barselona shäherinde geçirilen mwc 2009 (mobile word congress) jübi telefony sergisinde biri-birinden ajaýyp telefonlardyr beýleki enjamlar sergä çykaryldy.bularyñ arasynda özüne ünsi çekýänleriñ biri bolsa 12,1 megapiksel kamerasy bolan jübi telefony boldy.oktýabr aýynda satuwa çykarylmagyna garashylýan sony ericsson shereketi tarapyndan öndürilen bu telefonda,gps we wifi ýaly aýratynlyklardan dashgary ýat karty hem bar.ekrany aýrylýan telefon mwc 2009(mobile world congress)sergisiniñ ýene bir üýtgeshik önümi bolsa klawiaturasy bilen ekrany biri-birinden aýrylýan jübi telefonydyr.ýaponiýanyñ iñ uly jübi telefony operatory bolan ntt docomo shereketi tarapyndan öndürilen bu telefon biri-birine magnit arkaly birigýän iki bölekden ybarat.biribirinden aýry mahaly bölekleriñ arasynda bluetooth arkaly aragatnashyk saklanýar.ekranyñ ululygy iphonyñ ekranyna kybapdash bolan bu telefonda telewizora tomasha etmek bilen birikde shol birwagtda telefon arkaly gepleshmek hem mümkin.bu telefonyñ ýaramaz tarapy bolsa ikä bölünen telefonyñ bir böleginiñ ýitirilmegi bolsa gerek.(www.zamantm.com)

Köneler, Rowshen-Jm tarapyndan 15 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir