Ajap döwrümiň ýaşlary,
Dost tutunyp deň-duşlary,
Gulluk edip köp işleri,
Bitirýäňmi, esger ýigit?

Bildirmänjik çykyp çete,
Ýazýaňmy söýgiňi hata,
Wah, geçmejek bolup öte,
Oturýaňmy, esger ýigit?

Gözel gyzyň öwüp görkün,
Guly bolup ajap durkuň,
Daş ýolda-da elden erkiň,
Ýitirýäňmi, esger ýigit?

Gije ýatman, düşüp torna,
Duşup nobatçynyň şerne,
Buýran jezasyny ýerne,
Ýetirýäňmi, esger ýigit?

"Barsam mähriban ilime,
Gyzlar çykar meň ýoluma"
Diýip göwnüň bal kölüne,
Batyrýaňmy, esger ýigit?

Ylgap, çekip ýeňleriňi,
Aýdyp batly heňleriňi,
Barmak sanap günleriňi,
Ötürýaňmi, esger ýigit?

Watan gorap söweşmäni,
Öwrenýäň sen göreşmäni,
Bu ýazylan degişmämi,
Geçirýäňmi, esger ýigit?

At –abraýy alan ýigit,
Sag-amanja dolan, ýigit!
Esger ýigit...
Esger ýigit.....

Nartäç Ýusupdurdyýewa

Edebiýat, loveee_@ tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir