Günlerde bir gün harplar üýşüp, özara jedele giripdirler. Olaryň hersi özüni iň gerekli harpdyryn öýdüp, döşüne kakyp öwnüpdir.
— Araňyzda iň ulyňyz mendirin! — diýip, «A» harpy magtanyp, orta çykypdyr.
— Çünki men ilkinji bolup dünýä indim. Beýlekilerem ondan kem galmandyrlar-da: «Men-de, men!» bolşup, ýerli-ýerden galmagal turzupdyrlar. Birdenem bir ýerden Nokat peýda bolupdyr-da: «Hany duruň bakaly, biderek jedeliňizi bes ediň!» diýip, hatarlanyşyp duran bir topar harpa ýüzlenipdir. «Ýeri näme?!» diýşip, harplar oňa geň galşyp seredipdirler. Ol: «Eger baryňyz bir bolsaňyz, başarmajak işiňiz bolmaz» diýipdir. Bu bolsa olaryň özlerem haýran galyşyp: «Dogrudanam, biziň hemmämiz bir dogan ýaly agzybir bolsak, islendik sözi ýazyp biljek ekenik! Islendik küti-küti kitaplaram biziň kömegimiz bilen ýazylýar. Her birimiz öz ornumyzda gerekli. Biziň bar güýjümiz agzybirlikde ekeni» diýşipdirler. «Ine, siz öz jedeliňizi özüňiz çözdüňiz. Men bolsa ony nokat goýup jemleýärin» diýip, Nokat begençli ýylgyrypdyr.
Eziz Ykbal.
Dogan harplar
-
Gray_wolf
3 years ago
- +++)) Ñ harpy kemsinyandiray, ñ harpa bashlayan soz yoklugyna
-
Korolewa
3 years ago
- Gray_wolf, ))
-
yashalym
3 years ago
- Turkmen dilinde haysy harp bilen gutaryan soz yok@zolushka
-
Korolewa
3 years ago
- @Zolushka b,d harplary?
Hercai 3 years ago- ++++++