Söýgi giden umman bolsa,
Balyk bolup çümüp gitsem.
Suwsan teşne ýüreklere,
Aýdym bolup sişip gitsem.

Göripleriň gybatyny,
Diňe dymyp ýeňip gitsem.
Kalbyň pynhan künjeginde,
Heýkel bolup doňup gitsem.

Dertleri, gaýgy-hasraty,
Zynjyr bolup daňyp gitsem,
Hiç baýlyga gözüm gitmez,
Barym bilen oňup gitsem.

Sygman wagtym giň jahana,
Gülzarlyga sümüp gitsem.
Teşne ýatan maýsalara,
Damja bolup daňyp gitsem.

Nury öçen didelere,
Ak nur bolup ýagyp gitsem.
Kalby näzik enelere,
Ter çemeni bogup gitsem.

Gaça durup ýamanlykdan,
Nazarymy sowup gitsem.
Ýagşylykdan lezzet alyp,
Ýyldyz kimin dogup gitsem!

Nartäç Ýusupdurdyýewa

Edebiýat, loveee_@ tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir