IDEALLIDER-den gyzykly soraglara-jogap 14.

66) Uzyn-uzyn bu ýoluň,
Başyna çykan barmyka?
Çäk-gyraksyz bu deňziň,
Düýbüne ýeten barmyka?
Düýbüne ýetip bu suwdan
Ganyp içen barmyka?
============================
67) Geň galmaly bir it bar,
Aýagy ýok, ýöremeýär.
Şol itden rugsatsyz,
Adam öýe girmeýär!?
============================
68) Kirpijik ýagyşda, ylgap barýar. Ol-bolmaşynada kikirdäpjik gülýär? Kirpijik nämçün gülýär?
============================
69) Demiriň üsdüne gar ýagdy, soň ýagyş ýagdy, soň köp wagt geçdi. Onsaň demiriň familiýasy näme?
============================
70) Duşenbe, sişenbe, çarşenbe, penşenbe, anna, şenbe ýekşenbe atlary hem 1,2,3 we ş.m. atlary aýtman bäş günüň adyny aýdyň.

Toplan: IDEALLIDER.

IDEALLIDER-den gyzykly soraglara-jogap 14.

66) Ylym-bilim!
============================
67) Gulp.
============================
68) Kirpijigiň garnyny otjagazlar gyjyklaýar!
============================
69) Poslanow!
============================
70) Düýndäl-öňňun, düýn, şu gün, ertir, birgün.

Toplan: IDEALLIDER.

Soňky gezek dogry jogaplar berip özleriniň ýitiligini görkezen agzalar: @Xyivenia 1 jogap, @Syke Dali 2 jogap, @Hercai 1 jogap. Onda näme size üsdünlikler ýar bolsun. Görşüňiz ýaly sorag-jogap bölümimizi bes etmegimiziň sebäbi hem bes-belli. Gyzyklanýan adam gaty azaldy. Ýeneki günlerde gyzyklanmalar bolsa belki dowamy giýular. Işiňiz ugruna bolsun🙂👍

Sorag-jogap, IDEALLIDER2 tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir