Adamyň ýüregi günäler bilen garalmadyk bolsa ýa-da haram işler bilen zaýalanmadyk bolsa, iň belent owaz şol ýerden eşidilýändir. Durmuş meselelerinde ikirjiňlenýän ýeriňizde ilkinji nobatda ýüregiňizden soraň! Ýüregiňiz bilen maslahatlaşyň! Şonda siziň ýüregiňiz näme diýip jogap berýär? Ýüregiňiz size, hemişe hakykaty aýdar.
Ýüregiňizden soraň!
-
kitaphanachy
10 years ago
- Bu ýalançy dünýäde adama ýamanlyk etme. Daş bilen ursa aş bilen ur - diýilýän nakyl bar
şakird 15 years ago- Eger ýüregiňiz size: “Sen ýalňyşýaň. Öz wezipäňi doly berjaý edeňok” diýýän bolsa, hökman onuň aýdanyny ediň. Ýüregiňiz sizi hiç haçan aldamaz. Sebäbi ýüregiňiz diýýän bolsa, diýmek, bu Allahyň size duýduryş berdigidir.
Onsoňam, rozy-magşar gününde adamyň beden agzalary dil açyp, gürlejekmiş. Bu barada Ýasin süresinde aýdyň bellikler bar.
Eller şeýle diýer:
-Haramy meniň bilen elledi
Gözler şeýle diýer:
- Haramy meniň bilen gördi.
Aýaklar şeýle diýer:
- Harama meniň bilen gitdi.
Ýüregem şeýle diýer:
- Meniň ahy-perýadymy diňlemedi. Men oňa ýatlatsam-da, ol ýene-de nebsiniň diýenini etdi. Men oňa duýduryş bersem-de, ol ýene-de şeýtana boýun boldy. Ol nebsiniň guly boldy. Şondan soň meniň gürlärligim galmady. Men oňa hiç zat diýip bilmedim. Azgynlyklar hem-de günäler şeýle ýokary derejä ýeteninde, meniň sesim eşidilýän däldir.
Hawa, adamogly haram işleriň söbügine münüp, şeýle ýagdaýa gelýär welin, şondan soň ol ýüreginiň sesini birem eşidip bilmeýär. Şol sebäpden günä laýyna batan adam, hiç haçanam ýüregini diňläp bilmez.
Şeýle ýagdaý, ruhy taýdan çökmekligiň iň pes derejesidir. Bular ýaly bela duçar bolan adam, wagt ýitirmän toba etmelidir. Ruhy taýdan çökýändigine düşünip, aýgytly ädim ätmelidir.
Ak ýürekli adamlar hiç haçan öz günäleriniň, kemçiliklerini gözden salmazlar. Tersine, olar toba edýärler. Olaryň iman derejesi nähili ýagdaýda bolsa, olaryň toba edişem şonçarak bolar. Pygamberimiziň (s.a.w) aýdyşy ýaly: “Mömin öz günäsini üstünden gaýtjak dag ýaly uly hasaplaýar. Münafyk bolsa, öz günäsini burnunyň ujuna gonan siňek ýaly, kiçi hasaplaýandyr”. Şol sebäpden ýönekeý - kiçi günä bolanynda-da, ony uly günä saýyp, derrew toba etmeli. Bu amalyýet, imany has-da güýçlendirýändir.
ahmetşahin-zaman