Dertsiz adam ýok. Durmuşda haýsy adamy tutyp sorasaň, özüne ýetesije problemalary bardyr…Durmuş-bu okuw…Her bir adamyň agyr/ýeňil synaglara sezewar edilip güýçliniň we ejiziň, merdiň we namardyň…aýyl-saýyl edilýän okuwy, ýetmiş köz bolup ýetmiş buz bolunýan iň soňunda hak adam bolunýan okuw. Durmuş okuwynyň kada-kanunlary anyk bellenilgi kitaby bar, dos-dogry ýol bilen ýöremegiňe öňderlik edip biljek mugallymlary bar. We bu kitap hem-de mugallymlaryň sözüni ýol edinýänler her synagdan üstünlikli geçýärler, emma welin öz akylyna öz güýjine göwniýetijilik bilen baglanyp hereket edýänler durmuşyň synagly ahwalatlaryny bir söweş özlerini bolsa bir gaýduwsyz esger hökminde görýäler. Gelip-geçýän her sortdan gaýduwsyzlary görýändiris, aňyrsy 20-40 ýyldan soň “men utuldym, men ýeňildim” sözlerine şaýat bolýarys, ýa-da derdini içine gömüp mertliklerini saklamaga çalyşýanlary görýäris. Netijede durmuş okuwyny kadasyna görä ýaşaman ony bir söweş meýdany hökmünde kabul edýänler tiz hatardan çykýalar. Durmuşyň synagly ýagdaýlaryna garşy mertlik görkezişler şahsyýetlere görä üýtgeýär. Käbiri durmuşyň kitap we mugallymlarynyň ýolundan çykman sabyr bilen netijä garaşýarlar. Käbiri manysyna düşünmän mert boljak bolup içine salyp gysga wagtda aradan çykýalar. Käbiri “içim ýansyn, ýöne hiç kim bilmesin” diýip başardygyndan gülüp, gohlap şadyýan bolmaga çalyşýar. köp gülmek, howaýy gürläp şama-şaýyrdy emele getirmek..eýsem bulam bir mertligiň görnüşimikän, ýa-da hakykatda mertligiňi saklajak bolmagyň iň ejiz ýolymykan?! Pygamberimiz (s.a.w) “köp gülmek kalby öldürer” diýýär. Içindäki hasraty diňişdirmek üçin özüni şadyýan görkezmäge çalyşýanlar her ýerliksiz gülkisi we ýerliksiz şorta sözleri bilen kem-kemden özüni zäherleýändiginden habary ýok. Hasrat artykmaç-ýerliksiz gülkiler bilen diňmez, ony diňe aňyňdan ýüregiňe uzanýan sessiz sabyr tolkunlary diňdirer.

Köneler, agayunus tarapyndan 10 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir