Otyryp pikirlenip görýän welin túrkmen yigidine gerek zatlang úçúsi edep, ahlak we namysmyka diýýän. Elebetde bu úç duýgy hemme halka hem gerekdir welin biziň nusgawy edebiýatymyzda we ene atamyzdan alan terbiýämizde has hem şu úç duýguny kemala getirýän faktorlaryng kändigini görýän. Siz name piker etýaňiz bular hakynda? Diňe biziň Túrkmen medeniýetimizde şeylemika ýada ähli medenýetlerde hem şeylemika? EDEP AHLAK WE NAMYS HAKDA NESIHAT -Edep näme diyip sorayaň oglym. Jogabyn agtarma uly kitapdan, Edebiň ulusy eneňe hormat, Onsaň geçer ata hormat goymakdan. Uluny sylasaň kiçini söyseň Edebiň yagşysyn etdigiň bolar Il beyikdir, Hak iş etseň bilyändir Kiçi seni sylar, uly hem söýer Arada sataşdym uly şäherde Bir iş bilen bir edara baramda Ullakan garynly gap gara başlyk Kakyp geçdi bir gojany göremde Goja zordan özún dúrsäp gepledi -Ak giren başyňda aň yokmyş ogul Töweregňe gara edebiň gora,!! Onsoň başlyk saldy yuregme dowul -Aňkow gary name etyaň bu ýerde Uly adamlaň aýagyna çolaşyp Ötúnç sorap durubermek ýerine Akyl satyaň sakgalyňa bylaşyp Garry bolsa ses çykarman otyrdy Başlyk girdi öz jaýyna húňúrdäp, Men bolsa gyrada aňk bolyp galdym Başlyk agaň bu halyny geňirgap Köp okap köp işlap başlyk bolsada Durmyşda edepden almandyr paýyn Bu adamdan haray gelmez millete Ol gojada aýan, maňada aýan -Ahlak name diýi soraýaň oglym Ahlak Alla bolan karzyň bermekdir, Säher turup, ruhyň paklan wagtyňda, Ol Beyik Allany yada salmakdyr, Her ädimde yatlamak oň adyny, Seniň her işiňe bereket goşar, Byssymylla bilen çykanlar yola Öňúndaki apet daglary aşar Orslaň kanalynda gördu,úm geçende, Bir enenäni öldúrúpdúr haramhor Gerayini úçin mahrem ejesin Pyçak bilen dograpmyşyn ol ganhor Yeri mährem enä zulum etyanden Ahlakdan nam nyşan bardyr öytyäňmi? Alladan utanman haram etyanleň Yaşap yoren adamdygny aytyaňmy? Yok olar adam dal hakyky haýwan Hatda haýwan hem dal wenezzynatdyr Adam diýip yaşasada özúne, Ahlaksyz adamlar gury bir zatdyr -Namys name diyip sorayaň oglym Namys eye çykmak erebte paliňe Eneňi, uyaňy hem watanyňy Goramasaň bolmaz Erkek halyňa Geçmişdaki bir turkmen döwletine Duşman gelip sorapmyşyn ýerini Akyldar şa oňa az yer berenmiş Gyrdyrmazlyk úçin mährem ilini Zalym duşman gúji has kop bolansoň Doymanmyşyn alan az-kem ýerinden Başga bir gún bedew atyn soranmyş Ol akyldar turkmenleriň beginden Akyldar şa at hem berenmiş oňa Sowulmagy uçin äpet belanyň Zalym duşman oň bilenem doymanmyş Soranmyşyn túrkmenini zenanyň Ana şonda duşman uly bolsada Atlanypdyr ol namysly serkerde Gyranmyşyn ol duşmanyň tohumyn Beyle adam çykmaz yaly hiç yerde Edep ahlak hemem namys úçúsi Bir birinden ayrylmajak direkdir Bir túrkmen oglynyň abraýy úçin Edep ahlak hemem namys gerekdir!! 2-nji Mart 2009 Aşyr Aşyrow

Köneler, aslymarly tarapyndan 15 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir