Hazar deňziniň türkmen kenary ekologiýa taýdan iň arassa hasaplanylýar, şol sebäpli bu ýerde “Awaza” Milli syýahatçylyk zolagy guruldy we bu ýerde gurlup ulanylmaga berlen binalar toplumy dynç almak we saglygy berkitmek üçin ähli amatlyklar döredilen.
Türkmenistanyň Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary topary tarapyndan ilatyň saglygyny goramak, berkitmek ugrunda amala aşyrylýan işleriň barşynda, toparyň şu ýylyň aprel aýynyň 13-ne Balkan welaýatynda geçiren mejlisinde raýatlarymyzyň tomus möwsüminde oňaýly dynç almaklary, saglyklaryny berkitmekleri üçin şertleri döretmek maksady bilen, Awaza MSZ-daky dynç alyş we sagaldyş merkezleriniň işini guramagyň meseleleri öwrenildi. Oňa laýyklykda şu ýylyň tomus möwsüminde Awaza MSZ-da dynç alyş möwsüminiň möhleti 1-nji iýundan, 15-nji sentýabr aralygy diýlip kesgitlenildi.
Dynç alyş möwsüminde raýatlarymyzyň oňaýly dynç almaklary üçin Awaza MSZ-da toparyň mejlisiniň kabul eden netijeleri boýunça häzirki wagtda guramaçylyk işleri alnyp barylýar.
Myhmanhanalarda we sagaldyş merkezlerinde işleýän we geljekde işlejek işgärlere döwlet tarapyndan “COVID-19” ýokanjyna garşy mugt sanjymlar edilýär. Sanjymlar ýörite bellenilen nokatlarda saglygy goraýyş işgärleri tarapyndan guramaçylykly amala aşyrylyp, bu ugurdaky bildirilýän talaplar doly ýerine ýetirilýär.
Şeýle-de geljekde dynç alyş zolagyndaky desgalarda, olaryň her bir otaglarynda arassaçylyk we zyýansyzlandyryş işleri uly depginde alnyp barylýar hem-de Hazar deňziniň türkmen kenarynyň bellenen nokatlarynda suwuň, howanyň we topragyň barlaglary meýilnamalaýyn geçirilýär. Ähli myhmanhanalar we kotejler, dynç almak we saglygy-dikeldiş toplumlarynda gerek bolan gorag serişdeleri bilen üpjün edilen.
Türkmenistanda ynsan saglygyny gorap saklamak döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri hasaplanylýar.

Täzelikler, TDUmaksat tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir