Mendede seniňki ýaly söýgi bar 6

...Inniki duşuşukda bu meseläni we gyzyň beýle hereketlerini çürt-kesik etmegi meýilleşdiren Wepanyň inniki soraglaryna Tatýana näme jogap bererkä. Şol duşuşukdan soňra Wepanyň içine zenzele düşenýaly bolaýdy. Has dogrysy oglan hopugup, gelejegi barada pikirlendi. Wepanyň arzuwlarynda, ol gyz rus hem bolsa, onuň bilen bile bagt ýoluna gadam basmak bar we ol gyz bilen bile ajy durmuşyň agyr külpetlerini ýeňip geçip süýjilikde ýaşamak bar, bal ýaly bala-çagajyklary bile ol gyzy bagryna basmak bar. Ahyrynda garryja mama-baba bolup dileg edip bu dünýeden bile gitmek bar. Beýle isleg-arzuwlar bilen bilelikde, elbetde, kyn soraglar hem bile gelýär. Ol soraglar "Gyz kemtermi? Agyr kesellimi? Onda nämçün her-gezek duşuşugyň iň gyzykly ýerinde özüni däli ýaly alyp baryp öýüne gaçýar. Belki akyl huşy däli näsagdyr!? Şeýle bolsa beýle adamdan nähili nesil dörär!? Ol nesliň soňky nesilleri nähili bolar!? Beýle gyzyň çagalary sagdyn bolaýanlaryndada ejeleriniň şeýledigini bilenlerinde nähili bolarlar!? Il-gün birhili geline näme baha berer, ene-ata näme diýer!? Birden keseli beterläp dälilige has erbedem adamhorluga öwrülse näme!? Ýada gyz manýaçkamyka, psihmikä" pikirler ýaly gala-gopluklardan ybarat. Dogry, göräýmäge bu bir was-waslyk(паранойя). Ýöne süýji durmuşda, isleýşiňýaly ýaşamak üçin "LAÝ-LEÝ" diýen goşulmalary goşup ýaşap bolmajagyna, ýagny "hemmezat gowy bolarLAÝ" ýada "beýle bolmazLEÝ" diýmelidäldigine gaty gowy akyl ýetiren Wepa, şu eden pikirlerini içine sygdyryp bilmän, ýarylmagy planlaşdyrdy. Ýene duşuşuk bellenişen ýaşlar adaty ýerde görüşdiler. Ýene Tatýana güler ýüzli şugla saçýan ýyldyz-kometa ýaly nurlanyp göze göründi, gelip-gelip ýene Wepanyň gujagynda bir-gysym boup doldy. Oglanyň bolsa gaşlary çytyk. Oglanyň sowuklygyny gyz duýsada üns bermedi. Şondada Wepany ýumşatmak üçin, Tanýa gülkä ýazdyryp hem sesini Wepaňky ýaly eden bolup:
-Ýeri inni nämede ýalňyşdymmmm, çalaja etdimääää, bagşşşşşşlaýda!? - diýip pyňkyrdy. Aşyk oglana, söýglisiniň gülküsinden beter näme gerek bolup biler, elbetde hiçzat. Muňa Wepada goşulup hezil edip gülüşdiler. Soňra nädibem bolsa zordan bar güýjini jemläp, agraslyga tutup Wepa:
-Tanýa, meň seniň bilen çynlakaý gürrüňüm bar. Oýundäl. Senem çynlakaý çemeleşmegiňi talap edýärin. Sen näme edýäň? - diýip, gyza gözlerini süzüp çiňňerildi. Gyz nämeler diýjegini bilmän, ýuwdundy hem nämäň-nämedigine düşünmediksirän boldy, emma gelejekki adwokady ýönekeýje gyzyň tilsimleri aldarmy!? Gyz ümi bilen oglany aldap bilmejegine gözi ýetip söze geçdi:
-Men... Men seň bilen duşuşukda. Saňa düşünjek bolýanweli, sen meni gorkuzýaň...
+Meň näme barada soraýanymy sen gowy bilýaňa güneşim...
-Wepam men saňa düşünemok...
+Her swidanýada çala batyrynsam uçup öýňüze gaçýaň, gorkýaňmy? Men adam iýýäne meňzeýänmi? Meňzemeýän bolsam, znaçit men adam iýemok...
-Wepajan düşün, hemmezat gowulyk...
+Gowulyk bolsa nämçün gaçýaň!? - diýeninde Wepanyň sesi çala gaty çykdy. Oglanyň gaharlananyny, mundan beýläk syryny saklasa hemmezadyň küle öwrüljegine anyk göz ýetiren Tanýa uludan demini alyp:
-Janym, düşün, men nämçün her duşuşukda şeýle hereket edýänimi saňa näler aýtjak. Ýöne gorkýan, senem gorkmagyň mümkin...
+Näme bu keselmi...
-Ýok ýok keseldäl, bu tebigy zat. Ýöne aýtmakdanam utanýan. Sen ýalňyş düşünersiň öýdýän. Şol sebäplem nädip aýtjagymy bilemok. Aýtmagyň ugryny tapanymda aýdaryn, ýada wagty geleninde...
+Ýyldyzym, maňa seret, sen meni nämçün saýladyň? Ýitiligim, düşbiligim, hem başgalara meňzemeýänligim üçin dogrymy? Dur sözümi bölme! Diýmek men seniň ol ýagdaýyňdan baş alyp çykaryn, diýmek men saňa düşünerin, başgalara meňzemesem diýmek men başgalarýaly däl. Şol sebäpli sen maňa aýt!
-Soň, aýdaryn...
+Bolýa saňa 1 ýyl gerekm? Bir eramy? Belki ahyrzamandan soň ýer ýarylyp asman ýere gaçyp ýene ýer täzelinip oňki kaddyna geleninde aýdarsyň!?
-1 hepdejik ber men saňa aýdaryn. Bolýa!?
+Gürleşdik!
-Bolýa. - diýip gyz gaty begendi, begenji beterligindenmi nämemi, gyzyň gözleri ýalpyldap, hünji dişleri aý-aýdyňa ýaldyraýardy. Birden Wepa:
-Dur, ýaňy marožna iýdiňmi? Ondada şokaladly?
+Aýýý ýok!
-Şondada şokalada damypdyr!? - diýip Wepa eli bilen gyzyň köýnegini görkezdi. Tanýa:
+Hany nirde?
-Gel gujagymda otur görkezeýin!
+Bolýa. - diýip gyz bar agramyny, ol bolmaşynada güýç bilen oglanyň gujagyn böküp göýberdi. A Wepa, näme, sarsmadam we gyzyň bar güýji bilen özüni oklamagyna pisindem etmedi. Gülüşdiler. Gülkiden soň gyz:
-Hany, gara tegmil şokalady görkezdä, çaltlaş aýyraly, häzir biz köçeden ýöräp illeriň arasyna çykmala, onsaň köýnegimi gören adamlar "gyza kirli eken" diýip pikir ederlerdä!?
+Ine, bolmasa ilki dadyp tagamyny barlap göräýin, şokaladmy ýada ...!?-diýip oglan dodaklaryny ogşaýandek, gyzyň garşylygyna garaşman, gyzyň köýnegindäki şokalad-tegmilden datdy. Gyz "Işşşşşşş" diýip pişikýaly böküp-atylyp 5 metr aňryk düşdi. Wepa geň galyjylyk bilen gözlerini tegeläp:
-Sende nä içgi eşik ýokmy?
+Ýok. - diýip Tanýa gaharly jogap berdi hem içýakgyç çaga ýaly dilini çykardy. Soň şol daşlykda garaşyp duruberdi. Gyzyň aljyrap iki ýana towsaklaşyny synlap duran Wepa haýran galmakdan ýaňa özüne gelip bilmän şoga düşdi. Nämäni ogşanyny Wepa göz öňünde aýlap:
-Wiii bagşla bilmändirin, beýledir öýtmedim! - diýip ýüzüni sallady we lap-lap gyzdy. Sebäbi ol ogşalan zat şokolad tegmili däl bolmagy mümkin. Şol ýüzüni sallap aşak seredendede jübsünde, gyza alan ak-künjisi ýadyna düşüp, ol künji hem eräp, akyp, soňam balagyna ýelmeşip galyp gatanyny görüp bu hem aňrysyna bakyp duruberdi. "Köşeşýänçam" diýip sesini çykarman doňňara-daşa öwrüldi. Gyz hem "beter kösemäýinle" diýip nebsi agyryp, oň ýanyna bardy. Oglan beýläk öwrüldi. Gyz ýene öňüne barjak bolanda Wepa ýene beýläk öwrüldi. Ahyry gyz, oglanyň elinden çekip skameýkada otyrdylar. Birdenem Tanýaň, Wepanyň jübsindäki gatap galan ak-künjiniň tömmerip durşuna gözi düşüp iki elini ýüzüne tutup jykyr-jykyr gülmäge başlady. Wepa hasda beter gyzyp ýene ýerinden turup aňyrsyna bakyp durşuna:
-Gülme, häzir eräp-ýumşasyn. Aýrylarda özi. - diýip hüňürdedi. Oglanyň özi baradaky eden bu aladasyna gyz gaty begenip, gelip oglanyň arkasyndan gujaklady. Ahyry Wepanyň gyza alan künjisi eräp ýumşandan soň bular öýe gaýdarman boldular. Şeýdip gülüşip ýöräp gelişlerine oglan gyza:
-Biraz öňräkden ýöre
+Nämçün?
-Figuraňa guwanjak, 90-60-90-nyňa gyjynjak.
-Bolýa-diýip gyz 2-3 ädim öňe ylgady. Şeýtdide gyz öz aýratynlyklaryny Wepa güjeňledi. Şol wagt Wepanyň gözleri nämedir birzatlar gördi, nämedir üýtgeşikzat. Oglan muny görüp gorkdy hem ysgyndan gaçdy....

6-njy bölümiň soňy.

Awtory: IDEALLIDER. Şu makalany awtoryň razylygyny almazdan, başga ýerde paýlaşmak gadagan edilýär.

Edebiýat, IDEALLIDER2 tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir