hayirdyr, biz bilmeris, Baky we Alym bolan Allah biler.
Shol sebapden, haysy hereketlerimin guna ya sogapdygyna hem oncakly dushunip baramok, bilyanje onat zatlarymy yerine yetirjek bolyan, Allah hemmamizi dogry we orta(ne ifrat ne tefrit, yone ikisin arasy) yola gonukdirsin!"
-
ata
15 years ago
- Allahyň sypatlary:
Allaha iman getirmek imanyň esaslarynyň ilkinjisidir. Allah Tagala tutuş älemleri ýokdan bar eden, deňi-taýy bolmadyk, ähli kemal sypatlara eýe, ýeke-täk Ýaradyjydyr. Her musulmanyň Allahyň kemal sypatlaryň ählisine eýedigine, nogsanlaryň ählisinden daşdadygyna ynanmagy farzdyr.
Allah Tagala barasynda kabul edilmegi wajyp bolan kemal sypatlar iki görnüşdedir:
1. Selbi sypatlar,
2. Subuty sypatlar.
Selbi sypatlar
Allahyň zaty bilen bütewi, Ondan aýry kabul edilmeýän sypatlardyr. Bular Allahyň beýikligine, kemalyna ters gelýän sypatlary Ondan aýyrýan we ähli nogsanlardan uzakda saklaýandygy üçin berlen atlardyr. Selbi sypatlara – zaty sypatlar hem diýilýär. Olar alty sany bolup: wujud, kydem, beka, wahdaniýet, muhalefetün lil-hawadis we kyýam bi nefsihidir.
Wujud
Bu sypat Allah Tagalanyň bardygyny düşündirýär. Muňa «syfaty nefsiýe» hem diýilýär. Eger Allah bolmadyk bolsa, onda hiç bir zat bolmazdy. Älemleriň barlygy, Onuň barlygyna iň beýik şaýatdyr. Hiç bir zat ne öz-özünden döräp, ne-de ýok bolup biler. Allah Tagalanyň barlygy öz-özündendir. Onuň barlygynyň mutlak bolmagy, ýok bolmagynyň mümkin däldigi sebäpli, Oňa «Wajybül-Wujud» diýlipdir.
Barlygyň tersi bolan ýokluk Allah Tagala degişli däldir. Allah Tagalanyň barlygy başga bir barlyk sebäpli däldir. Allah Tagalanyň ýoklugyny ykrar etmek, älemleri we älem-jahandaky ähli zady inkär etmek diýmekdir. Çünki, her bir zady ýaradan we döreden Oldur.
Kydem
Kydem – Allah Tagalanyň barlygynyň başlangyjy ýok diýmekdir. Ol gadymdyr, ezelidir, ýagny, öň ýokka, soň bar edilen däldir. Geçmişe tarap näçe gidilse gidilsin, Allah Tagalanyň bar bolmadyk sähel wagtyny hem göz öňüne getirmek mümkin däldir. Zamany we mekany ýaradan hem Oldur. Zaman soňra dörän ýagdaýdyr. Șonuň üçin, Allah Tagala zamandan we mekandanam münezzehdir. Eger Allah Tagala ezeli bolmadyk bolsa, soňra döremeli bolardy. Soň dörän her bir zat bir ýaradyja mätäçdir. Mätäçler bolsa ýaradyjy bolup bilmez.
Kurany Kerimde Allah Tagalanyň ezelidigi şeýle beýan edilýär:
«Ol her zatdan Owaldyr. Özünden soň hiç zat galmajak Ahyr Oldur. Barlygy Zahirdir (aýandyr). Özi ýaradylanlar üçin Batyndyr (gizlindir). Ol ähli zady biler», (Hadid, 3).
Beka
Beka – Allah Tagalanyň barlygynyň soňunyň ýokdugyny, Onuň barlygynyň müdimidigini aňladýar. Allah ebedidir. Kurany Kerimde bu barada şeýle diýilýär:
«Ähli zat fanydyr – ýok bolujydyr, diňe jelal we ikram sahyby Rabbiň barlygy ebedidir», (Rahman, 26-27).
Barlygyny dowam etdirip bilmezlik ejizlikdir, ejizlik bolsa, kemlikdir. Allah bolsa nogsandan sapdyr. Ol çäksiz gudrat eýesidir. Ony ýok etjek güýç hem ýokdur.
Wahdaniýet
Wahdaniýet – Allah ýeke-täk diýmekdir. Allah zatynda, sypatlarynda we amallarynda ýeke-täkdir. Ol böleklerden döremändir. Ol madda hem däldir. Ony meňzedere zat ýokdur – deňsiz-taýsyzdyr. Șonuň üçin soltanlygynda, älemi dolandyrmakda şärigi ýokdur. Eger birden köp ilah, taňry bolan bolsa, älemiň nyzamy bolmazdy. Bu mesele Kurany Kerimde şeýle nygtalýar:
«Ýerde we gökde Allahdan başga ilahlar, taňrylar bolan bolsa, ýer we gök harap bolardy», (Enbiýa, 22).
«Onuň bilen birlikde hiç bir ilah ýokdur. Eger bolan bolsa, her taňrynyň öz ýaradanlarynyň arkasyny alyp, olary gorajakdygy şübhesizdir. Biri beýlekisinden üstün çykardy», (Mü’minun, 91).
Yslam dininde, hatda ähli hak dinlerde towhyd, ýagny, Allahyň birligi akydasy iman esaslarynyň we tutuş dini ynançlaryň düýbüni tutýar. Kalpda towhyd akydasy bolmazdan Allahyň dergähinde hiç hili ynanç, amal kabul däldir. Șol sebäpli, yslam dini adamzat üçin towhyd ynanjyny ähli zatdan öňde goýýar. Ähli adamzady Allahy ýeke-täk bilmäge, Onuň şäriginiň ýokdugyny ykrar etmäge çagyrýar. Hak dinler bilen batyl dinleri bir-birinden tapawutlandyrýan iň möhüm esas hem şudur. Kurany Kerimde Allahyň birdigini we towhyd ynanjy meselesini beýan edýän ençeme aýatlar bardyr.
«Aýt, Allah ýeke-täkdir», (Yhlas, 1).
Muhalefetün lil-hawadys
Muhalefetün lil-hawadys – Allah Tagalanyň soňra dörän hiç bir zada meňzemezligi diýmekdir. Allah Tagala ne zatynda, ne sypatynda öz ýaradan zatlaryna meňzemeýär. Biz Allah Tagalany nähilidir diýip oýlansak oýlanaly, Ol ýadymyza düşjek we hyýalymyza gelip biljek ähli zatdan başgadyr. Çünki, ynsan gören-eşiden we bilýän zatlaryny göz öňüne getirip biler. Ýadyňa düşjek ähli zat soňra ýaradylandyr. Allah bolsa olaryň hiç birine meňzemeýär. Kurany Kerimde:
«Oňa hiç zat meňzeýän däldir. Ol her bir zady eşidýändir we görýändir», (Șura, 11), diýlip, anyk düşündirilýär. Pygamberimiz bolsa, bu barada: «Allah seniň akylyňa gelen her bir zatdan başgadyr» diýýär.
Allah Tagalanyň ýaradylanlara meňzemezlik sypaty: beýleki barlyklara mahsus sypatlardan sapdygyny aýan edýär. Mysal üçin, Ol maddy görnüş, böleklerden emele gelmek, iýmek, içmek, ýadamak, uklamak... ýaly sypatlardan daşdadyr. Käbir aýatlarda zikir edilen «Allahyň eli, Allahyň ýüzi, Allahyň arşa istiwa etmegi ýaly sözler Allahyň başga barlyklara meňzeýänliginiň delili däldir. Bular mejaz (göçme) manyda aýdylan zatlardyr. Allahyň eli – Allahyň gudraty; Allahyň ýüzi – Onuň zaty; arşyň üstünde oturmagy bolsa, arşa häkim bolmak, hökmüni ýöretmek manylaryndadyr.
Kyýam bi nefsihi
Kyýam bi nefsihi – Allah Tagalanyň zatynyň barlygynyň özünden bolmagy diýmekdir. Ähli barlyk döremegi üçin bir ýaradyja mätäçdir. Emma Allah Tagalanyň barlygy özündendir, hiç zada mätäç däldir. Barlyklaryň «mümkin» we «wajyp» diýilýän iki görnüşi bardyr. Wažybül wujud bolan Allah Tagaladan başga görünýän-görünmeýän ähli barlyklar mümkin barlyklardyr. Olaryň barlygy-ýoklugy deňdir. Allahyň isläni üçin olar bardyr. Ýok bolmaklaryny islese, şol bada ýok bolarlar. Barlyklaryň bu aýratynlygy Kurany Kerimde şeýle düşündirilýär:
«Gökleri we Ýýeri ýaradan Allah olaryň meňzeşini ýaratmaga kadyr dälmidir? Elbetde, kadyrdyr. Her zady ýaradan we her zady doly bilýän Oldur. Ol bir zadyň bolmagyny islän wagty Onuň emri diňe «Bol!» diýmekdir. Ol hem derrew bolar», (Ýasyn, 81,82).
Allahyň barlygy öz zaty bilendir. Ol özüni Kurany Kerimde nähili tanadýan bolsa, şonuň ýaly tanamak we bilmek hökmandyr. Allah Tagalanyň özüni iň gözel şekilde tanadýan aýatlaryndan biri Aýatel-Kursidir. Onda şeýle diýilýär: «Allah şeýle bir ilahdyr ki, özünden başga ilah ýokdur. Ol Haýýdyr, Kaýýumdyr. Ol ne ymyzganar ne-de uklar. Göklerde we Ýýerde barça zat Onuňkydyr. Onuň rugsady bolmasa, huzurynda şefagat etmäge kim het edip biler. Mahluklaryň öňünde, yzynda näme bar bolsa, ählisi Ýaradana äşgärdir. Mahluklar bolsa, Onuň ylmyndan Onuň isläninden artyk hiç zat düşünip bilmez. Onuň kürsüsi Gökleri we Ýýeri gaplandyr. Gökleri we Ýýeri gorap saklamak Oňa kyn däldir. Ol şeýle uludyr, şeýle beýikdir we azymdyr», (Bakara, 255).
Subuty sypatlar
Subuty sypatlar zaty bolman, ýöne zaty bilen birlikde bolan sypatlardyr. Allah Tagala bularyň gapma-garşy manylary bilen atlandyrylyp bilinmez. Bu sypatlar Allahyň zatynyň özem däldir, özünden daş hem däldir. Subuty sypatlar şulardyr: Haýat, Ylym, Semig, Basar, Irade, Gudrat, Kelam, Tekwin.
Haýat
Haýat – Allah Tagalanyň diriligi diýmekdir. Onuň şanyna mahsus haýat sypaty bardyr. Haýaty bolmadyk zat bilmekden, islemekden we başarnyk güýjünden mahrumdyr. Haýat sypaty ylym, irade, gudrat ýaly kemal sypatlar bilen göni baglanyşyklydyr. Bu sypatlardan mahrum bolan barlyk öz-özüne hiç zady ýaradyp bilmez. Aýratyn hem bilim, düşünje, isleg, güýç eýesi bolan barlyklary ýaratmaga asla ukyply däldir. Çünki, hiç bir eser – barlyk – ýaradyjysynda bolmadyk sypatlary özünde jemläp bilmez. Șonuň üçin ylym, irade we gudrat sypatlary bolmadyk aňsyz tebigat akyla, iradä we gudrata eýe bolan ençeme barlyklaryň ýaradyjysy bolup bilmez.
Jemläp aýtsak, älemleriň ýaradyjysy bolan Allah haýat sypatyna eýedir. Ol Haýý we Kaýýumdyr. Ýagny, Ol özüniň diri bolşy ýaly, ähli zady dirilden we olaryň durmuşyny dowam etdirijidir.
Ylym
Ylym – Allah Tagala her bir zady biliji diýmekdir. Allah Alimdir – alymdyr. Ol bolan we boljak zatlaryň ählisini doly biler. Onuň ylmy ähli zady gurşandyr. Onuň ylmy artmaz hem, kemelmez hem. Çünki, Onuň ylmy ezeli we ebedidir, ynsanlaryň ylmy ýaly, çäkli düşünjä, oý-pikire esaslanýan däldir. Șeýle hem gural we esbaplara mätäç däldir.
Bu älemi iň gözel görnüşde kämil nyzam bilen ýaradan we ony dolandyrýan gudraty güýçliniň ýaradýan barlygyny çuňňur we inçe syrlaryna çenli bilmegi zerurdyr. Çünki, hakykaty, peýdasy, zerurlygy we hikmeti bilinmeýän zat näme üçin ýaradylsyn?! Șol sebäpli ýaradyjynyň bir zady ýaradyp bilmegi üçin ilki bilen ylym eýesi bolmagy, soň şol ylmyň esaslaryna görä ýaratmagy şertdir. Șeýle hem, iman we salyh amal işleýän gullary mukafatlandyrmak, isýan eden, azaşan gullary bolsa, jezalandyrmak diňe bu kişileriň eden zatlarynyň ählisini iň inçe aýratynlyklaryna çenli bilýän ýagdaýyňda mümkindir.
Allahyň her bir zady bilýändigine gowy düşünýän ynsan, elbetde, hemişe ägä bolar. Her sözüni we hereketini edep bilen berjaý eder. Erbet söz sözlemez, ýaramaz işi niýet edinmez, başga birine ýamanlyk etmez, hiç kimiň görmejek ýerinde hem Allahyň buýruklaryna garşy gitmez. Çünki, edýän her bir işini bilýän beýik Allahyň bardygyna imany bardyr.
Irade
Irade – Allah Tagalanyň islegi diýmekdir. Allahyň her bir zadyň şeýle bolmagyny ýa-da bolmazlygyny islemegi Onuň her bir zady isleýşi ýaly bellemegi we kesgitlemegidir. Onuň iradesi ezelidir. Ol edýän işlerinde erkindir. Ony haýsy-da bolsa bir işi etmäge mejbur etjek güýç ýokdur. Ol älemleri we olardaky barça zady ezeli iradesi bilen ýaradypdyr. Onuň her bir isläni bolar, islemedigi bolmaz. Bu ýagdaý Kurany Kerimde şeýle düşündirilýär:
«Merýem bir erkek kişi bilen gatnaşygy bolman neneň çaga dogurjakdygyny soranda, Allah Tagala: «Bu şeýledir. Allah isleýänini ýaradar. Bir işe höküm etse, ýagny, onuň bolmagyny islese, diňe «Bol!» diýer, ol hem bolar», (Ali Imran, 47).
Irade ýerine Kurany Kerimde «Meşi’et» sözi hem ulanylýar.
Gudrat
Gudrat – Allah Tagalanyň her bir zada güýjüniň ýetmegi diýmekdir. Allah ezeli ylmy we iradesi bilen her bir zady etmäge we ýaratmaga kadyrdyr. Allah Tagalanyň soňsuz gudrat eýesidigine we her zada kadyrdygyna, görnüp duran şu älemler we olardaky berk düzgün-nyzam iň beýik delildir.
Allah Tagala islese, sähel salymda müňlerçe älemi ýokdan bar eder we islese, olary sähel salymda ýok eder. Çünki, islänini bir pursatda ýerine ýetirip bilmeýän barlyk, älemleriň ilahy bolup bilmez. Kurany Kerimde şeýle buýrulýar:
«Gökleriň we Ýýeriň gaýybyny – syrlaryny diňe Allah biler. Kyýamatyň gopmagy diňe göz açyp-ýumasy ýa-da ondanam gysga wagtda bolup geçer. Allahyň her zada kadyrdygy şübhesizdir», (Nahl, 77).
Allah Tagalanyň şeýle uly gudratyna doly düşünen mü’min Onuň beýikliginiň öňünde tagzym eder, Onuň gudratyndan gorkar. Onuň mukaddes emrlerini ýerine ýetirip, gadagan eden zatlaryndan saklanar.
Semig
Semig – Allah Tagalanyň eşitgirligi diýmekdir. Allahyň eşitgirligi mahluklaryň eşidişi ýaly çäkli we kemter däldir. Allah Tagala ähli zady eşidýär, iň gizlin we äşgär sesler, hereketler Oňa eşidilmän galmaýar. Ol eşitmek üçin hiç bir gural ulanmaýar. Allah Tagala gullarynyň dogalaryny, zikirlerini gizlin-äşgär dileglerini eşidip kabul edýär we olary mükafatlandyrýar. Allah Tagalanyň her zady eşidýändigine iman eden ägä ynsan hemişe ýagşy gürlär, elmydam Allahy ýatlar, Ony beýgelder. Her sözüni we işini Allahyň ryzasyna laýyk berjaý eder.
Basar
Basar – Allahyň her bir zady görýänligini aňladýar. Allahyň eşitgirligi ýaly, görgürligi üçin hem uzaklyk-ýakynlyk, gizlinlik-äşgärlik, garaňkylyk-ýagtylyk ýaly zatlar päsgel bermeýär. Ol içimizdäki pyşyrdylary, ýüregimizden we köňlümizden aýdýan dogalarymyza çenli eşidýär. Olara hikmetine laýyk jogap berýär. Körlük we kerlik uly nogsandyr. Șeýle nogsanlary bolan kör kuwwatlar ilah we ýaradyjy bolup bilmez. Allah Tagala bolsa beýle nogsanlardan daşdadyr. Ol diňe kemal sypatlara eýedir.
Kurany Kerimde Allah Tagalanyň eşitgirligi we görgürligi barada bilelikde aýdylýar: «Allah Semig we Basyrdyr, ýagny, eşitgirdir we görgürdir», (Bakara, 127,137,181,224).
Kalby imandan doly ynsan Allah Tagalanyň özüni görüp durandygyny duýar, özüni hemişe tertip-düzgünli, edep-ekramly alyp barar. Melekler kimin arassa ýaşamaga çalşar. Kurany Kerim şeýle aýdýar:
«Allahdan gorkuň! Șuny hem berk biliň! Allah ähli edenleriňizi görüp dur», (Bakara, 233).
Kelam
Kelam – Allah Tagalanyň gürleýänligini aňladýar. Ol gürlemek üçin sese, harpa, söze ýa-da sözleme mätäç däldir. Allah Tagala özüniň gadym kelamyny islän wagty, şanyna laýyk şekilde, meleklerine eşitdirýär, bildirýär we düşündirýär. Allah Tagalanyň käbir pygamberlere iberen kitaplary, Kurany Kerimdäki:_
«Allah Tagala Musa bilen hut özi gürleşdi» (Nisa, 164) aýaty kelam sypatynyň delilleridir.
Allah Tagala pygamberlerine islän zatlaryny wahý we ylham üsti bilen bildiripdir. Gadymy Kelamy bolan Kurany Kerim hem Allah Tagalanyň kelam sypatynyň tejellisidir we Allahyň kelamydyr. Allahyň kelamy kadymdyr, ezelidir we ebedidir. Ýöne biziň elimizdäki Kurany Kerimiň harp, söz-sözlem bilen ýazylyşy pygambere wahý edilenden soň, Pygamberiň beýan ediş şeklindedir.
Tekwin
Tekwin – Allah Tagalanyň döretmegi we ýaratmagy diýmekdir. Käbir alymlar Allahyň Tekwin sypatyny Gudrat sypaty bilen birmeňzeş hasaplapdyr. Tekwin sypaty Gudrat sypatynyň ýaradylmagy takdyr edilen zatlary ýaradýan wagty bilen baglanyşyklydyr, ýagny, Tekwin sypaty Gudrat sypatynyň içinde şertli görnüşdedir. Allah Tagalanyň bu älemleri ýaratmagy, ýok etmegi, gullaryna dirilik berip ýaşatmagy olary ryzklandyrmagy, soňra öldürip başga äleme ibermegi Tekwin sypatynyň tejellisidir. Kurany Kerimde bu barada şeýle aýdylýar: «Allah bir zadyň bolmagyny islese, oňa «Bol!» diýer, ol hem bolar», (Ýasyn, 82).
çeşme
-
Feya
15 years ago
- Ata aga gowy tema achypsynyz. mende Allahyn atlary we olaryn manysy bilen bir kitapjyk bar. Her adyn ozune gora hem dileg-doga edilyar. wagtym bolsa shol kitapdan gysgacha shu yere goyup bilerdim.
-
Adybeg
15 years ago
- ata aga men bir zady sorasym gelya size
şu "tanrı" sözünü ulanyp bolya my "Allah" yerine?
men bir saytda da gördüm inlizlerin "there is no god, but allah" diyyardi. diymek god diyip bolanok da, onda tanry da diymeli dal mika diyip pikir etdim sizin pikirleriniz?
-
Feya
15 years ago
ata aga men bir zady sorasym gelya size
şu "tanrı" sözünü ulanyp bolya my "Allah" yerine?
men bir saytda da gördüm inlizlerin "there is no god, but allah" diyyardi. diymek god diyip bolanok da, onda tanry da diymeli dal mika diyip pikir etdim sizin pikirleriniz?
Adybeg | 2009-07-03 03:56:30
men bir gezek ata agama "Tanry yalkasyn" diyenimde ata agam meni duzedip: "Allah razy bolsun diysen dogry bolar, jigim" diyipdi.
-
Adybeg
15 years ago
- hmmmm ...
onda tanry diymek kan gowy dal diysene ... menem şeyle pikirdedim
-
ata
15 years ago
"Tanry yalkasyn" diyenimde ata agam meni duzedip: "Allah razy bolsun diysen dogry bolar" diyipdi.
yatdan cykarmandyrys-ow entagem :D
Hawa, ony men "gzyzkly sozler" atly mowzukda-da yazypdym :)
şu "tanrı" sözünü ulanyp bolya my "Allah" yerine?
sonurak jogaplamakcy, ensallah.
hazir gitmeli boldum
-
ata
15 years ago
şu "tanrı" sözünü ulanyp bolya my "Allah" yerine?
On yazypdym jogabyny shunyn welin,. yone tapyp bilmedim, bah, oran gen. Diymek, unpublish bolandyr gonshy obada shol yazgyn duran blogy.
Indi barde tazeden yazayayn shol "tanry" sozunin gelip cykyshyny. Sonam yagdayy beyan edeyin:
Bizin ata-babalarymyzyn (turki halklar) taryhda kabirlerinin oda, kabirlerinin Gok tanra ybadat edendikleri beyan edilyar. Shu "tanry" sozunin gelip cykyshyny 2 hili bilyan:
1- Aslynda, yene-de bir tanry bolan Gok tanrysyna berilyan adyn ilki "Tengri" diylip atlandyrylyanyny, munyn ta turki halklaryn (ilkinijilerden Garahanly turkmenler - Selcukly turkmenleri diysenem boljak 8 we 9-njy asyrlarda) Yslamyyeti kabul edyanca-de sheyle dowam edeni aydylyar.
Yslamyyet gelenson, shol "Tengri" sozi "Tengri - Tangri - Tenri - Tanry" diyen yagdayda uytgedip, in son shol "Tanry" halynyn alynany beyan edilyar;
2- Yslamyyetden on turki halklaryn "Tengri" atly puta ybadat edenleri, Yslamyyetden sonra Bar we bir bolan Allaha ybadat etmage bashlandyklary, yone shonda-da Allah ucin onkije owrenishen "Tanry" sozuni hem shirk goshmazlyk sherti bn ulanmaga dowam edendikleri beyan edilyar.
Indi, her 2 yagdayda hem put ya gok tanry ucin ulanylan "tanry" sozuni ulanmak dal-de, Biribaryn in beyik we naybashy ady bolan "Allah" adyny ulanmak in amatlysy bolyar. Yokarda Feya uyamyzyn hem yazgysy bar bu babatda - Allah ondan razy bolsun!
Men ashakda "Allah " sozi barada onki yazgylarymdan birini goyjak, shonda has gowy goz yetirersin, enshallah!
Garaz, tanry sozuni ulanmajak bol-da! Ulansanam, guna-ha gazanmarsyn, niyetin pak bolsa. Yone shol tanryn yerine "Allah" sozuni ulansan welin, shol ayratyn niyetin we yhlasyn ucin sogap gazanjagyna umyt edyarin. "Hayyr we sher ish etmage niyet etmek we netijeleri barada-da bir wakany bilyan welin, son yazaryn-da, enshallah!
-
ata
15 years ago
- Allah sozi barada
"Allah" (الله) sozi barada:
Allah sozi Biribaryn in beyik we naybaşy adydyr. Biribaryn 1000-den gowrak ady bolup, naybaşy Allah-dyr.Sebabi bolsa, Biribara beyleki dinlerde-de ka atlar berilyar, meselem, Tanry, Ylah, Reb we ş.m.
Indi Allah adynyn name ucin naybaşy ady bolanyna bir sebap hokmunde aşakdakylary yazmakcy:
1-"Allah" ady ozbaşyna bir at we atlarynyn naybaşysy;
2-Allah -daky ilkinji harpyn (I-Elif) herekesini(yokardaky yşarat) ayirsan, onda bu gezek "Ylah" okalyar, olam Biribaryn bir ady;
3-"Ylah"-daky herekani ayirsak, bu gezek "Lehu" diylip okalyar, bulam yene "Ona(=Allaha)" diymek bolan Biribaryn ady hokmunde kabul edilyar;
4-"Lehu"-daky "L" harpy ayirsak, bu gezek "Hu(=Huwe)" diylip okalyar we olam "OL(=Allah)" manyda kabul edilyar.
Ynha, şu sebap, sebaplerden menin bilyan yekeje sebabim!
Galan sebaplerini bolsa, başda Allah, son Onun ilcileri we Onun bildiren beyik şahsiyetleri biler!
Rahman - Allahyň bu ady: bu dünýädäki ähli jandarlaryna rehmeti we Rezzak ady boýunça ryzyk bermegi;
Rahym - ady bolsa, bu dünýäde Öz permanlaryna boýun egip, olary berjaý eden mümin bendelerine ahyretde Özüne mahsuslykda we Rehmeti boýunça sowgatlandyrmagy, Jennet ryzyklaryny bermegi.
-
turkmentalyp
15 years ago
- salam agzalar,
ata agzanyn yazanlaryna goshmacha.
Allah sozi - asly arap soz. Gelip chykyshy:
Arap sozleli
Ilah = Huday diymegi anladyar
Al = arap dilinde belli artikel bolyar.
Al+Ilah=Allah gelip chykyar.
Indi Allah sozinin yerine bashga dillerdaki shol sozin terjimesi ulanmak barada aytsak.
Onda elbetde ol sozlerem ulanyp biliner, ulanmak duybunden gadagan diyip bolmayar. Eger niyetinde we amalynda dine bir Hudayy, Tanryny, Biribary, God-y, Got-y, Bog-y yagny yeke tak Allahy ytgybar alynda ulanybermeli.
Guna etjek adam Allah diyibem niyetinde ya-da amalynda Allaha shirk goshsa goshar oturar. In esasy niyetde.
salam bn.
-
muslimah
15 years ago
- yenede bir zat,bashga dillerde god-gods ,bog-bogi,yagny kopchulik sana uytedip bolyar,yone arapchada ,yagny Allahyng mubarek adyny grammatiki taydanam kopluk sana uytgedip bolanok,Olam dinge allahyng mubarek adyna mahsusdyr
p.s. Ata aga ol Allah tagalanyng beyik ady bolan allah barada hereketleri barada dush gelmandim,minnetdar paylashanyngyz uchin,okap Allahyng beyik ady hem uytgeshik hich zada mengzemeyanligine yene bir gezek goz yetirdim
ata 15 years ago- "Esmaul Husna" barada jogapkärlerimizden biri ýörite maglumat taýýar(lady)pdy terjime edip, men hem bu ýere bolşy ýaly göçürmekçi, ynha:
Araplar beyik Allanyn atlaryny “El-Esma, El-Husna” – yagny, gözel atlar diyip tutyarlar. Kur’anda Yaradanyn atlarynyn 99-sy sanalyar. Yöne atlaryn hemmesi bir yerde dal, dürli ayatlarda gabat gelyarler. Allanyn atlarynyn 13-in yzly-yzyna agzalya yeri bar. Meselem, Kur’anyn 59-njy süresinin 22-24-nji ayatlarynda Hudayyn Rahman, Rahym, Melik, Kuddus, Selam, Mü’min, Muhaymin, Aziz, Jebbar, Mütekebbir, Halyk, Bari, Musawwir diyen atlary sanalyp, Alladan başga Hudayyn yokdugy, syrly we gizlin zatlary ondan başga bilyanin bolmajakdygy nygtalyar.
Türkmenlerde, adamlar gündelik durmuşynda Ona köplenç Alla, Huday, Yaradan, Möwlam, Tanry, Biribar, Gudraty güyçli, Hak diyen atlaryny tutup yüzlenyarler.
Allanyn atlarynyn sanawyny düzmek üçin synanyşyk eden, ony düzen adamlar hem bar. XI asyryn beyik akyldary, teolog-alym Ymam Gazaly hem şolaryn biridir.
Beyik Rebbimiz Kur’anyn “A’raf” süresinin 80-nji ayatynda şeyle buyuryar: “In gözel atlar (Esmau’l-Husna) Allahynkydyr. Ona bu atlar bilen doga edin”.
Pygamberimiz bir hadysy şerifinde şeyle buyuryar: “Jenaby Zül-Jelalyn togsan dokuz ady bardyr. Olary kim bilse we sanasa jennete girjekdir”.
Bu gözel atlar we olaryn many-hikmetleri barada gysgajyk-da bolsa, öz toplan kabir maglumatlarymyzy sizing dykgaynyza yetirmegi makul bildik."
Ashakda Esmaul – Husna: Allahyñ gözel atlaryny goyayyn.