Salam hormatly agzalar we myhmanlar! Shu wagt otyrkam, duralgada bir garryja adamyñ gürrüñ beren rowaýaty ýadyma düshdi. Siz bilen paýlashaýyn diýdim. Melgun sheýtan adamlaryñ garshysyna ulanmak üçin alladan güýçli duzak soraýar. Allatagala oña altyny, kümüshi görkezýär. Iblis bulary halamasyna halaýar, emma, ýene ýalbaryp, bashga zatlar dileýär. Alla oña ýagly, bally zatlary, täsiri güýçli sheraplary, ýüpekden lybaslary berýär. Sheýtan: "eý, rebbim! Menden kömegiñi gaýgyrma. Men has üýtgeshik zatlar isleýärin. Men olary özüme berk baglap bilerim ýaly, islän zatlarymy maña ber. Sheýle bir duzak isleýärin welin, gaty güýçli, ynandyryjy we özüne çekiji bolsun" diýdi. Alla sheýtana sheraby we sazy berýär. Sheýtan bulary göreninden begenip gülýär, ýöne ýene-de ýalbaryp-ýakarmagyny dowam edýär. Beýik alla oña erkek adamlaryñ akylyny we sabyryny ellerinden alan zenan gözelligini görkezende, sheýtan barmaklaryny shyrkyldadyp, gülüp-oýndama bashlaýar we: "ynha, indi adamzadyñ ishi gaýtdy" diýýär. Akyl-pikiri derbi-dagyn edýän shol jellat gözleri görüp, köñülleri heýjana getirýän dilberleriñ ýüzüne seredip, sheýtan ynsanlary azdyrmak üçin ulanjak bu duzagyndan juda göwnühosh bolýar. Hezreti aly bir gezeginde sheýle diýipdir: "käbir nypmatlar bardyr, olara eýe bolmazlygyñ özi uly nygmatdyr!"
Sheýtan begemji
-
Bayram-Jm
15 years ago
- Öwezz! Men shony diýjek boldum. Pul üçin dostuny satan, ýa-da gyz üçin ene-atasyndan geçenler hakda eshmediñmi?
Bu sheýtan ishleri.
-
Öwezz
15 years ago
- Dogry aýdýañ baýram-jm, shu döwürler hasam sonuñ ýaly zatlar köpelip ugrady. Meniñ obamda bir adam ýashapdy öñ(häzir ýok). Ol pully karta diýen bir bela oýnap öýüne çenli utdurypdyr, aýalynyñ, atasynyñ sögünçlerine çydap bilmän çagalaryny öýsüz ýetim edip özüni asyp öldüripdir. Shonuñ u/n häzirki zamanda aýagyñy çalaja gyshyk bassañ aýagyñy döwüp betbagt bolup galmagyñ mümkin
-
dereksiz
15 years ago
- bu rowayat ozuni alanda aydym sazynam gurruni bar, altyn kumushinem..... perilerinem , diymek bularyn hemmesinden serersap bolmalydygyny, anladyamyka diyyan... dini dushunjede alsak aydym sazyn gereksizligi goni gorkezilipdir barde... dosgrymy aytsam gowy rowayat ..yone kellamdaki kabir pikirlerimi dilime gechirip bilemok..... sheytanyn belasyndan hemmamizi beyik yaradan ozi aman saklasyn hemmamizi....
-
bond
15 years ago
- shu owadan gyz in bet ishda shol ,men owadan gyz gorsem durup bilmeyan shon u/n in sonky pulumy olam hich dostlarymynam puluny gutaryan ,yone dogrymy aydayyn owadan bolsa,beyleki sheytanyn alan altyn kumush sherap hich zat yone bet gyzlar bolyara ,orslaryn uzyn ayaklary ay bolyada ,dogry zady dogry bellemek bizin her birimiz u/n parzdyr.
-
Bayram-Jm
15 years ago
- Bond! Sheýtan seni öz gapanyna düshürüpdirdä onda:)!
Dereksiz! Saz, sherap çakyny bilip edibermelimikä diýýän:)
-
bond
15 years ago
- sheytanyn name dyanina bilemok,meni gaty azdyryar shu sheytan ,yoremane yera goyanok.
-
bond
15 years ago
- owadan gyza seredip otursanam priyatny birhili yalanmy ya,?
-
bond
15 years ago
- onem bir arap akyldarlaryn biri aydypdyr ,meni bir jay doly gyzylyn yanynda goysalar bir gije gundiz ,men gyzyldan yekejesinam alman chydap bilerin yone, bir owadan gyz bn goysalar onda ..... diyipdir diymek senin yazan rowayatynda hokman bir name entek bir esasy bar.
-
muslimah
15 years ago
- ok,hazir dinglejek
-
Yuska007
15 years ago
- ойланма goshgy yaman gowy..yone bashga adam okasa hasam gowy bolardy, ulyrak adam..ol oglanyn sesi goshgyn manysyny gachyryar..
Öwezz 15 years ago- Bayram-jm salam! Seniñ rowaýata görä "gözel peri ýaly gyzlar, altyn, pul, "we s. m. sanap geçen zatlaryñ sheýtanyñ adamlary bir birine dusman etmek uçin w s m yamanlyklary doretmek ün bize goýberen zady diýjek bolýañmy