Öýlenýän dostuma maslahat (degişme) dostum, tutýan toýuň bolsun oňuna, Ulaşypsyň, dertleriň iň ýoňuna, Alan ýaryň yssy mähirli bolsun, Sataşmawer, ýürekleriň doňuna! Alan gelniň senden ir turýän bolsun, Ir bilen töwerek süpürilýän bolsun, Gidäýmesin, gepçileriň gepine, Ýagşyny –ýamany saýgarýan bolsun! Myhman gelse gyzartmasyn ýüzüňi, Dost-ýarlaňdan gysganmasyn duzuňy, Erkekligiň mydam ýadyňda bolsun, Kän bir orta atyberme özüňi! Ekiztaý dogandyr Söýgi bilen Bagt, Ötüp dur zamana, geçip dur wagt, Pereçislenýe ýa barter bolmasyn, Galyňyň pulyny berewergin nagyt! Nagt berseň gowy görer gaýynyň, Gün-günden süýjisi artar çaýynyň, Gaýyn ataň, gaýyn eneň mährine- Käte gelniň bilen baryň çoýunyň! Gelniň öýüne gitse gelsin üç günden, Daşda bolsun, şüweleňden göçgünden, Gylyksyzlar bilen ýoldaş bolmasyn, Ýatda sakla! Ot döreýär uçgundan! Daş keşbi däl kalby bolsun owadan, Köpdür gözellik diýip, çorba sowadan, Gelen ýeriň külni atýandan bolsun, Isle şäherden al, isle obadan! Gowulykdyr, kakabaşyň dilegi, Alan gelniň ýogyn bolsun bilegi, Aýdym saza teşne bolsa aýby ýok, Ýöne gybat diňlemesin gulagy!
Degişme aheňinde ýazylan goşgy
-
Bayram-Jm
15 years ago
- Kakabash dost! Özüñ düzen bolsañ baryp ýatan talant ekeniñ. Tüweleme durmushy göz öñüne getiripsiñ. Bashlyklar hakyndaky ýaman gowy bolupdyr. Kerim aganyñ shägirdi bolaýma!:)
-
kakabaş
15 years ago
- Dolanmazmy, gelmezmi.
(Degişme)
Algydar:
-Bir ýyl boldy, wadalaşyp gaýdanňa,
beren pulum dolanmazmy gelmezmi?!
Ökünýärin, pul barlygyn aýdanma,
beren pulum dolanmazmy, gelmezmi
Bergidar:
-Ynsan dünýä görgi üçin gelipdir,
Kim algydar, kim bergidar bolupdyr,
Her wagtyrak ýatladyp dur , gelip dur,
Algydar dost, gyssanmawer, gyssama,
Algydar:
-alanyňda “bir hepde” diýip alypdyň,
Ýaradany ortamyza salypdyň,
Tüweleme özüň tutup galypsyň,
beren pulum dolanmazmy, gelmezmi?!
Bergidar:
-Dogry bir hepde-de gaýdyp berjekdim,
Ullakan sag bolsun aýdyp berjekdim,
Wah paşmady, arkaýynja ýörjekdim,
Algydar dost, gyssanmawer, gyssama,
Algydar:
-Lebiz bilen jan agyzdan çykýandyr,
Ýalan sözlän öz öýüni ýykýandyr,
Messepsizler telpegine bukýandyr,
beren pulum dolanmazmy, gelmezmi?!
Bergidar:
-Öňkülik ýok ýüzüň reňki öçüpdir,
Menden däl-de, senden ynsap gaçypdyr,
Bary-ýogy birje ýyljyk geçipdir,
Algydar dost, gyssanmawer, gyssama,
Algydar:
-Bir ýyl alyp gitdi ýüzüň yzgaryn,
Hany seniň ynsap bilen ygraryň,
Tiz bermeseň prokurora ylgaryn,
beren pulum dolanmazmy, gelmezmi?!
Bergidar:
Ýa almadym, ýada dil hat bermedim,
Gow-a bordy, prokurora barmasaň,
Eger sözlermi gaty görmeseň
Algydar dost, gyssanmawer, gyssama,
Algydar:
Alyp gidip çagalarmyň nanyny,
Ýitiripsiň, karzdarlaryň sanyny,
Gahar edip, alaýmankam janyňy,
beren pulum dolanmazmy, gelmezmi?!
Bergidar:
Million berdiň, ýüz millionlyk diliň bar,
Bu dünýäde bir başa bir ölüm bar,
Üstesine şerebeli dilim bar,
Algydar dost, gyssanmawer, gyssama,
Algydar:
Dost diýmäge neneň diliň aýlanýar,
Seni gören gaçyp çete saýlanýar,
Çagalaryň ejesi size şaýlanýar,
beren pulum dolanmazmy, gelmezmi?!
Bergidar:
Dost diýmesem adyň ýatdan çykardym
Aýlar günler derýa kimin akyp dur
Ýene bäş algydar gapy kakyp dur,
Algydar dost, gyssanmawer, gyssama,
Algydar:
Bela galdym öz agzymdam dilimden,
Kezzaplyk erbetdir ajy ölümden,
Bu dünýäni terk etmänkäň elimden
beren pulum dolanmazmy, gelmezmi?!
Bergidar:
Puryja ber, synanyşyp göreýin,
Günäkär baryna ýowuz geroin,
Bäş ýüz müňi şu gün, erte bereýin,
Algydar dost, gyssanmawer, gyssama,
Algydar:
kakabaş, müň bir dürli pikirim bar,
wah, nädeýin ýaradana sükrüm bar,
Galanyny o dünýäde berseň bor,
beren pulum dolanmaýar, gelmeýär.
-
kakabaş
15 years ago
- kakabaş: sere gelen setriler.
Maňa bu dünýäde köp zat gerek däl,
Besdir maňa bütin bolsa çöregim.
Haramlykdan gelen şöhrat gerek däl,
Halallyga teşne meniň ýüregim.
***
Şükür dostan doly töwerek-daşlam,
Kimsi klasdaşym, kimsi kursdaşym,
Ýöne goýun bilen gurdy tanaman,
Otuza ýemänkäm çalardy başym.
***
Men-menlikden melal ýagar başyňa,
Pespällikden rysgal geler aşyňa,
Diliň bilen dostdan duşman ýasaman,
Garap sözle töweregňe –daşyňa.
***
Durmuşda hemme zat hasaply bolar,
Kä gün ýeňil, käsi azaply bolar,
Maňlaý derden dörän döwlet yrylmaz,
Bagta ýetilýän ýol güzaply bolar.
***
Terbiýäň ojagy maşgala bolar,
Maşgal ynsana baş gala bolar,
Çagasyn ýaşlykdan ýola salmadyk,
Ulalansoň ile masgara bolar.
***
Pulluka hemmeler sala salardy,
Köpçülik oň daşyn gallap alardy,
Pul bilen wezipe amanat zat-da,
Pul gutardy oňam daşy çolardy.
***
Galyň töläp durmuş gurmak aýyp däl,
Ýöne her bir zadyň bar çeni çaky.
Öňler galyň bir owlakly geçidi,
Indi ýüz geçiden geçdi “süýt haky”
***
Gözeliň gowusy süýji dillidir,
Mylaýym, päkize çeper ellidir,
Köpçülikde özün oňarmaýan gyz,
Agzyndaky sakyjyndan bellidir.
***
Ol şeýle bir eý görerdi başlygyn,
Ýanynda göterip, iýjek aşlygyn,
Günde bir däl, üç ýuwmaga taýýardy-
Eger buýrsa, onuň ýassyk daşlygyn.
***
Şirleriň awudy onuň söýýäni,
Şirleriň awudy-onuň iýýäni,
Şonuň üçin gezdi şir saýasynda,
Şagal bolsa-da ol “sürüp” dünýäni.
Maňa bu dünýäde köp zat gerek däl,
Besdir maňa bütin bolsa çöregim.
Haramlykdan gelen şöhrat gerek däl,
Halallyga teşne meniň ýüregim.
***
Şükür dostan doly töwerek-daşlam,
Kimsi klasdaşym, kimsi kursdaşym,
Ýöne goýun bilen gurdy tanaman,
Otuza ýemänkäm çalardy başym.
***
Men-menlikden melal ýagar başyňa,
Pespällikden rysgal geler aşyňa,
Diliň bilen dostdan duşman ýasaman,
Garap sözle töweregňe –daşyňa.
***
Durmuşda hemme zat hasaply bolar,
Kä gün ýeňil, käsi azaply bolar,
Maňlaý derden dörän döwlet yrylmaz,
Bagta ýetilýän ýol güzaply bolar.
***
Terbiýäň ojagy maşgala bolar,
Maşgal ynsana baş gala bolar,
Çagasyn ýaşlykdan ýola salmadyk,
Ulalansoň ile masgara bolar.
***
Pulluka hemmeler sala salardy,
Köpçülik oň daşyn gallap alardy,
Pul bilen wezipe amanat zat-da,
Pul gutardy oňam daşy çolardy.
***
Galyň töläp durmuş gurmak aýyp däl,
Ýöne her bir zadyň bar çeni çaky.
Öňler galyň bir owlakly geçidi,
Indi ýüz geçiden geçdi “süýt haky”
***
Gözeliň gowusy süýji dillidir,
Mylaýym, päkize çeper ellidir,
Köpçülikde özün oňarmaýan gyz,
Agzyndaky sakyjyndan bellidir.
***
Ol şeýle bir eý görerdi başlygyn,
Ýanynda göterip, iýjek aşlygyn,
Günde bir däl, üç ýuwmaga taýýardy-
Eger buýrsa, onuň ýassyk daşlygyn.
***
Şirleriň awudy onuň söýýäni,
Şirleriň awudy-onuň iýýäni,
Şonuň üçin gezdi şir saýasynda,
Şagal bolsa-da ol “sürüp” dünýäni.
-
kakabaş
15 years ago
- maryly talantly bagşy aman kadyr bir üýşmeleňde ahmet kel diýilýän biriniň dilinden halk arasynda söýülip diňlenýän " akjam" aýdymyny çepbe çöwürip, neşe bilen baglanyşdyryp goşga geçirendigini märekäni güldürip, gürrüň berip şol aýdymy ýerine ýetirýär. ynha şol aýdymyň sözleri:
Azarlap geçirýan gijäň ýaryny,
Özge neşe seniň ýaly däl Akjam -how
Diýýarsiň söýmansiň başga birini.
Seniň ýoluň bu niçiksi ýol Akjam - how
Köp barygaň çekýän däldir özleri
Idemersiň ezip içmeli gyzlary
Men diýýen ýigitleň çökýär dyzlary
Hojalygy derrew edýäň nol Akjam - how
Goç ýigitler bardy maşynly mally
Itde san bar olarda ne san galdy
Daň atandan dört tarapa at saldy
Köwşüm tozjak kakaýmasam nal Akjam -how
Doýan wagtyň gaçmaz agzyňda nasyň
Ýok wagty ýygyrylyp bolýaň bir gysym
Syryp ýüzden hemme zadyň perdesin
Edip goýdyň ne adam, ne mal Akjam - ow
göräýmäge degişme ýaly emma bu mesele jemgyýetimiziň agyr derdi.şonuň üçin bu ýagdaý köpçülikleýin göreşilmeli we näletlenmeli ýagdaý. soňky wagtda bu meselä döwlet derejesinde aýgytly işler alynyp barylýar.muňa herbir raýat öz göşandyny goşmaly.hormatly prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, her bir türkmen milletimiziň genefondunuň arassalygyny goramaly.
-
bond
15 years ago
- bet goshgulan bar eken.
-
kelle agyry
15 years ago
- yanynda bir cemadan kitabam barda
-
halk
15 years ago
- shahyr shahyrlygyn cyn bolyan bolsa
yanyp sonup yene yanyp sonup git
-
bond
15 years ago
- kitapdan gochurup shunchasyny erinman yazan bolsada gaty kynow onam pikir et.
-
kelle agyry
15 years ago
- ozune 6ahyr diydirjek bolup hemme zdam eder
-
bond
15 years ago
- kelle agry sen men mundan bir ay onki pikirlerimde yazyan ,men yazyan sozlerime menzesh shon u/n kopusi sa men diyip pikir edyarler.
-
halk
15 years ago
- bond ol kelleagyry dal ic agyry
-
kelle agyry
15 years ago
- halk yzyny gysyp otur
-
halk
15 years ago
- gaharjygyn barow sen
-
kelle agyry
15 years ago
- bond dost hany senem bir go6gujyk yazaysan
-
kakabaş
15 years ago
- kelle agyry, seniň üçin.
kakabaşym kakabaş,
miltiň bolsa ýakalaş,
kakabaşym, bu başym,
çalyşmaryn başabaş.
-
kelle agyry
15 years ago
- milletin name dost?
-
kakabaş
15 years ago
- kelle agra.
talyplar bizar senden,
kelle agry, kelle agry.
azar çekýär derdiňden,
kelle agry, kelle agry.
talyplar saýtyna gelen,
ýazgy ýazsa rahat bilen,
dört bäş gündür hemra bolan,
kelle agry, kelle agry.
lukman tapmaz seň emiňi,
nätse bolar bu demiňi,
talyplar tapyň çemini,
kelle agryň, kelle agryň.
-
kelle agyry
15 years ago
- daaaaa6 dost sagja bol indi men sana duzeyin son okap bererin yekelikde senin go6gyny
-
kakabaş
15 years ago
- kelle agry, maňa soraýan bolsaň, milletim türkmen. näme sebäpden soradyň?
kakabaş adymy geň gördüňmi. kakabaş türkmeniň aýratyn hasiýeti bolany üçin özüme mahlas(tahallus)ýagny lakam edip aldym.onuň manysy: dikdüşdi,özdiýenli,boýunegmezek, gyňyr.
-
Bayram-Jm
15 years ago
- Kakabash dost! Meniñ üçinem bir goshgujyk ýazaýsañ!
-
kakabaş
15 years ago
- Aýdyşyk
(degişme)
Oglan-
-göz astyndan ogryn-ogryn garan gyz,
Bir bakyşda ýüregme ýaran gyz,
Şemal oýnap zülpleriňi daran gyz,
Agşamara duşuşyga geläý gyz,
Durmuşda arzuwlan ýarym bolaý gyz!
Gyz-
-Göz astyndan ogryn-ogryn bakmanam,
Suw bolamda saňa tarap akmanam,
Gün batansoň asla öýden çykmanam,
Özüň gödek, sözleriň bijaý oglan,
Özge ýerden gözlegin sen, taý oglan.
-Sen isleseň herne barym bereýin,
Ýoluňa pul seçip, gujak gereýin,
Seniň bilen baky döwran süreýin,
Çyn ýürekden söýýänimi biläý gyz,
Durmuşda arzuwlan ýarym bolaý gyz!
-Herne baryň kime berseň şoňa ber,
Gujagyny kime gerseň şoňa ger,
Saňa baranymdan çeksin gara ýer,
Kiseleri puldan doly baý oglan,
Özge ýerden gözlegin sen, taý oglan.
-Biraz ýumşa gözel, diňläp sözlerim,
Ýoluňda intizar gara gözlerim,
Seni görmän bir gün rahat gezmerin,
duşuşmaga howlyňyza salaý gyz,
Durmuşda arzuwlan ýarym bolaý gyz!
-Gaçyp dur agzyňdan diýjek sözleriň,
Agyp-dönüp bizar edýär gözleriň,
Seniň ýala basan yzlam dözmerin,
Ýüzi büdür südür gaşy ýaý oglan,
Özge ýerden gözlegin sen, taý oglan.
-Seniň köňül islän zadyň tapaýyn,
Dubaý bilen Hindistana çapaýyn,
Hossarlaňa gat-gat serpaý ýapaýyn,
Gaşyň çytman bir ýylgyraý, güläý gyz,
Durmuşda arzuwlan ýarym bolaý gyz!
-Dogrudanam islän zadam taparmyň,
Meniň üçin çar tarapa çaparmyň,
“Ýap” diýenme sowgat-serpaý ýaparmyň?!
Sözleri bir hili göwne jaý oglan
Ýa bolaýsammykam saňa taý oglan!
-Aýdan zatlaň barysyny bitirjek,
Suwuňam guýudan özüm getirjek,
“Git” diýýänçäň gapdalyňda oturjak,
Seni ynjytmaryn sözüm alaý gyz,
Durmuşda arzuwlan ýarym bolaý gyz!
-Tabşyran işlerimiň baryn bitirseň
Işjek suwumam özüň getirseň,
“Tur” diýýänçäm gapdalymda otursaň,
Sen Taňrydan maňa gelen paý oglan,
Armanym ýok, bolsam saňa taý oglan!
-
garabekewul
15 years ago
kakabaş |
dost sagjabol gaty gowy goshgylaryn bar!! galamynyn ujy yiti bolsun!
yazyp-pozyan weli biraz dertdesh ekenik:)
habrlashyp bilerismi senin(sizin) bilen!?
-
Bayram-Jm
15 years ago
- Sagja bola kakabash. Sen okaýañmy? Ýa ishleýäñ? Köp temalara jogap goshgy görnüshinde ýazyber. Sen muny basharýañ!
-
kakabaş
15 years ago
- Bayram-Jm, seniň üçin.
okuwda üstünlik, maksadyň aýdyň,
hormat bilen deň-duşlara nur çaýgyn,
hemişe özüňi ýagşa ýar saýgyn
baýram juma, ine saňa bir goşgy.
Dag bezegi duman bolar,gar bolar
Bag bezegi alma bolar, nar bolar,
Il göwnünden turýan ýigit zor bolar,
baýram juma, ine saňa bir goşgy.
kakabaş, baýrama ýadygär sözüm,
Sarpala Watanyň mukaddes duzun,
mydam pespällikde aldyrgyn özüň,
baýram juma, ine saňa bir goşgy.
-
Bayram-Jm
15 years ago
- Saagjaaa bolaa! Kakabash meniñ ömrümde birinji gezek maña goshgy düzdüler. Men begenjimden aglaryn häzir. Sagja bol dost. Soñky demime çenli ýadymdan çykmarsyñ. Sen bilen habarlashyp bolmazmy? Meniñ adresim bjumayew@gmail.com
-
Bayram-Jm
15 years ago
- Saagjaaa bolaa! Kakabash meniñ ömrümde birinji gezek maña goshgy düzdüler. Men begenjimden aglaryn häzir. Sagja bol dost. Soñky demime çenli ýadymdan çykmarsyñ. Sen bilen habarlashyp bolmazmy? Meniñ adresim bjumayew@gmail.com
-
Yagmyr
15 years ago
- Bayram-jm dost, serpayyn gutly bolsun! Bize-de nesip etsin...
-
Bayram-Jm
15 years ago
- Ýagmyr! Türkmenistanda sheýle talantlaryñ bardygy begendirýän zat. Kakabash dostumyzam goshgular kitabyny ýazsa gowy boljak eken. Ellerine saglyk dileýän.
-
kakabaş
15 years ago
- minnetdarlyk sözi sada bolarmyş diýilýar.şonuň üçin oglanlar meniň adyma aýdan ýagşy sözleriňiz üçin, oňat arzuwlaryňyz üçin hemmäňize özümiň sadaja minnetdarlygymy bildirýän.
ýokarda "kelle agry" üçin ýazan şu goşgym maňa degişli däl.
"kakabaşym kakabaş,
miltiň bolsa ýakalaş,
kakabaşym, bu başym,
çalyşmaryn başabaş."
bu bapba şahyryňky. ony adym bilen baglanyşykly bolany üçin mysal höküminde ýazdym.
sag boluň.
-
Bayram-Jm
15 years ago
- Kim goshgy bilyan bolsa arkayyn yazyberin. Dine oz duzenin bolmalydyr.
-
kelle agyry
15 years ago
- bayram-jm dost name yokordaky yazanlar ozleri duzendir oytyanmi go6gyny
-
bond
15 years ago
- kakabash basyber arkayyn.
-
Bayram-Jm
15 years ago
bayram-jm dost name yokordaky yazanlar ozleri duzendir oytyanmi go6gyny
kelle agyry | 2009-01-21 04:19:12
Elbetde ozi duzendir
-
ýadan.
15 years ago
- eger kimde pyhy taganyň goşgularyndan bar bolsa şu ýere goýmagyny haýyş edýän.
-
kaya tm
15 years ago
- kakabaş berekella!!!
yazypdur!
-
halk
15 years ago
- OTLY GELYA DIYYYA GYRGYZYSTANDAN GAZAGYSTANA
GYRGYZ GAZAK ,GYRGYZ GAZAK,GYRGYZ GAZAK,OZBEGISTANA GECIP TORMOZ BERYAR DIYYA UZBEEEEEEEEEEEEEEEEEEEEEEEEEEEEK
-
yadan
15 years ago
- pyhy aganyň esasanam "garrapsyň" diýýär goşgusyny bilýän barmy.
ol goşgynyň bir bendi şeýleräk bolmaly:
iki otuzjyk ýaşym bar
öýlenmäge men taýýar
sona diýen bir haýýar
şolam garrapsyň diýýär.
dolulygyna bilýan bolsa gaýrat edip ýazaweriň.
kakabaş 15 years ago- Käbir başlyklaryň bolasy şeýle.
(degişme)
“Başlyk menden ýüzün sowdy” diýmäňler,
Käbir başlyklaryň bolasy şeýle.
“Arzymy diňlemän kowdy” diýmäňler,
Käbir başlyklaryň bolasy şeýle.
Eý görerler peşgeş bilen parany,
Taparlar özlerine meňzeş ýarany,
“Ak” diýip apalarlar “garany”,
Käbir başlyklaryň bolasy şeýle.
Özünden “pes” bolsaň “aşak basarlar”,
Bir dileg dileseň ýüzün asarlar,
Geçse-de aradan ýyllar, pasyllar,
Käbir başlyklaryň bolasy şeýle.
“Dawaý-dawaý” bolar söýýän sözleri,
Gyzyl hişdiň, lopuş-lopuş ýüzleri,
Doýsa-da garyny, doýmaz gözleri,
Käbir başlyklaryň bolasy şeýle.
Süýji söz ýerine pürker ajysyn,
Orunbasar bellär ýanna bajasyn,
Unutmazlar gaýynlarnyň hijisin,
Käbir başlyklaryň bolasy şeýle.
Işgärlerne haýbat atar, eseler,
Şeýle ýolbaşçydan hemme kösener,
Özünden rüsteme düşse peseler,
Käbir başlyklaryň bolasy şeýle.
Her ogluna peşgeş eder bir maşyn,
Haramdan mal toplap, agyrtman başyn,
Äsgermez kanuny, töwerek daşyn,
Käbir başlyklaryň bolasy şeýle.