Ýatdan çykar bar ýadawlyk şo bada,
Boşar çäýnek bary, saklamaz kada,
Sagadyň dilleri hiç düşmez ýada,
Üýşülende aýal doganlar bilen.

Gürrüň gyzar, janyň sesi diňlenmez,
Näçe aýtsaň diýjek zadyň soňlanmaz,
Ýaglyk nirde, topby nirde geňlenmez,
Üýşülende aýal doganlar bilen.

Ýagyş ýagsyn, suw-sil alsyn daşyňy
Işiň bolmaz galdyr,arsyň başyňy,
Gybat bilen sowadarsyň aşyňy,
Üýşülende aýal doganlar bilen.

Çagalar mekirdir, biz bolsa sada,
"Zat alyp ber "diýip düşerler oda,
Sen bolsa, şo bada berersiň wada,
Üýşülende aýal doganlar bilen.

Ýeňläp içiň sowar, boşar"poslaryň" ,
Soňabaka gyrlyp başlar sesleriň,
Het etseňiz hany, ýarlar, sesleniň,
Üýşülende aýal doganlar bilen.

Erkek adam duýmaz bu hezilli,
Derrew gaçar, saçak giň ýazyldygy,
Hasap edäý işleň çalt çyzyldygy,
Üýşülende aýal doganlar bilen.

Hyzmat etsin daýzalarna ýegenler,
Guwansynlar bize dostlar-doganlar,
Gülkiniň ýaňyra gelsin Erenler,
Üýşülende aýal doganlar bilen.

Nartäç Ýusupdurdyýewa

Edebiýat, loveee_@ tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir