Mynasypmy? Barladyk! 2
-Ýokla, aýdýanyňyz näme!? Meň ýerime sizem şeýle ederdiňiz!? Ýada etmezdiňiz sebäbi siz gyz! Ine geliň geçiň! - diýip Umyt gyzyň ýatmaly ýerini görkezdi. Agşam-ara gyz, oglanyň özüne ýakynlamagyndan howatyrlanyp uka gitdi. Gyz uklanyndan soň, beýle az wagtda şeýle gowy arassalanyp, üsdi-başyny arassalap, özüne timar berip ýetişişine Umyt haýran galyp pikirlendi. Bu gyz şeýle çalasyn eken. Gelende üsdi görerýalydäl, inni bolsa toýa ugradybermeli. Özühem sanaýmalyja minut bolandyr. Geň. Umyt bolsa ýene adatdakylarýaly kitaplaryna güýmendi. Şeýdip daňam atdy. Uklamalydäldigini bilsede, sagat 7:00-da çala irkilen Umyt birden tisginip oýandy. Ukudan açylmanka hopugup daş-töweregine garanjaklady. Komnatda özünden başga hiçkim ýoklugyny görüp, ýigit çaltlyk bilen gyzy gözledi. Emma gyzhem, düýnki güjük Baddi hem ýim-ýitirim bolupdurlar. Umyt çaltlyk bilen dükany barlaşdyrdy. Ogurlanan zatlar barmy? Satlyk zatlar ýerbe-ýermi. Ellenen zatlar!? Hemmezat ýerbe-ýer. Has dogrysy magazindan gyl hem ellenmändir. Uludan dem alyp üstünden agyr ýük aýrylanýaly ýeňlän Umyt heziller etdi. Magaziniň eýesi geleninden soň, oňa magazini tabşyryp öýlerine begenip gaýdan Umyt, inni berkräk bolmagy öz-özüne berk tabşyrdy. Öýlerine gelip öý işlerine gümra boldy. Gyzyň keşbi weli ýigidiň göz oňünden gitmän ýene-ýene janlandy durdy. Hm, Umytda nämçündir, agşama ýetmäge howlukmaçlygam döredi. Şeýdip ýene agşam, işe gelip, magaziniň içinde gözegçiligini dowam etdi. Düýnki ýagdaýdan gözi gorkan ýigit bugün hüşgärligini güýçlendirip, kitaplary hem soňa goýup magaziniň içine aýlanmaga başlady. Sagat agşam 12 töweregi. Magaziniň bir buky hem garaňky çüňkinden nähilidir bir üýtgeşik sesler gelýär. Umyt şol tarapa ýöneldi. Birden garaňkylykdan "wof" edip Baddi çykdy. Zähresi ýarylan Umyt gorkusyna towşan ýaly yza böküp ýykyldy. Baddi bolsa ýagdaýy duýanýaly baryp Umydyň ýüzüni ýalady. Umydyň göwnüne bolmasa Baddi ýylgyrýanýaly, heh, Umydyň bu boluşuny başga bir adam gören bolsaha ýykylyp gülerdi. Megerem Baddi güjük bolany sebäpli ýykylyp gülmän çala ýylgyraýýandyr. Öz boluşuna özühem gülüp hezil eden Umyt öz garawul komnatyna baryp bir stakan suw içip özüne geldi. Şomahal ýene magaziniň gapysy kakyldy. Umyt Baddini alyp gapa baryp görse ýene düýnki gyz, ýylgyryp el galgadyp dur. Umyt näme pikir etjegini bilmän ýene gapyny açyp ýylgyryp:
-Salam
+Salam, gowmusyňyz!? Düýnki duýdansyz gidenim üçin ötünç soraýaryn! Siz uklapdyňyz, a men bolsa siziň süýji ukyňyzy bozasym gelmedi. Ýene meni kabul edeniňiz üçin, sagbolsun aýtmak üçn geldim. Hehe minnetdarlyk üçin ýatlama sowgatjyga almadym, aýýý men studentda, onsaň studentdan artýan zat ýok. Iýýänimizem lapşa! - diýip gyz dogrusyndan gelip güldi. Gyzyň gönümelligine, dogruçyllygyna Umydam begendi hem olam gülkä goşuldy. Gyz ýene:
-Ýeri onda bolýa, sagboluň. Hoş! - diýip gyz ýylgyryp yzyna öwrülip ýöräp Umytdan daşlaşyp başlanda, Umyt özüniň sypaýçylygyny bildirmek üçin gyza:
-Aaaa belki bir çaşka kofýa!? - diýip ýylgyrdy. Geň göräýmeli gyz hem gülüp:
-Howwa eger garşy bolmasaňyz!? - diýip yzyna owrüldi. Gyz magazina girip gapyň ýanynda Umyt ýene gapyny gulplaýança garaşdy. Umyt gapyny gulplap bolandan soň ýene bile ýöräp gözegçi jaýa ugradylar. Belki ýönekeýje bir kofýa...

2-nji bölümiň soňy.

Awtory: IDEALLIDER. Şu makalany awtoryň razylygyny almazdan, başga ýerde paýlaşmak gadagan edilýär.

Edebiýat, IDEALLIDER2 tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir