Asyl nadanlarda ýürek barmyka?
Olar hemişe-de zada zarmyka?
Ýa onuň ýüregne erki ýokmyka?
Olar ýüz hojalyk ýyksa azmyka?

Elbetde nadanyň ýüregi bardyr,
Onuň öz ýüregne erki hem bardyr.
Emma şol ýürekde söýgi bolmasa,
Şol ýüregi jylawlasaňda azdyr.


Hemmäniň ryskyny beripdir Huda,
Emma nadan açgözdir, çensiz hem juda.
Näçe toplasa-da az görner oňa,
Şeýdip ýetipdirler ahyrky deme.
13.03.2021.ý.

Çerkez BAÝLYÝEW

Edebiýat, Mr.WriTer tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir