salam ildeşler, yagdaylarynyz gowudyr inşalla, deginjegim tema syýasy däl, türkmenistanyň başga bir problemasy barada, elimizden bir zat gelmese de iň azyndan bulary gepleşmek we bilmeyanlerimizin habardar bolmagy zeruriýetmika diyyan, watanymyzyň uly bölegi çölem bolsa, geografiyamyz esas ekerançylyga uygundygyny bilmeyan yok, ekerançylyk üçinem suw esas mesele; eger türkmenistan hazir pagta bilen bugday planyny dolup bilmeyan bolsa, munuň arka planyndaky sebaplerden birem suwsuzlykdyr, muny ekerançylyk bilen başagay her dayhandan eşidip bilersiniz; beyleki faktorlar barada sonrak deginerin; bizin esas suw damarymyz amyderyanyň tajigistandaky pamir daglaryndaky sarez (usoi dam) kölünden gelyandigini bilyarmidiniz (daglar bilen gurşalan we deniz derejesinden yüzlerçe metir belentde), bu özboluşly köl 1911-nji ýylda bolan yer titremesi netijesinde emele gelipdir, yöne hazirki wagtlarda onun kararsyzlygy ikirjinlendiryar, sebabi güyçli bir yer titremesiniň netijesinde ol kölün çökme ahtimallygy bar ekeni; oylanyp görün eger ol çökse, amyderyanyn suwy azalsa, (tajigistandaky boljak suw basmalary gepleşjegem dal) onda başymyza geljek açlygy türkmen hökümetinin ekerançylyk üçin edip biljegi in uly iş, mana göra garagum kölünin betonlanyp suwun yere sinmeginin önünin alynmagydyr, sebabi bizin çagesöw topraklarymyz suwy özüne çekyar we ynanyň atyzlara yetene çenli amydaryanyn suwunyn 50% golaýy (menin çakymdyr, fakt daldir) yere sinyandir, eger kanallarymyz betonlanyp munun önüne geçilse onda ekerançylygymyz hasam ösermika diyyan mena, pikirleriniz paylaşsanyz minnetdar bolaryn..

Köneler, btp tarapyndan 15 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir