adamzadyň dindar bolup dünýä gelýändigi bilinen bir hakykatdyr.muňa görä-de, onuň din duýgusyndan aýry, dinden mahrum bir mahlukdyr öýtmek dogry bolmaz. çünki, ynsanyň beden we ruh ýaly iki aýry häsiýetli ýaradylmasy, bir tarapdan onuň dindar bolmagyny hökmanylaşdyrýar. ynsan, beden barlygyny, daş we iç faktorlardan goramak üçin, nähili ätiýaçlyk görkezýän bolsa, ruhy barlygyny goramak üçinem edil şonuň ýaly ätiýaçlyklary görkezmek we magnawy(ruhy) hajatlaryny(zerurlyklaryny) gidermegi hökmanydyr. ynsan ruhunyň zerurlygy bolan bu magnawy(ruhy) sintezi diňe Allatagala tarapyndan, pygamberler ýoly bilen goýberilen we 'ylahy din' ady berlen sistemalarda tapylyp bilner. käbir psihologiki sistemalar ynsana geçiji(wagtlaýyn) bir rahatlyk berse-de, netijede, ýene bir ynsan eseri bolan bu sistemalar, gözbaşy wahyý bolan ylahy dine mätäçdir. ýagdaý beýle bolanda, ylymda we psihologiýada täze ädimleriň ädilmesi hem ynsanyň dine bolan mätäçliginiň şaýady bolsa gerek
Ynsan durmuşynda diniň roly
-
azazil99
15 years ago
- sakird sen kima?seni ozume tanajak bolyan.men turkmenabat turkmen-turk mezuni hazirem httuda.lammadan 2 tanisim bar.biri islam yusupow menin klasdasimdi tttmde.beylekiside azat italmazow olam lammali.sen solardan haysisi?ya sen basga birimi?Hokman yaz
-
abcdefg
15 years ago
sen solardan haysisi?
hm..... suratama yok onun bu yerde
-
FReeDOM
15 years ago
- İSLAM YUSUPOW MENINEM KLASSDAŞİM nıme dejek bolosılar hihihi
-
Fat4l!ty
15 years ago
- şakird dost, kimay sen??? men barada-da yazypsyn onurrak...tanysh gelyan ozaa... esli 4o, mesaj at ezizaman89@mail.ru...
-
Fat4l!ty
15 years ago
- bagsyshlan temany spamladyk...:)
asyl tema degishli yazyberin...
-
şakird
15 years ago
- salam hormatly agzalar...
bähh, menä begenipdim, okaýan, jogap ýazýanam bar eken diyip, emma bu tayda meni tanajak bolyan ekenler...
kimdigimin zerurlygy yok, aslynda bu tayda tanalmajak bolyan kän... tanayanlaram bardyr, emma şahys önemli däl bu yerde. sonky cykan temalar bilen saytymyz gowja bulaşdy.. adminler gornenok. özümiň kän wagtym bolmansoň, girmage kan wagt tapamok..
açan temalarymda agzalar sorag döredyarler, olara-da her birine jogap yazmaga wagtym yok, dowamsyz galyar temalar, şonuň üçinem wagtlayynca-da bolsa ayrylmaga karar berdim. aslynda bu tayda has gyzykly, has uns cekiji temalar acmagy, her mowzukda yazyşyp, siz bilen gaty kän zatlary paýlaşmagy planlayardym, emma wagt yok, oran cakli... nesip bolsa, indiki okuw yylynda, sentyabr ayyndan doly girip başlamak niyetim bar.
wagt örän çalt geçýär, biderek zatlar bilen mesgullanmalyn. "käşgä" diymez yaly diňe peydaly zatlara sarp edelin... bolgusyz dawa-jenjellerem gerek däl, netijede, hiç kime hic zat gazandyranok...
adminler-de ustunlik arzuw edyan(barmy-yokmy ona bilemok)!!! kabir temalar bar wagtyn gecmegi bilen gereksizlesyar, olary ayyrmaly, sogunc sozleri hokman ayyrmaly!
her kim öz kellesine görä bolgusyz temalary acmasyn, gayrat edin...
şahsy meseleleri-de acmajak bolmaly, menin pikirim, kopculigi gyzyklandyryan temalar acylsa gowy bolardy...
hemmäňizi gudraty güýçli Allatagala öz penasynda aman saklasyn... haramlardan gorasyn, bilip ya-da bilman eden gunalerimizi bagyshlasyn...!!!
wagtlayynca hosh galyn... hemmäňize üstünlik arzuw edýän...
-
Bayram-Jm
15 years ago
- Sag bol shakird! Okuwyñda üstünlik arzuw etýän. Saña garashýas.
-
Fat4l!ty
15 years ago
- aý beytmeda jan dogan, seni indi tanap başlapdym...
arada aylan hokman, e-mail'ime-de hat ugrat bi zahmet...
iň bolmanda jaň et 00866 15807197573
bor onda, ustunlik...
-
bond
15 years ago
- ine
-
Fat4l!ty
15 years ago
- bond, name "ine"???
-
abcxx90
15 years ago
- vayyyy bu blogam dini blok.
-
şakird
15 years ago
- hawa, edil özi, bu-da bir dini blok..
meniň haýran galýan zadym, näme üçin dini bloklara garşy çykylýany... sizi gyzyklandyranokmy, girmäň. eýsem, başga temalarda bloklar az däl ahyry... hökman her bloga jogap ýazmaly diýlen zat ýok. wagtyňyzy boşa gidirmän, gyzyklanýan bloklaryňyza giriň.
şakird 15 years ago- XIX. ýüzýylyň başlaryndan başlap, ylym we tehnikadaky ösüşler adamzadyň, mundan beýläk dine ynanmagyň zerurlygynyň ýokdugy baradaky pikirlerini hakydalaryna, aňlaryna her näçe siňdirmäge çalyşsalar-da, bu ýagdaý uzyn wagtlap dowam etmedi, adamlar ýene ýaradylyşyndan gözbaş alan bu iň tebigy(ýaradylyşynda bar bolan) magnawy(ruhy) zerurlyklaryny gidermek üçin dine ýapyşdylar. bu sebäpden käbir günbatar sosýologlar we psihologlar XX. asyry dine dönüş asyry diýip belläp geçdiler.
ynsanyň janly-jandarlar arasynda iň kämil; derejede ýaradylan bir mahlukdygy bilinen bir hakykatdyr. Allatagala, ynsany ýer-ýüzüne halife(janly mahluklaryň soltany) edip ýaratdy, (1)
daglaryň kabul etmäge çekinen amanadyny, onuň gerdenine ýükledi(2)
. adamzada, berjek agyr ýükleri we jogapkärçiliklerini ýerine ýetirip bilmegi üçin ony birnäçe ukyp we zehinler bilen ýaradan Allatagala, bulardan başga ynsany din ýaly beýik bir duýgy bilen üpjün etdi. munuň bilen baglanşykly Allatagala şeýle diýýär:
"O halde Habibim Sen yüzünü bir muvahhid olarak dine, Allah'ın o fıtratına çevir ki O, insanları bunun üzerine yaratmıştır. (3)
Allah'ın yaratışına hiçbir şey bedel olamaz. Bu dimdik ayakta duran bir dindir. Fakat insanların çoğu bilmezler". (4)
din, ýaradylyşdan gelen bir aýratynlyk bolup, elmydama adamzat bilen bile bolandyr, barlygyny ýene onuň bilen dowam edýän, doguşdan ýaradylan bir barlykdyr. Taryhyň her döwründe we dünýäniň her ýerinde az-da bolsa dinsiz adama duşmak mümkindir. Emma taryhda hiç bir milletiň tutuşlygyna dinsizdigi hakynda ýazylmandyr. Nirede bir jemgyýet bar bolsa, ol ýerde, nähak bolsa-da bir din hökman bardyr. Bu sebäplem, bütin bir milletiň dinden uzakdygyny aýtmak mümkin däldir. Din, isle şahsy durmuşda, isle jemgyýetçilik durmuşda elmydama barlygyny duýduran bir ýaratykdyr.
Ynsanlara esasy bir gurluş dazandyran, jemgyýetleriň ýaşaýşyny arzuw edilýän bir görnüşde tertip-düzgüne salan, ýagşylyga we haýyra ugrukdyrýan din, häzirki günlerimizde has köp mätäçlik çekilen bir hakykat halyna geldi. Sebäbi ynsan, ýalňyzlygyny, ynamsyzlygyny we umytsyzlygyny diňe dine ugrugyp we oňa sygynyp giderip biler. Magnawy(ruhy) gurluşyny şeýdip, tertip-düzgüne salyp biler. Doguşdan gelen, özüne mahsus häsiýeti bolan, adamyň hakyky öz barlygyndaky huşy bilen bilelikde orta çykýan din, ýene-de, adamyň öz müýni bilen parallel görnüşde ösüş ýoluny kesgitlär.
Beýleki jandarlarda bolmadyk birnäçe aýratynlyklar bilen ýaradylan ynsan, wagtal-wagtal, özüni we bu älemi kimiň ýaradandygyny soraman geçen däldir. Beýle düşünje yklymyna eren ynsan, derrew ilkinji derejede öz barlygyndan üstün bir barlygyň bardygyna göz ýetirer. Hemme zady ýokdan bar eden bu barlygam, Allatagaladyr. Ine, şeýdip ynsan duýgy ölçeginde Allatagala baglanar. Dileg we arzlaryny O(j.j.)'ňa arz eder. Dindar bolmak bilen, köňül baýlygyna we kalby doýuma erer:
"Bunlar, iman edenler ve kalbleri Allah'ın zikriyle tatmin bulanlardır. Haberiniz olsun, kalbler yalnızca Allah'ın zikriyle tatmin bulur" (Ra'd, 28) aýaty-da bu hakykaty subut edýär. Ynsan üçin diniň gerekliligi şahsyýetleriň mukaddes duýgy we harakterler bilen birleşdirilmeginde, jemgyýetleriň gowy we gözel ideallar bilen ýokary göterilmeginde oýnaýan roly bilen görüler. Şol bir wagtyň özünde din, ynsanlara ýol görkezýän ynsany kanun we nyzamlaryň ýetip bilmeýän ýerlerinde olara gowulyk we dürüstligi teklip edip, adamlary erbetliklerden uzaklaşdyrýan bir ýaşaýyş usulydyr.
Adam üçin bolşy ýaly, jemgyýetler üçinem hökmany bolan din, her dürli adalatsyzlygyň, anarhiýanyň we erbetligiň gutulgysyz duşmanydyr.
Şeýle bolanda dini, jemgyýetiň nyzamyny goraýan bir edara hökmünde Kabul etmek mümkindir. Ynsanlyk taryhyny gözden geçirenimizde ykdysady, syýasy we ekonomika tarapdan çöken milletleriň, gowy bolmasa-da ýaşaýyşlaryny dowam edendikleri bellidir. Emma taryh, dini duýgulary ejizlän, ruhy tarapdan çöken milletleriň ýaşaýyşlaryny dowam edendikleri barada hiç zat aýtmaýar. Sebäbi,bir milletde diniň ejizlemegi ahlak we hukuk ýaly birnäçe çöküntileri hem ýany bilen getirýär. Din duýgusy ejizlän adamlarda dörän bir jemgyýetde halal-haram düşünjesiniň ünsden gaçýanlygy sebäpli, ol jemgyýiň esas tertip-düzgüni-de sarsylar.
Din çäresizlik, gorky, hassalyk, gynanç, umytsyzlyk we her dürli belalaryň garşysynda, ynsanyň sygynyp biljek ýeke-täk sygynagydyr. Diniň hökmanylygy, gaçynylmaz bir hakykat bolan ölümiň garşysynda adama berýän ruhy rahatlykda-da açyk görlüp bilner. Ölüm wagtynda adamyň sygynyp biljek, ruhy taýdan teselli tapyp biljek dinden başga hiç bir magnawy güýji ýokdur.
Adamlary gorkuzýan iň esasy faktorlaryň biri, belki-de iň başda geleni, günüň birinde ýok bolmak gorkusydyr. Ýöne, ynançly bir adam, esasanam imany bitin bolan mü'min(mömin) üçin ölüm, geçiji(pany) dünýä durmuşyndan soňsuz(ebedi) ahyrýet ýaşaýşyna geçmedir. Ine, şu duýgy we ynanjy adama rahatlyk beren(ganatlandyran) hem diňe dindir.
"Dünya hayatı bir oyundan bir oyalamadan başka bir şey değildir. Elbette ahiret yurdu ittika edenler için hayırlıdır; hâlâ düşünmeyecek misiniz?" (En'âm, 32) aýaty-da bu hakykaty bize duýurýar. Aýatda ünsümizi çeken husus, soňsuz ahyrýet durmuşyna seredeniňde, geçiji(pany) dünýä, adamyň dynjyny alandan soň, täzeden, zerur bir işi arasynda berlen dynç alma we eglenme ýaly bolanlygydyr. Auguste Sabatier,"Dinler pelsepesi"atly eserinde "men name üçin dinli?" soragyny öz-özüne soraýar we şu jogaby berýär:
"men dindar, sebäbi başga hili bolup bilmen. Dindar bolmak, barlygym we menligim üçin zerur bir gereklilikdir."
Şu bir hakykatdyr: adamzat maddy taýdan näçe öňe gidişlikler gazansa gazansyn, dinsiz ýaşan däldir, dinsiz ýaşamaz.
Şu bir gerçektir ki, insan maddi anlamda ne kadar ilerlerse ilerlesin hiçbir zaman dinsiz yaşamamıştır, dinsiz yaşamayacaktır.
.............................
(1) "Hani Rabbin yeryüzünde bir halife yaratacağım demişti..." (Bakara, 30).
(2) Bkz. Ahzâb, 72
(3)Ebu Hureýrä'niň rowaýat eden bir hadys-y şerifinde Hezreti Pygamber(s.a.s.):"her çaga diňe yslam fytraty üzere dünýä getirilýär. Mundan soň eje-kakasy ýahudi(ýewreý) bolsa ony ýewreý edýärler. Hristiýan bolsa, hristiýan, mejusi bolsa, mejusi edýärler."( Buhârî, Cenâiz, 92)
(4)Rûm, 30