Duşuşyk

Düýnüm!
Otyrmysyň, oňşugyň neneň?
Şadyýan ýigitsiz kyn dälmi saňa?
Iş-alada bilen çolaşdym menem
Ýatdan çykdym diýip batmagyn gama.

…Gören söwütleriň öňküsi ýaly,
Şaglap otyr, gojalypdyr azajyk.
Durmuş dek akyp dur obanyň ýaby,
Şeýle bir güller bar reňki açyk.

Toýlarda başlanýar toýlaryň yzy,
Derýa dek goşulýar arassa gözler.
Assa geçip gidýär baharyň gazy,
Ýazyň pyntygy deý ýarylýar sözler.

Ýas boldy, toý tutduk. Yrandy tallar,
Depämizden ýaz gülleri döküldi.
Düýnki gün durmuşa henek atanlar,
Bu gün onuň aýagyna ýykyldy.

Göz ýetirdik: bizden uly derýa ýok,
Kenarlar içinde bagtymyz çüwdi.
Indi uzak wagtlap uklap bilemzok,
Gijäniň ýarynda eşitsek hüwdi.

Ýüregmiz kimedir garaşýan ýaly,
Tisginýär sähelçe şatlyk-gam duýsa.
Gündizler synlasak bişen almany,
Gijeler ak güli girip dur düýşe.

Mämmetnazar Babanazarow

Edebiýat, A93 tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir