pygamberimiz(s.a.s.) bir hadysynda şeýle diýýär: "ymmatymyň bozulan wagty sünnetimi ýerine ýetirene bir şehit sogaby bardyr" ine, gündelik durmuşymyzda unudylan käbir sünnetler: namazlary baş açyk okamazlyk, täret alnanda aýaklary üç gezek ýuwmaklyk, ýolçy wagtyň, araňda birini ýolbaşçy bellemek, maslahat etmek, murt we sakal goýbermek, daş-töweregiňi arassalamak, ýalaňaç aýak bilen namaz okamazlyk, täret alnandan soň, kybla öwrülip suw içmek, suwy üç gezek ogurtlap, oturyp içmek, mazarlygyň ýanyndan geçeňde salam bermek(Essalamü aleyküm ya ehlel kubur) we 11 gezek yhlas süresini okamak, dyrnak almagy şehadat barmagyňdan başlamak, dyrnaklaryňy juma güni almak, täretli ýatmak, nahara duz bilen başlamak, aýakgabyňy geýmezden ozal ters öwürmek, öşür bermek(parz), her gün ölüm barada pikir etmek, ýataňda gözleriňe sürme çekmek, her gün toba etmek, mazarlary zyýarat etmek, gün dogandan 45 minut ýalyrak wagtdan soň, azajyk uklamak, ýolda başyňy öňe egip ýöremek, biri saňa seslenende, seslenýän adama bütin bedeniň bilen öwrülmek, täret alaňda we metjide gireniňde namaz okamak, miswak ulanmak, juma güni güsl(uly täret) almak, gowy ys çalynmak, uýat ýerleri arassalamak(iň köp 15-40 güni geçmezlik), oturyp kiçi täret bozmak, täret bozan wagtyň kybla öwrülmezlik, nahar iýeňde ýere düşen owuntyklary alyp iýmek, nahary bir gapdan iýmek, naharda, sag aýagyňy dikip, çep aýagyň üstünde oturmak, nahar iýlende gowy zatlar hakynda gürrüň etmek, bugdaý çöregine arpa ununy garyşdyrmak, günde iki gezek nahar iýmek, başga bir şähere gideňde, ilki bilen sogan iýmek, jynaza namazy üçin tesbih okamagy taşlamazlyk, jynaza namazyndan soň, dik durup doga okamazlyk, mazaryň üstüne suw dökmek, jynaza öýüne nahar goýbermek, asgyrlan wagty, asgyran Elhamdülillah diýende, eşideniň Yerhamükellah( zenanlar üçin Yerhamukilleh) diýmegi, namazda, kyýamda rükä egilýärkäň, çep aýagy sag aýagyň ýanyna getirmek, namazda, çep aýagyň üstünde oturmak, sag aýagy dikmek, köýnegiň iliklerini aşakdan ýokary iliklemek, çözeňde ýokardan aşak çözmek, üzüm bilen çörek iýmek.
Unudylan sünnetler
-
kary
15 years ago
- $akird aga hadysyñ yzyny kesmäveri
ObaOglany 15 years ago- www.ylmyhal.narod.ru