salam talyplar.com'yn agzalary we myhmanlary. bu yazjak mowzugym adyndanam belli bolshy yaly pygamberler barada. goreli bakaly, pygamberler barada nameler bilyas. sorag we jogap sheklinde bulary yerleshdiryan. belki sizeyem peydasy deger! 1. Beýleki pygamberlere görä bir dereje ýokarda bolan pygamberlere “Ulul-Azm” pygamberler diýilýär. “Ulul-Azm” pygamberler haýsylarydyr? Hz. Nuh(a.s), Hz. Ybraýym(a.s), Hz. Musa(a.s), Hz. Isa(a.s), Hz. Muhammed(s.a.w). 2. Gurhanda näçe pygamberiň ady agzalýandyr? 28 sanydyr. Emma olardan 3 sanysynyň pygamberdigi ýa-da öwülýadygy belli däldir. 3. Kakasy Hz. Adam ata we enesi Hz. How ene bolan we özüne Allatagala tarapyndan 50 sahypa inderilen, 912 ýyl ýaşan ynsanlaryň ikinji pygamberi bolan pygamber kimdir? Hz. Şit(a.s) pygamber. 4. Ynsanlaryň üçünji pygamberi we Alla tarapyndan 30 sahypa inderilen, ilkinji gezek ok we ýaý ullanan, ilkinji gezek hat ýazan, ilkinji gezek tikin tiken, özüne eşik tikip geýen, ilkinji gezek ýyldyzlar(astronomiýa) ylmy bilen meşgullanan we diri wagty asmana göterilen pygamber kimdir? Hz. Idris (a.s) pygamber. 5. Gurhanda 27 gezek ady agzalan, 1050 ýyl ýaşan “Ulul-Azm” pygamberlerdendir. Özüne ynanmaýan halkyna Alla tarapyndan ylahy gazabyň geljegi uçin uly bir gämi ýasan, özüne ynananlary we ähli haýwanlardan bir jübütini gämisine alyp olary Allanyň gazabyna duçar bolmakdan halas eden, ynsanlaryň ikinji atasy hökmünde bilinýän pygamber kimdir? Hz. Nuh(a.s) pygamber. 6. “Ulul-Azm” pygamberleden bolup, Nemrut döwründe ýaşan we Alla tarapyndan 10 sahypa berilen, “Allanyň dosty” manysyna gelýän “Halilulla” lakamy bilen tanalýan, döwrüniň patyşasy Nemrut tarapyndan oda atylan emma otda ýanmadyk, ogly Ysmaýyly(a.s) Alla ýolunda gurban etmekden çekinmänligi uçin Alla tarapyndan bir goç iberilen, 80 ýaşynda sünnet bolan(nesline bu sünnet şondan galandyr) bu pygamberiň ady nämedir? Hz. Ybraýym(a.s) pygamber. 7. Rim topraklarynda ýaşaýan halka hakykaty we dogry ýoly maslahat beren we olaryň: “Eý Bişr! Biz ölmäni däl, durmuşy we ýaşamany halaýas/gowy görýäs, şonuň uçin Hudaýyňdan biziň uçin, bizi islän wagtymyzda öldürmesini isle.” diýip islemelerine garşylyk olary ajallaryna razy eden pygamber kimdir? (Şol pygamberiň mazary/gabry Türkmenistanyň Mary welaýatynyň Baýramaly etrabynyň/şäheriniň çäklerindedigi rowaýat edilýär.) Hz. Zulkifl(a.s) pygamber. 8. Hz. Musa(a.s) pygamberiň agasy/uly dogany we iň uly kömekçisi bolan pygamber kimdir? Hz.Harun(a.s) pygamberdir. (Karun däldir, sebabi ol pygamberlik bilen däl-de baýlygy bilen meşhur bolan zalym we kapyr adamdyr). 9. Dört hak kitapdan biri bolan Töwrat kitaby berilen, Firawun(Faraon) zamanynda ýaşan, Turu Sina dagynda Hudaýtagala bilen gürleşenligi sebäpli lakamy “Kelamulla” bolan pygamber kimdir? Hz. Musa(a.s) pygamberdir. 10. Hz. Musa(a.s) pygamberiň doganoglany bolan emma oňa ynanmakdan beter başyna bela bolan we taryhyň in baý adamysy hökmünde tanalan, 300 gyrnagy, hyzmatynda bolsa 9000 adam bolan, öýüniň gapylary we diwarlaryna asylan şekilleri altyndan bolan, soňunda hemme baýlygy bilen ýere batan (ýer ýuwdan) zalym adam kimdir? Karun. 11. Hem dädesi, hem kakasy, hem-de atasy pygamber bolan pygamber kimdir? Hz. Ýusup(a.s) pygamber. 12. Hz. Dawut(a.s) pygamberiň ogly we kakasynyň patyşalygyna we mirasyna eýe bolan, Kudüsdäki(Palestina) Aksa Metjidini gurduran we bütin haýwanlaryň diline duşunen hat-da jynlaryň we ýeliňem öz emrinde bolan pygamber kimdir? Hz. Süleýman(a.s) pygamber. 13. Daýzasynyň adamsy Hz. Zekeriýa(a.s) pygamberiň hemaýasynda ulalan we özüne göra gurduran jaýjagazynda dowamly Allataga ybadat eden, Hz.Isa(a.s) pygamberi adamsy bolmany dünýä getiren we Hz. Muhammet(s.a.w) pygamberimiziň dilinden jennet hanymlarynyň ulularyndandygy bildirilen we Gurhanda diňe aýallardan şonuň adyna sure bolan aýal kimdir? Hz. Merýem 14. Hz. Zekeriýa(a.s) pygamberiň ogly, Hz. Isa(a.s) pygamberden öwünçäk dünýä gelen we Hz. Isa(a.s) pygamber bilen bir döwürde ýaşan we Hz. Isa(a.s) pygamber barada Ysraýyl milletine bildiren, özem kakasy(dädesi) ýaly halky tarapyndan şehit edilen pygamber kimdir? Hz. Ýahýa(a.s) pygamber. 15. Dört hak kitapdan bolan Injil berilen, pygamberimiz Hz. Muhammetden(s.a.w) öwünçäk gelen, ejesi(enesi) Imranyň gyzy Merýemiň hich durmusha çykmany we erkek eli degmäni dünýä getiren we 33 ýaşynda asmana/göge çykarylan pygamber kimdir? Hz. Isa(a.s) pygamberdir. 16. Bütin ömri boýunça iki gününden birini agyz bekläp geçiren pygamber kimdir? (Bir güni agyz bekleýär, ertesi agyz beklemeýär. Bu hergün şeýle dowam edýär) Hz. Dawut(a.s) pygamber. 17. Dogan wagty gürlän pygamber haýsydyr? Hz.Isa(a.s) pygamberdir.

Köneler, hoshowaz tarapyndan 15 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir