Tomusda Türkmenistana gidenimde migrasiyada işleyan bir tanyşym bilen gürründeş bolupdym. Ol “Stanbul uçary gondy” diyip anons edilende işgarlerin içinde birhili rahatsyzlyk döreyar diyipdi şonda. Sebabem deportasiya bolup gelenler, olaryn hallary we her saparda diyen yaly ölü jesetlerin gelyandigi bolmaly. Onun diyşine göra jesetlerin kabirinde organlary bolmayanmyşyn. Muny eşidip beynimden suw guylan yaly bolupdym dogrusy. Bay bir döwletin (…pahyr rayatlary) başyndaky hökümedin 5 miliyona yetyan ya da yetmeyan bir halkyny eklap bilmeyişini, netijeten olaryn daşary yurtlara işlemage gidip, ki bularyn içinde ayal gyzlarymyzam bar, başgalarynyn emir guly bolmaga mejbur etmegi bir türkmen hökmünde içime sinmeyar. Elbet-de, hemmesi daldir welin aglabasynyn çaresizlikden gelyandigine ynanyan men. Geçende başga bir blogda panturkist diylen bir agzamyzyn türkiyedaki ayal-gyzlarymyzyn kabirlerinin, bagyşlan, jelepçilikli hereketlerini jarjewlilere yykyp goymagy diysen agyryma gitdi. Men Çarjewli dal yöne çarjew türkmenistanyn bir parçasy we milli girdejimizin aglabasynyn gazdan, gazynam esasan çarjewde çykyandygyna, ikinji esas girdejimiz bolan pagtanyn hem bökdençsiz esas çarjewde öndürliyandigini yok saymak çarjewli ildeşlerimize haksyzlyk dalmidir!?; siz hiç oylandynyzmy beylesine baylyk doly bir welayatyn adamlary name üçin daşaryk gaçyarlar; ol agzanyn problemany beylesine görmezden gelmegi we başgalarynyn üstüne atyp gutulandyryn öytmegi meni gen galdyrman baranok. Sizin pikirinizçe problema nirede!? Geçende yewropada okayan bir ildeşimiz, skype’da gepleşenimde okayan yurdundan rayatlyk haky almaga çalyşyandygyny aydypdy, sebabem o yerde in azyndan “ynsan bolanyn üçin deger berilyanmişin”. Oturyp oylanmaly bir sözlem. Siz türkmenistana baranynyzda döwlet edaralarynda adam yerine goyulandyryn öytyanizmi meselem… Hany ol bizin başymyza taç edinenimiz Magtymguly dalmidi: “Kyrk yyl maya gezinçan, Yekeje yyl ner gezgin.” Diyen. Bizin ata-babalarymyz dalmidi “yat illerde şa bolandan, öz ilinden geda bol” diyen. Daşaryk çykanlar şunyn öran gowy parhyna barandyklaryny umyt etyan, yagny sizin milliyetiniz başga da bolsa, eger türkmenistanyn rayady bolsanyz, başgalarynyn arasynda, watanynyzyn namy kadar agyrlygynyz bolyandyr. Köp bloglarymyzda “türkmenligime buysanyan” yaly we şuna menzeş sözler kan gabat gelyansinizdir, bizin taryhymyz bilen öwünyan bolmagymyz bizi bir yere çenli ulaldyar, taryhymyz bilen buysanyarkak şunam unutmalyn, biz bizden sonky nesillere ata-baba boljak bolsak we olarynam bizden buysanmalaryny isleyan bolsak, onda şunam oylanmagyn wagty geldi geçip baryar: “biz name etdik” we “name etmeli”, XIX asyrdaky ata-babalarymyzyn gopbamsylyklarynyn we munun netijesinde birleşip bilmediklerinin netijelerini olar janlary bilen, olardan sonkular bolsa 70 yyl bakna yaşap ödediler we biz o sowetler döwründe yetişen komunist neslin golastyna girdik we olara bakna yaşap ödeyaris; bizden sonky nesilleri erkin we abrayly, buysançly yaşadalyn we problemalary başga birinde dal özümizde gözlalin. Şu Deyl Karnegi, eger hakykatdanam şu sözi aydan bolsa, manlayyndan öpülaymeli adam ekeni: “Problemalary çözmegin yoly onun barlygyny kabul etmekden geçyar”……..saglygynyz!!!

Köneler, btp tarapyndan 15 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir