Bu gün! Bu gün studente, berilýär pul - stipendiýa! Bu gün! Bu gün, gör, birgiden çykyp boljak bergiden! Tamam okuw hem kafedra! Kim teatr, kim kafeda! Saç syrylyp, atyr kükäp, alynýar tom-tom kitap! Bu gün, bu gün, gör, inçeden edilýär örän kyn jedel! Bu gün! Bu gün arzyly gün: arzygülli arzygülin, sonagülli, sonagülün, ýene gülli, ýene gülün kino ýa parka çagyrýar... ... A çaryýar? Ah, çaryýar! Gör, bir giden, gör, birgiden, çykyp bolup, bar bergiden, indi kimden karz alarka? Indi kimden karz alarka?
Stipendiýa hakynda oda
-
muslimah
15 years ago
- hehe,gowy goshgujyk :) yone bizde stipendiya yok :(
-
SerJon
15 years ago
- bizde-de :( :( :( O bagt bize yetenoklay :(
-
Bayram-Jm
15 years ago
- Serjon! Bu gurbannazar ezizowyñ talyp ýyllarynda ýazan goshgusy. Eddil meniñkä meñzeýär eken. Stipendiýany üç günde ýoguna ýanyp, "indi kimden karz alsamkam?" diýip oturýan. Sizde-de sheýledirdä?
-
Bayram-Jm
15 years ago
- Serjon! Bu gurbannazar ezizowyñ talyp ýyllarynda ýazan goshgusy. Eddil meniñkä meñzeýär eken. Stipendiýany üç günde ýoguna ýanyp, "indi kimden karz alsamkam?" diýip oturýan. Sizde-de sheýledirdä?
-
muslimah
15 years ago
- bize ol bagt yetenok diyip yazdyga.. :( :(
-
SerJon
15 years ago
- Bizin oyumuzdakiler pul ugradanda, 30% goni eshige, 50%-i Bergilere, 20%-em galan gunlere ayrylyar :-) Onam 15 gune yetiryas maximum, ay galan bir yarym ayam karz alyp, student gunlerinde yashayas :-)
Garaz pul gelende sha, 15 gunden gedaylay ha haaaaa
-
SerJon
15 years ago
- muslimah sen nirde okayan?
-
Bayram-Jm
15 years ago
- Muslimah! Stipendiýanyñ tagamyny datmadym diýsene.:). Ony alsañ wagtyñ çalt geçýär. Bu aýdan indiki aýa çenli gün sanap geçýäs.
Käbir adamlar geñ galýar. "bir aýda 1800000 alýan bolsañyz size ishlemegem gerek däl, biz onça pul bilen mashgala bakýas" diýýäler. Biz bolsa özümize ýetirip bilemzok.:)
-
muslimah
15 years ago
- men hytayda okayan,howa stipendiya tagamyny datmadyk ,belki shonun uchin hich wagt gechokdyr...
diyyanin dogry adamlar shol aylyk bilen mashgala ekleyar siz bolsa ozunize yetirip bilenzok,hey,bolanok bu bolshunyz,azrak sowmana owrenin puly :)
-
SerJon
15 years ago
- muslimahjan adamlar mashgala eklande eshik goz-onlerine gelenokda, a yash oglanlaryn aladasy dine iymek & eshik :-)
-
muslimah
15 years ago
- shu wagtdan tayynlyk goruberin,barybir bu gun bolmasa ertir sizede mashgala eklemek inshallah mynasyp eder
-
SerJon
15 years ago
- Ay dogrymy aytsama mena oylenesimem gelenok:-)
"Yigitlik bir gyzyl guldur, soldyrjak diysen oylengin" (Magtymguly Pyragy atamyz)
-
muslimah
15 years ago
- ay,magtymguly pyragy atamyz sheyle diydimay?
Soyguli Pygamberimiz(saw)oylenmek/durmusha chykmak dinimizin yarysydyr,-diyipdi,shon uchin oylenesin gelse gelmese gachara yerin yok :)
-
SerJon
15 years ago
- Magtymguly atamyzyn sozlerine dogry dushun ayal dogan!Magtymguly atamyz oylenman diyjek bolanok, ol "oyleneninden son hemme problemalar, yagny durmushyn kynchylyklary bashlayar diyjek bolya"
-
Bayram-Jm
15 years ago
- :). Stipendiýanyñ pulundan eýýäm öýlenip bashlapsyñyz.:). Stipendiýany ekanom edip bolanok. Nirä sogýanymyzy özümizem bilemzok. Bir görseñ bar ýaly, bir görseñ ýok ýaly.
Dashary ýurtda okaýan talyplar! Eger-de siz stipendiýa alýan bolsañyz, näçe $ alýañyz?
Ýaman gyzyklanýanda:)
-
Rowshen-Jm
15 years ago
- Baýram нy mы дайoш!
-
Bayram-Jm
15 years ago
- Salam rowshen! Näme diýjek bolduña?!;)
-
Rowshen-Jm
15 years ago
- Puldan kösenýän diýäñmi! Meniñ jañ edenimi ýadyña sal soñ düshünersiñ!
-
bond
15 years ago
- bet goshgy.
SerJon 15 years ago- studentlen oz duzen goshgylary oydyan Bayram?