Pygamberimiz (s.a.w.) töwerek-daşynyň al-ýaşyla bürenmegi üçin agaçlaryň ekilişine üns beripdir. Ine, şonuň üçinem ol diňe bir ýaramly ýerlere agaç ekmek bilen oňman, mazarlaryň üstüne-de agaç ekipdir, ekdiripdir. Muňa mysal edip şu wakany görkezip bileris.
Her bir adam agaç ekmeli...
-
Adybeg
15 years ago
- menem 12 yaş toyymda bir alma agajy ekipdim atamlarda :D giden wagtym hezil edip alma iyyan şol agaçdan....
sizem ekin son hezil edip iyibermeli houu :P::P
birem arassa kislarod berya da son "global warming" hem azalyar kyoto diyip urşup yörmage gerek yok :D
şakird 15 years ago- Bir gün Pygamberimiz (s.a.w.) mazaryň ýanyndan geçip barýarka, gabyrda ýatan öliniň ezýet görüp gygyrýandygyny eşidýär. Şondan soň Pygamberimiz (s.a.w.) bir hurma agajynyň nahalyny mazaryň üstüne oturdýar. Ýanyndaky sahabalara-da şeýle diýýär:
- Bu agaç şu mazaryň üstünde ýaşyl öwsüp dursa, onda gabyr azaby azajyk hem bolsa ýeňlär. Sebäbi agaç Allatagalany zikr edýär.
Ine, şu hadysa hem bize agaç ekmegiň nähili peýdalydygyny görkezýär. Pygamberimiz (s.a.w.) eken agajymyzyň diňe bu dünýäde däl-de, ol dünýäde-de peýdasynyň bardygyny belleýär. Şonuň üçin din alymlary mazarlara beton düşemegi ýerlikli hasaplanoklar. Isra süresinde Allatagala şeýle diýýär:
“Ähli jandarlar we ösümlikler Allany ýatlarlar we ony zikr ederler. Emma siz olaryň aýdýan zatlaryny eşitmersiňiz.”
Ösümlikleriň we janly-jandarlaryň gaýtalaýan zikrlerini gabyryň içindäki ölüler has gowy eşidýär, diýýärler. Ine, şonuň üçinem bir ösümligi ýok eden ýa-da onuň guramagyna sebäp bolan adamyň Allatagalany ýatlaýan, Ony zikr edýän närsäni ýer ýüzünden ýok etdigi bolar. Haýsy musulman adam Allahy ýatlaýana, Allahy zikr edýäne zelel edip biler?
Şonuň üçin sizem bir agaç ekiň. Goý, siziň eken agajyňyz Allahy zikr edip, size dileg etsin. Şeýle pursady asla elden gidermäň. Siz azajyk iş bilen, ullakan sogap gazanyp bilersiňiz. Size ösümlikleriň edýän dileglerini, zikrlerini eşidýän adamlaryň durmuşyndan bir mysal getirmegi müwessa bildik.
Aziz Mahmyd Hudaýy hezretleri öz okuwçylary bilen giň meýdanda sapak geçýän wagty okuwçylarynyň hersi oňa gül getirip beripdir. Ynha, olaryň arasynda bir okuwçy mugallymyna hiç zat getirmändir. Muňa beýleki okuwçylar gahar edip, ony utandyrjak bolupdyrlar. Käbirleri oňa:
-Şeýle giň meýdanda mollamyza berer ýaly gül tapyp bilmediňmi?- diýip igenipdir. Ol okuwçy hem ýüzüni aşak salyp, mugallymynyň öňünde olara şeýle jogap beripdir:
-Her gezek saýlan gülümi goparjak bolanymda, olaryň Rebbimize dileg we zikr edip durandygyny gördüm. Şonuň üçin olary ýolup edýän zikrdir-dileglerini bölmäge dözmedim.
Mugallym okuwçysynyň bu jogabyna hoşal bolup onuň başyny sypapdyr.
Pygamberimiziň (s.a.w.) agaç oturtmak barada bir hadysyny eşidip, agaç oturtmagyň peýdasyny ýatlaman geçmek mümkin däldir. Pygamberimiz (s.a.w.) şeýle diýýär:
- Eliňizdäki agajy oturtjak bolup durkaňyz kyýamatyň gopýandygyny görseňizem hiç haçan “Eýýäm giç boldy, agaç oturtmagyň peýdasy ýok” diýip, oturtjak bolýan agajyňyzy ýere zyňmaň. Goý, kyýamat gopjak bolsa, siz agaç ekip durkaňyz gopsun. Ol dünýä baryp, “Meniňem oturdan bir agajym, nahalym bardy” diýip, arkaýyn aýdyp biler ýaly...
Hemmesi şularmy? Elbetde, ýok. Ýene-de bar. Mellekde, meýdanda, bagda işleýän işgärler üçin ýene bir buşlugymyz bar... Ekin ekýäniňize, miweli-miwesiz agaçlary oturtýanyňyza begeniň. Sebäbi eken ekinleriňiz we agaçlaryňyz bilen siz diňe pul gazanman, ýany bilen sogabam gazanýarsyňyz. Ýene-de bir zat, siz ekýän ösümlikleriňizden diňe bir dilege mynasyp bolaňyzok. Hadys bilen aýtsak:
- Alyjy alsa, ogry ogurlasa, sygyr iýse, siňek hem peýdalansa... bularyň ählisi siziň adyňyzdan berlen sadaka bolar. Bir tarapdan ösümlikleriň edýän dileglerinden sogap alýarsyňyz, birem sadaka sogaby...
ahmet şahin-zaman