MEN BIR DAGDYM...
(Ahmet Bekmyradowyň ruhy
huzuryna bagyş edýärin)
Men — dag idim, pytrap gitdi daşlarym.
Men — bag idim, ýapraklarym uçurdym.
Begdim — bu gün girdabynda açlygyň,
Oýunçydym — döwlerimde utuldym.
Aşygam men — magşukdan zar eýledim.
Diwanadym — akyl tutdy ýakamdan.
Derwüş olam — ömrümi har eýledim,
Barlylykda gallaç galdym makamda*.
Bir çyragdym,
sönüp barmyş şem bolup,
Bendi kylmaz peýkerleriň çyraýy.
Älem idim,
galdym gury ten bolup,
Golaýym ýok — neýlerem men yragy!
Bir şaýoldum — ýoda bolup soňlandym.
Hökümdardym — atylmyşam zyndana.
Ýakyn içre
ýada gelip diňlendim,
Äşgär idim — öwrülmişem pynhana.
Altyn köşkdüm — döndüm weýran haraba,
It-guşlara apardylar läşimi.
Gylyjym ýok, münere dergazaba,
Galkanym ýok, ýapar ýaly döşümi.
Derde uçrap,
ýük astynda ýegşerdim,
Kerwen ýolda — başyn çekjek nerim ýok.
Käbä bakyp,
Kerbelada gyşardym,
Hunum sorjak serwerim ýok, serim ýok.
Gürläp bilmeý — sogurdylar tilimni,
Suwa taşlap,
çykardylar ataşdan.
Dermendä dakdylar Taňryň ölümni —
dirilikde tabydyma sataşdym.
Müsür içre tagty-rowan saklap men,
Kenganymda gul bahasna satyldym.
Düýn zerbapdan düşegimde uklap men,
Bu gün sowuk kepen içre tapyldym...
* Makam — sufizmde Hudaýa ýetmek ýolundaky
duralgalar.
Döwletgeldi ANNAMYRADOW
(Döwlet Garkyn),
13.08.1992 ý.
Goşgy
-
A93
3 years ago
- Şeýdip sarpaň tutulsa gowy...
Pegas 3 years ago- Ahmet Bekmyradyň öz ýazan zatlaryndanam kän bolmaly oň öz ruhuna bagyşlanan eserler. Ruhy şat bolsun.