Ýazgynyň adyny okap belkem näme diýjek bolýaraý diýeniňíz bolar. Başga dürli edip aýdyp bilmedim. erkeklik/ýüreklilik/batyrlyk sözüni iňlis dilindäki courage sözüniň ýerine ulandym. Başga ýadyma düşmedi. Sosial batyrlyk näme? Sosial batyrlyk köpçülügiň öňünde 1 gram hem utanman, çekinmän aýtjagyňy aýdyp diýjegiňi diýip bilmek. Bu gynansagam türkmen oglan-gyzlarynda uly kemçilik (meniňçe). Men şeýle gördüm köp kişide. Meniň özümem şu temada durmuşda köp kynçylyk çekdim. Mysal üçin uniwersitetde käbir sapaklar prezentasiýa etmeli bolýady ilk gelen ýyllarym, bir giden uly anfide men köpçülügüň öňüne çykyp öz bilýän zatlarymy aýdyp bermäne utanýadym we şol sapakdan pesräk almaly bolýadym. Ýöne kursdaşlarymyň köpüsi çykyp jatyr jatyr gürläp gaýdýadylar. Näme üçin men edip oňaramokdym? Munyň köp sebäbi bar. İlki bilen maşgalada başlaýa. Bizde maşgala terbiýesi adamy göwniçökgün edip taşlaýa durmuşyň ilk basgançaklarynda. Enem atam okanam bolsa bilmeseler peýdasy ýok. \"Seret iliň çagasy nähili, birem saňa seret. İliň çagasy ot ýalyjak.\" diýip köp aýdýadylar :). Şu sözleri şonuň üçin men köp ulanýan prikol tutamda. Şu biderek sözleriň ýerine maňa tersine \"Sen ähli işleri arkaýyn başararsyň\" ýaly motivatsiýa beriji sözler aýtsalardy başgaça ýetişerdim öýtýän men. Maňa bir zady başarmanymda \"Oglum gysynma bu gezek bolmady indiki gezek başararsyň\" diýip höwes bermegiň ýerine iliň çagasyny öwüp meniň ruhy güyjümi öldürüp taşladylar. Men bu zatlary ulalamda öwrendim. 2-3 ýyldan bäri sosial batyrlygymy artdyrdym. Guýma gursak bolmasa-da dürtme gursak eýledim. Adam durmuşa ýeňilip ýeňilip gowy öwrenýä beýle zatlary. Hiçden giç ýagşy ... Bu zatlar köp türkmen maşgalasynda şeýle. Biziň halkymyz şeýle ýönekeý görünen zatlara hiç üns bermeýä. Esasanam kiçiräk ýerlerde ýaşaýan orta gurply maşgalalarda. Elbetde gowy ýetişdirilen türkmenlerem köp gördüm. Olar az bolsa-da ýok däl. Size maslahatym maşgala bolanyňyzda şu ýönekeý ýaly görünen zatlara gowy üns beriň!! Eger sizde şeýle utanjaklyk diýjegimem bilemok kemçilik diýjegimem sosial gorkaklyk diýjegimem bilemok, bar bolsa ony ýeňmäge çalyşyň. Aýagyňa köp ýerde böwet bolýa. Belki söýgüde-de :)

Köneler, shahyr tarapyndan 16 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir